Jan 31, 2026 10:01 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1065, süre Mursälät , aýat 1-14

bölüm 1065, süre Mursälät , aýat 1-14

راهی بسوی نور (1065)

Mursälät süresi

Mursälät süresi 50 aýatdan ybarat bolup Mekgede inendir. bu süre allanyň tarapyndan durly işlere buýrukly bolan perişdeleriň atlaryna ant içmek bilen başlanylandyr bu sürede "şol günde tekzip edijilere waý bolsun" diýen aýat 10 gaýtar gaýtalanandyr we hudaý we kyýamaty inkär edýänlere duýduryş berilendir.

Mursälät süresi, 1, 2, 3, 4, 5, 6 we 7-nji aýatlar:

وَالْمُرْسَلَاتِ عُرْفاً (1) فَالْعَاصِفَاتِ عَصْفاً (2) وَالنَّاشِرَاتِ نَشْراً (3) فَالْفَارِقَاتِ فَرْقاً (4) فَالْمُلْقِيَاتِ ذِكْراً (5) عُذْراً أَوْ نُذْراً (6) إِنَّمَا تُوعَدُونَ لَوَاقِعٌ (7)

<< yzyly yzyna ýollanýan närselere ant bolsu // olar tüweleý ýaly çalyt hereket edýändirler // ant bolsun ýaýradýan ýaýradyjylara // hak bilen batyly jyda edijilere ant // allanyň aýatlaryny (pygamberleriň) gursaklaryna goýýan (perişdelere) ant // hüşgärlik üçin ýada duýduryş üçin // şeksiz wada berilen zat ýüze çykjakdyr. >>

Elmydam kä ynsanlaryň arasynda şek şübheli meseleleriň birisi-de kyýamatyň dikelmek meselesi bolupdyr. Gurhanyň durly aýatlarynda dünýede bar bolan ýaşaýyşy we ölümiň dürli görnüşleri beýan edilip perwerdigäriň kyýamaty dikeltmegi hakda ylym we başarjaňlygyna delil getirlendir. Ylahy düzgünde perişdeler barlyk düzgüniň buýrukçylarydyrlar we perwerdigär olar arkaly äleme degişli işleri indi ýaradylmyş we kämilleşdiriş düzgün bolsun ýada ynsanlary hidaýat etmek ýada şerigat düzgüni bolsun parh etmeýär hemmesini dolandyrýandyr. Bu aýatlar wähi sargytlaryny pygamberlere ýetirmekde teklipli bolup her hili ýalňyş we unudylmak häsiýetlerden daş bolan perişdelere yşarat edip şeýle permaýyş edýär: kyýamatyň ýüze çykmagy hakda bolan ylahy wada berk we hömanydyr we her haçan hudaý islese ýüze çykjakdyr. Yzy giderli wähi arkaly aýatlary pygamberler ýetirmek ugurda buýrukly bolup ýel ýaly hereketde bolan perişdeler bardyr. käler hem asmanlyk kitabyň aýatlaryny pygamderlere ýaýradyp neşir berýändir we şeýlelik bilen haky batyldan aýry edip, şol ylahy aýatlar bolan hudaýyň zikrini pygamberlere inderýärler. Soň pygamberler öz borçlary esasyna ylahy wähini ynsanlara ýetirýärler şeýlelik bilen hudaýyň hüjjeti ynsanlara tamam bolýar we ondan soň hiç kim "ylahy hidaýat bize ýetmedi" diýip bahana getirip başarjak däldir. şeýlede hidaýatdan paýly bolup hudaýyň permanyndan gaça durýanlara hem bir hili duýduryşdyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- perwerdigär düzgüniň we jahanyň işlerini perişdeler arkaly müdirçilik edýändir we olar barlyk düzgüniň buyrukçylary hökmünde ylahy buýruklary ýerine ýetirmek ugurda yzy giderli talaşdadyrlar.

2- perişdeler wähi arkaly aýatlary pygamberleriň ýüregine goýmaklyga borçlydyrlar. pygamberler hem wähiň sargytlaryny ilata ýetirip olara hüjjeti tamamlamalydyrlar.

3- kyýamatdan gapyl bolamk bütin ynsanlara hatda mömin ilata hem howp awandyrýan hatardyr şol sebäpli perwerdigär ençeme gaýtar bu meseläni ýatlara berip ony nygtandyr.

Mursälät süresi, 8, 9, 10, 11, 12, 13 we 14-nji aýatlar:

فَإِذَا النُّجُومُ طُمِسَتْ (8) وَإِذَا السَّمَاء فُرِجَتْ (9) وَإِذَا الْجِبَالُ نُسِفَتْ (10) وَإِذَا الرُّسُلُ أُقِّتَتْ (11) لِأَيِّ يَوْمٍ أُجِّلَتْ (12) لِيَوْمِ الْفَصْلِ (13) وَمَا أَدْرَاكَ مَا يَوْمُ الْفَصْلِ (14)

<< onda ýyldyzlaryň şol ýok boljak mahaly // we asmanyň böwsüljek mahaly // we daglar ýerden goparlan mahaly // we pygamberler öz ummatlary barada güwälik bermek üçin wada edilen ýere gelen mahaly // haýsy gün üçin wagt bellenipdir? // (hak bilen batylyň) jyda edilýään güni üçin // saýgarylýan günüň haýsy gündigini sen bilmersiň. >>

Bu aýatlar kyýamatyň ýüze çykmagynyň nyşanalaryny beýan edip şeýle pernaýyş edýär : kyýamatyň gopmagyndan öňürti asmanda ýyldyzlar ýok bolup garaňkylyk boljakdyr we göýä asmanlar böwsülip ýerde hem daglar pytrap gitjekdirler. hakykatda bu dünýäniň soňy bir hili howply wakalar bilen hemra bolup dünýäň düzgüni tutuş dargajakdyr we ahyret dünýesi täze düzgün bilen çalyşjakdyr we kyýamat dikeljekdir . aýatlaryň dowamy kyýamat diwanynyň gurulmagyna yşarat edýär . şonda pygamberler taýýar bolup öz ummatlary hakda şaýatlyk berjekdirler bu şaýatlyk şol güne çenli soňra goýlandyr şol günde hak batyldan we ýagşylar hem ýaramaz kişilerden belli edilip jyda boljakdyrlar. Pygamberler hem öz ummaty hakda we olaryň ylahy din we şerigat bilen nähili çemeleşendikleri barada şaýatlyk berjekdirler . aýtmak ýerli dünýäniň düzgüninde ýagşy bilen ýaman ynsanlar birek-biregiň ýanynda we bir içeri maşgalada ýada öride we köpçülikde ýaşaýandyrlar.

Emma kyýamatda häzirki içeri maşgala we susial düzgüni ýok bolup haka eýerýänler batyla uýýanlardan jyda boljakdyrlar hatda eger bir içeri maşgaladan ýada gowumdan ýada ummatdan bolsalarda.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- kyýamatyň düzgüni dünýäniň düzgüni bilen parh edýändir. Jahanyň häzirki düzgüniniň dargamagy we ýer we asmanyň özgermegi bilen kyýamat başlanýandyr.

2- adam ogly tejribe we ylym bilen kyýamaty tanap başarýan däldir kyýamaty tanamagyň ýekeje ýoly ylahy wähidir .

3- pygamberler dünýede ilatyň işlerine güwädirler we olar dünýede şaýat bolan meseleleri hakda ylahy adyl diwanynda şýatlyk berjekdirler.

 

////////////