Jan 31, 2026 10:07 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1066, süre Mursälät , aýat 15-28

bölüm 1066, süre Mursälät , aýat 15-28

راهی بسوی نور (1066)

Mursälät süresi, 15, 16, 17, 18 we 19-njy aýatlar:

وَيْلٌ يَوْمَئِذٍ لِّلْمُكَذِّبِينَ (15) أَلَمْ نُهْلِكِ الْأَوَّلِينَ (16) ثُمَّ نُتْبِعُهُمُ الْآخِرِينَ (17) كَذَلِكَ نَفْعَلُ بِالْمُجْرِمِينَ (18) وَيْلٌ يَوْمَئِذٍ لِّلْمُكَذِّبِينَ (19)‏

<< Şol gün inkär edijileriň güni waýdyr // biz mundan ozal geçenleri (eden inkärçiligi üçin) heläklemedikmi? // onsoň beýlekileri hem (eden inkärçiligi üçin) heläklejekdiris //  biz günäkärler bilen şu hili amal edýändiris // şol gün inkär edijileriň güni waýdyr. >>

Ozalky gepleşikde hem aýdyşymyz ýaly bu sürede "meýlun ýowmähezen lelmukäzzenin" diýmek şol günde waý bolsun tekzip edijilere diýen ybarat 10 gaýtar gaýtalanandyr. Bu iş , kyýamaty inkär edýänlere şeýlede möminlere bir duýduryş bolmak üçindir we olar şu ybaraty güz öňüne alyp dünýedäki ýaşaýyşlarynyň akymlarynda beýleki dünýedäki baky ýazgytlaryndan gapyl bolmaly däldirler we esewan bolmalydyrlar.

Kyýamaty inkär etmek diňe ýürege degişli däldir eýsem onuň tersyn we ýaramaz yzgelimleri bolýandyr. Hakykat şudur welin kyýamaty inkär edýän kişi pysatçylyga giriftar bolup durly günälere baş goşýandyr. Elbet şu hili adamlaryň soňy hem dowzahyň azabyna giriftar bolmakdyr. Emma kyýamata imanly bolmagyň netijesi , takwa , päklik we doguryçylykdyr. Sebäbi imanly we takwa ynsan öz işleriniň garşysynda hudaý ýanynda jogapkär boljakdygyny bilýändir. Gurhanyň terbiýe şiweleriniň biri geçmişdäki kowumlaryň ýazgydyny beýan edip olaryň nähili yzgelimlere gabad gelendiklerini nygtamakdyr. Ad we Sämut kowumlary şeýlede Nuh we Lut pygamberleriň kowumlary her gaýsy asmanlyk ýada ýerden bolan azaplar bilen heläk bolup başga bir kowumlar olaryň ýerine gelendirler . soňralar hem egerde bu kowumlar şol günäkär kişileriň ýoluny yzarlan bolsalar olar hem heläklenendirler . bu ylahy bir sünnetdir we eger köpçülikde zulumdyr günä we pysat ýaýbaňlaşyp ugrasa şol köpçülik ýok olmaklyga tarap hereket etjekdir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- ylahy jezalar diňe ahyrete degişli däldir eýsem kä bir günäler ynsany şu dünýede hem hudaýlykly jezalara giriftar edýändir.

2- ylahy sünnetleri aýak aşaga taşlamak bilen ýok bolup aradan giden medeniýetler we olaryň ýerine başga medeniýetleriň gelendigi taryhda az däldir.

3- dini ynamlary we degerlikleri ýalan bilip tekzyp etmeklik köpçülikde pysadyň ýaýbaňlaşmagyna ýoly tekyzläp şert döredýändir we soňda köpçüligiň dargamagyna sebäp bolýandye.

Mursälät süresi, 20, 21, 22, 23 we 24-nji aýatlar:

أَلَمْ نَخْلُقكُّم مِّن مَّاء مَّهِينٍ (20) فَجَعَلْنَاهُ فِي قَرَارٍ مَّكِينٍ (21) إِلَى قَدَرٍ مَّعْلُومٍ (22) فَقَدَرْنَا فَنِعْمَ الْقَادِرُونَ (23) وَيْلٌ يَوْمَئِذٍ لِّلْمُكَذِّبِينَ (24)

<< megerde biz sizi bir damja porsy suwdan ýaratmadykmy? // Onsoň ony bir mäkäm ýerde (enäň göwreside) jaýlaşdyrdyk // bellije zamana çenli // onda biz oňa ökdedik özi hem gaty ökdedik // onda şol gün inkär edijileriň güni waýdyr. >>

Bu aýatlar ynsanlaryň ünsüni ylahy nygmatlara tarap we hudaýyň gutarnyksyz gudratyny nygtamak üçin ýaradylyş meselesine we adamyň şol deslapky döwürde öz enesiniň göwresinde nähili ulalandygyna tarap çekýär.

Bu aýatlar ynsanlardan şeýle soraýar: siz şu mahala çenli özüň hakda we nähili dünýä inendigiň barada oýlanyp gördiňizmi? Siz gymmatsyz bir damja suw däldiňizmi? Emma allanyň gudraty bilen enäň göwresinde 9 aýlap ösüş tapgyrlaryny başdan geçirip gerek bolan endamlara eýe bolduňyz. Şol sanda göz , gulak , agyz , el , aýak , ýenede , ýürek , bini , öýken we aşgazan ýaly endam agzalardan paýly bolduňyz.

Şu ýerde şu meseläni ýatlamak zerurdyr welin , enäň göwresinde , dogudyň ösüşine we ýaşaýyşyna gerek bolan bütin mümkinçilikler we şertler taýýar edilendir we her günde diýen ýaly şol doguda ýaşaýyşyň täze egneşikleri geýdirlip ony kämilleşmeklige tarap äkidýändir. hakykatda bu mesele ýaradylmyşyň mugjyzalaryndandyr. Perwerdigär ynsany bütin çylşyrymly mümkinçilikleri bilen diňe bir damja suwdan ýaradandyr. hiç bir hünärbent şeýle bir işe gudratly däldir. Indi aýdyp boljakdyr welin perwerdigär öz gudraty bilen diri ynsany mynasyp endam agzalary we akyldyr düşümi bilen kämil suratda bir degersiz damja suwdan halk eden suratynda , indi nähili bolup bu günki gün käler kyýamaty inkär edýärler we syz nähili bolup ýaňadan ýaradylmagyňyz , allanyň gudratynyň çäginden daşaryda mykam diýip oý edýärsiňiz?

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- ynsanyň öz enesiniň göwresinde nähili ýaradylmagy hakynda oýlanmaklyk ony ýaradan halygyň gudratyna we azamatyna ünsüni çekip adamlarda perwerdigäriň garşysynda şükürli bolmak ruhyýany döredýändir.

2- enäň garnynda çagaň eklenmek gurulşyklary bir hili kuwwatly we maksatly taslanandyr welin kämil dogudyň 9 aýlap gerek bolan bütin mätäçlikleri onda kämil suratda taýýar edilendir. We bu bolsa hudaý tagalanyň ynsandyr jahany ýaratmakdaky uly gudratyndan  hýkaýat edýändir.

3- ýaradylmyş düzgüninde her bir zadyň belli mykdarda zamany we wagty bardyr şeýle bir işlere wagtyň belli edilmegi ýaradylmyş düzgüniň bir bölümidir we biz şony tanapda şol esasda amal edýändiris.

Mursälät süresi, 25, 26, 27 we 28-nji aýatlar:

أَلَمْ نَجْعَلِ الْأَرْضَ كِفَاتاً (25) أَحْيَاء وَأَمْوَاتاً (26) وَجَعَلْنَا فِيهَا رَوَاسِيَ شَامِخَاتٍ وَأَسْقَيْنَاكُم مَّاء فُرَاتاً (27) وَيْلٌ يوْمَئِذٍ لِّلْمُكَذِّبِينَ (28)

<< megerde ýeri (ynsanlaryň ýygnanşmaklary çüin) bir mynasyp mekan aýlandyrmadykmy? // hem Diriler hemem ölüler üçin // we şonda beýik daglary goýup şondan size süýji suwlary içirdik // şol gün inkär edijileriň güni waýdyr. >>

Bu aýatlar ynsany ýaratmakdaky hudaýyň nyşanalaryny beýan etmekden soň perwerdigäriň azamatly dünýedäki alamatlaryny sanap şeýle permaýyş edýär: şu siziň ýaşap ýürän ýer şaryňyz hakykatda sizler üçin karar berlen mekandyr we size gerek bolan suw , damak egneşik we ýaşalýan mekan ýaly bütin mätäçlikleriňiz şondan üpjün edilendir. Ölümden soň hem sizi özünden jaýlap ýaňadan sizi tebigat aýlamyna dolaýandyr. Aýatlaryň dowamynda , daglara yşarat bolýar . bu başlaryny belende tutýan daglar doly berklik bilen öz jaýlarynda durup ynsanlaryň we beýleki diri jandarlaryň ýaşaýyşlarynda üns bererli roldan paýlydyrlar. Hakykatda , akarlarda şarlawuklarda we arnalarda akýan suwlaryň çeşmesi şol gyşlarda , daglaryň gorganlarynda inýän garlardan üpjün bolýandyr. Garlaryň şeýle bir uly süýşürintgileri tomus paslynda , güneşiň yssysy zerarly asta ýuwaş erip derelere we sähralara tarap akyp ynsanlardyr beýleki jandarlaryň gerek bolan suwlaryny üpjün edip taýýarlaýandyrlar. Bu aýatlaryň soňunda ýene şeýle gelýär : şol bir ýagdaýda hem perwerdigäriň şeýle bir gudratyny we azamatyny görüpde kyýamaty inkär edýän ynsanlar , kyýamatda uly azaba giriftar boljakdyrlar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- ölüleriň jesedi hakda bolan meseläni çözmegiň iň gowy ýol olary topraga jaýlamakdyr , ýakmak ýada derýa atmak däldir.

2- daglar , derýalaryň we akýanlaryň we daş ýerleriň gerek bolan suwlaryny üpjün etmekde möhüm roly ýerne ýetirýändirler.

3- ýaradylşy we kyýamaty inkär edýänler , nähili bolup kadyr , hikme we dana hudaýsyz şu ýer şaryndaky azamatly ýaşaýyşyň täzelenip durmagyny açyklap berjeklerkä?

 

////////////