Jan 31, 2026 09:55 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1064, süre Ynsan, aýat 23-31

bölüm 1064, süre Ynsan, aýat 23-31

راهی بسوی نور (1064)

Ynsan süresi, 23, 24, 25 we 26-njy aýatlar :

إِنَّا نَحْنُ نَزَّلْنَا عَلَيْكَ الْقُرْآنَ تَنزِيلاً (23) فَاصْبِرْ لِحُكْمِ رَبِّكَ وَلَا تُطِعْ مِنْهُمْ آثِماً أَوْ كَفُوراً (24) وَاذْكُرِ اسْمَ رَبِّكَ بُكْرَةً وَأَصِيلاً (25)‏ وَمِنَ اللَّيْلِ فَاسْجُدْ لَهُ وَسَبِّحْهُ لَيْلاً طَوِيلاً (26)

<< dogrudan-da biz gurhany saňa ýuwaş-ýuwaşdan inderdik // onda perwerdigäriň permanynyň garşysynda sabyrly bol we olardan günäkärlere we näşükürlere eýerme // we ertirlerine we agşamlaryna perwerdigäriň adyny ýatla // we gijäň bir bölümini onuň üçin sejde et we gijäniň uzaklygynda oňa täsbih aýt. >>

Bu süräniň ozalky aýatlarynda , behiştiň nygmatlaryna we behiştileriň rahatlyklaryna we olaryň nähili garşy alynmaklaryna yşarat boldy. Bu aýatlar , ylahy hidaýat sünnetini nygtap şeýle diýýär: perwerdigär ynsany bu dünýede öz halyna goýberen däldir eýsem onuň hidaýat bolmagy üçin pygamberleri ýollap olary wähi sargytlaryny ilata ýetirmeklige borçly edendir şol pygamberleriň soňkysy hem hezreti muhammet (s)dyr gurhan aýatlary ýuwaş ýuwaşdan ol hezrete inendir we ol hezretleri hem asta ýuwaş emma dowamly we yzy giderli suratda iýlaty hidaýat etmek işine meşgul bolandyr. Elbet elmydam pygamberleriň şol sanda yslam pygamberiniň garşysynda güýiçli garşylar we jedelkeş duşmanlar hem bolandyr pygamberler hem olaryň gaşysynda dudrum görkezip sabyrly bolmak bilen öz pygamberçilik tekliplerini ýerine ýetirmek ugurda talaş edendirler. Olar ýollarynda bar bolan duşmanlaryň howplaryndan we döredýän kynçylyklaryndan gorkmany öz işlerini dowamly suratda yzarlandyrlar.duşmanlar hem iman ählini we pygamberleri gynap olara yza ezýet bermekden numyt bolanlary soň oňşurnukly ýollardan peýdalanyp kä bir hödürleri öňe surmek bilen olary ýollaryndan dänderjek bolup talaş edýärdiler. Emma ne pygamberler nede pygamberlere ederen adamlar dini işlerde oňuşmaklyga taýyn bolmazdylar . şeýle bir kynçylyklaryň garşysynda sabyrly bolup durum görkezmek aňsat bolmansaň aýatlaryň dowamy imany guwatlandyrýan ýollary beýan edip şeýle diýýär : ynsan yzy giderli we gije-gündiziň boýunda älem-jahanyň perwerdigärine üns bermelidir we bütin ýagdaýlarda hasda namaz wagytlarynda hudaýyň ýady we zikri bilen bolup ruhyny guwatlandyrmak ugurda talaş etmelidir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- imanly bolmak ýeterlik däldir kyn ýagdaýlarda imany goramak üçin sabyrly bolmak hem gereklidir.

2- gyşarnyga duş bolan adamlar, şeýtany waswasalar we tamakynlandyrmak arkaly , iman ählini aldapda olary maddy gözüllikler arkaly özlerine tarap çekmek üçin ýada olary gorkyzmak üçin talaş edýärler .

3- bu dünýede bar bolan kynçylyklaryň garşysynda ynsany kuwwatly we çydamly edýän zat , namaz okamak we gije-gündiz hudaýyň ýadynda bolup onuň zikrini aýtmaklykdyr.

Ynsan süresi, 27, 28, 29, 30 we 31-nji aýatlar :

إِنَّ هَؤُلَاء يُحِبُّونَ الْعَاجِلَةَ وَيَذَرُونَ وَرَاءهُمْ يَوْماً ثَقِيلاً (27) نَحْنُ خَلَقْنَاهُمْ وَشَدَدْنَا أَسْرَهُمْ وَإِذَا شِئْنَا بَدَّلْنَا أَمْثَالَهُمْ تَبْدِيلاً (28) إِنَّ هَذِهِ تَذْكِرَةٌ فَمَن شَاء اتَّخَذَ إِلَى رَبِّهِ سَبِيلاً (29) وَمَا تَشَاؤُونَ إِلَّا أَن يَشَاءَ اللَّهُ إِنَّ اللَّهَ كَانَ عَلِيماً حَكِيماً (30) يُدْخِلُ مَن يَشَاءُ فِي رَحْمَتِهِ وَالظَّالِمِينَ أَعَدَّ لَهُمْ عَذَاباً أَلِيماً (31)

<< bular, çalyt geçip barýan dünýäni gowy gürýärler we kýamatly günlerini gaflat-da geçirýärler // bizdiris olary ýaradan we sünklerini bir- birine çatyp mäkäm eden we islesek olary kişileri öňki halyna öwirip biljek. // bu aýatlar, perwerigärine tarap gitjek adamlara ýol görkezer ýaly öwüt- nesihatdyr. // we alla bir zady islemese siz ony islemersiňiz dogurdan-da alla bilimli we hekimdir // ol, her kimi islese öz rahmatyna duş edir we sütemkärler üçin güýçli azaby taýýarlap goýandyr. >>

Geçen aýatlarda , münkirlerden we kapyrlardan gürrüň boldy olar iman ähli bolan adamlary tamakinlendirmek ýada olary gorkyzmak bilen hudaýyň sargydynyň ilata ýetmeginiň öňüni almak ugurda talaş edýärdiler. Bu aýatlarda şeýle getirilýär: Bu hili adamlar öz dünýedäki maddy nepleri üçin talaş edýärler. Olar ilatyň iman getirmegi bilen öz neplerine ýetmekden galar mykam diýip gorkýandyrlar. Elbet şeýle bir dünýeparaz ynsanlar diňe öz nebs isleglerine, iýip içmeklerine we maddy lezzetlerine oýlanýandyklary belli bir zat. olar eger dünýede öz maddy neplerine ýetselerde bu mesele olara gysga we geler-geçer boljakdyr. Bu gapyl adamlar ölüpde ahyret dünýe göterilmek bilen agyr we kyn günleri tejribe etjekdiklerini bilmeýärler. sebäbi olar hakyň sargydyny ilata ýetirmek ýoluny baglandyrlar. Olar mydama diri galyp dünýedäki lezzetlerden paýly bolarlar mykam diýip guman edýärler. Emma hakykatda olaryň ölümi we ýaşaýyşlary hudaýyň erkindedir . hudaý olary ýaradyp olara güýç berendir we her haçan yrada etse ony ýok edip olaryň ýerini başga ýaradan zatlary bilen dolduryp biljekdir. bu süräniň söňünda bolan aýatlarda şeýle gelýär : gurhanyň aýatlary duýduryş berip oýandyrmak üçindir. Şeýdip hem hak talap ilaty dogryny nä-dogrydan saýgaryp başarmak üçin goldaýandyr . elbetde hiç bir kimse alla tagalanyň yradasyndan we häkemiýetinden daşarda däldir we ol öz ylmy , hikmeti we adalaty esasynda bendeleri bilen çykyş edýändir. Hidaýat bolan ynsanlar allanyň rahmatyna gabat gelip zalymlar hem agyr jezalara giriftar boljakdyrlar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- zulum we kapyrçylyk,  ynsanlaryň , milletleriň we medeniýetleriň ýok olup aradan gitmeklerine sebäp bolýandyr.

2- biz elmydama ýer ýüzünde galarys mykam diýip guman etmeli däldiris eýsem bizi bu dünýä getiren hudaý bir gün hem bu jahandan äkitjekdir we hiç kim onuň gudratynyň gaşysynda durup başarjak däldir.

3- gurhan , hudaýyň bütin ynsanlara bolan hüjjetidir we pygamber mejbur etmäni ilaty aýdyň hakykatlara tarap çagyrýandyr.

4- perwerdigäriň islegi we yradasy ynsanyň yradasyndan ýokarda durýandyr . elbet bu mesele ynsanyň ygtýarynyň alynmagy manasynda däldir. Sebäbi perwerdigäriň yradasy , ynsanyň erk- ygtyýaryna ters däldir, ýene bir ybaratda ynsan bir zady islese eger hudaýyň islegi hem şol bolsa durmuşa geçýändir.

////////////

Ynsan süresiniň soňy