bölüm 1067, süre Mursälät , aýat 29-40
bölüm 1067, süre Mursälät , aýat 29-40
راهی بسوی نور (1067)
Mursälät süresi, 29, 30, 31, 32, 33 we 34-nji aýatlar:
انطَلِقُوا إِلَى مَا كُنتُم بِهِ تُكَذِّبُونَ (29) انطَلِقُوا إِلَى ظِلٍّ ذِي ثَلَاثِ شُعَبٍ (30) لَا ظَلِيلٍ وَلَا يُغْنِي مِنَ اللَّهَبِ (31) إِنَّهَا تَرْمِي بِشَرَرٍ كَالْقَصْرِ (32) كَأَنَّهُ جِمَالَتٌ صُفْرٌ (33) وَيْلٌ يَوْمَئِذٍ لِّلْمُكَذِّبِينَ (34)
<< indi bu gün şol hemişe enkär edýän zadyňyza tarap (dowzaha tarap) gidiň diýlip aýdylar // şeýlede üç bölek saýasy bolan tüssä tarap gidiň diýler // şol kölege ne yssydan gorar nede oduň şölesiniň öňüni alar // ol ot köşk ýaly uly- uly şöleleri asmana tarap pyşgyrjakdyr. // oş şöleler sary diýeler ýalydyrlar // Şol günde waý bolsun tekzip edijilere. >>
Geçen gepleşikde günäkärler pysat işleri üçin şu dünýede jezalanyp heläk bolýandyklaryna yşarat boldy indi bolsa bu aýatlar şeýle permaýyş edýär: kyýamaty inkär edýänler öz inkärleri sebäpli azapdan gutulmaýarlar . isen agyr jezalara giriftar boljakdyrlar . olar azamatly we beýik köşkler ýaly bolan odlara dahyl bolupda onuň sary gyzyl öwüsýän otlaryna giriftar boljakdyrlar. Gurhanyň şeýle bir meňzetmesi göýä köşklerde ýaşapda köp düýelere eýe bolan ýaranda kişilere yşara etmekdir.
Bu dowzahyň odundan hem uly tüsse asmana galyp 3 tarapdan dowzahylary gurşap aljakdyr ýokarydan şeýlede sag we sol taraplardan : ol tüsse göýä kölege ýalydyr emma ýakyjy we azap berijidir. Sergin we aramlyk dörediji däldir. Hakykatda azap bütin günäkärleri hemme ýerden gurşap olara gaçara ýol goýjak däldir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- hakydaň pysatçylygy, amalda pysatçylyga sebäp boljakdyr we ynsany durly pysatlara we ýaramaz işlere giriftar etjekdir.
2- dünýedäki gudrat we baýlyk ynsany dowzah odundan halas etmeýär eýsem şol hasap kitabyň siz gudrat we mal mümkin ynsanyň dowzahy bolmagyna hem sebäp bolsun.
Mursälät süresi, 35, 36, 37, 38, 39 we 40-njy aýatlar:
هَذَا يَوْمُ لَا يَنطِقُونَ (35) وَلَا يُؤْذَنُ لَهُمْ فَيَعْتَذِرُونَ (36) وَيْلٌ يَوْمَئِذٍ لِّلْمُكَذِّبِينَ (37) هَذَا يَوْمُ الْفَصْلِ جَمَعْنَاكُمْ وَالْأَوَّلِينَ (38) فَإِن كَانَ لَكُمْ كَيْدٌ فَكِيدُونِ (39) وَيْلٌ يَوْمَئِذٍ لِّلْمُكَذِّبِينَ (40)
<< Bü gün günäkärleriň dymyp uturjak günidir // we olara ötünç sorar ýaly rugsat berilmez // şol günde waý bolsun tekzip edijilere // bu (hak bilen batylyň) jyda edilýän günidir (şonuň üçin) sizi we sizden ozal geçenleri şu ýere ýygnadyk // onda (zapdan gaçara) çäräňiz bolsa ony işe alyň // şol günde waý bolsun tekzip edijilere. >>
Bu aýatlarda kyýamatyň 2 ýüriteligine yşarat bolandyr deslapky ýüriteligi günäkärleriň agyzlaryna mohur urlan ýaly dymyp uturmaklarydyr. netijede olar öz ýaramaz işlerini düşündiriş bermek üçin geplemek we ötünç soramaklyga gudratly boljak däldirler . we öz gumanlary boýunça işlerinden we çykyşlaryndan arka çykyp başarjak däldirler. Şol günüň 2nji ýüriteligi hem ýagşylaryň ýamanlardan jyda bolupda hak toplumynyň batyl topardan aýrylmagydyr. dünýede kowumy , nyžadlyk , içeri maşgala we taryhy we jografýalyk serhetler ynsanlary birek- birekden parhly edýän bolsa, kyýamatda ynsanlaryň birek- birekden parhly bolýan ýekeje ölçegi hak we batyldyr. Hatda kyýamatda ene atalar we perzentler hem mümkin 2 parhly tarapda ýerleşsinler emma dil , kowum we nyžad taýdan hiç hili ortakdaş taraplary bolmadyk köp ynsanlaryň bir toparda ýerleşmekleri mümkindir.
Kyýamatyň kä bir ýada köp duralgalary bardyr . bu duralgalaryň kälerinde günäkärlere sözlemek üçin rugsat beriljek däldir dünýede öz ýalan sözleri bilen haky batyl, batyly hem hak edip görkezen adamlar, kyýamatda sözlemek gudratdan paýly boljak däldirler olar dünýede öz dilleri bilen möminleri harlap masgaralap olary kiçeltýärdiler we kyýamatda şu hili ynsanlar geplemäge we özlerinden arka çykmaklyga ýada hatda ötünç soramaklyga pursat beriljek däldir sebäbi olar öz şertlerini we ýagdaýlaryny üýtgedip hak toplumynda bolmak üçin erkli däldirler. Şol sebäpli olar şum ýazgytlaryny kabul etmelidirler we şeýle bir ýazgydy hem olaryň özleri özlerine belli edendirler. we Kyýamat gününde bütin hakykatlar röwşendir. Ymam sadyk(a) şeýle permaýyş edýär : perwerdigär, bendesiniň kabul ederli bahanasy bolupda oňa ötünç soramak rugsatny bermez ýaly ol zalym däldir eýsem adyldyr, hakykatda şol gün günäkär ynsanlaryň ara atar ýaly kabul ederli bahanalary boljak däldir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- kyýamatda günäkärleriň dilleri özlerinden arka çykmak üçin gudratly däldir we olaryň sözlemekleri hem täsirli däldir .
2- kyýamat hem ýygnamak günidir hemde aýralyk güni. bir tarapdan bütin ynsanlar hasap-kitap üçin kyýamat diwanynda üýşjekdirler, ýene bir tarapdan hem ýagşy bilen ýaman ynsanlaryň arasynda jydalyk düşjekdir.
3- dünýe amal meýdany we ahyret hem adyl we dana hudaýyň adamlaryň amallaryna ýetişiklik edip olara jeza ýada padaş berjk günidir we hudaýy ynsanlaryň hemä daşyndan hemde içinden habarlydyr.
4- dünýede ýalňyşlyklaryň ýerini dolduryp bolýandyr emma ahyretde ne gaçalga ýol bardyr nede jerime töläp bolýandyr nede dowzahyň gorakçylaryny aldap bolýandyr.
////////////