bölüm 1068, süre Mursälät , aýat 41-50
bölüm 1068, süre Mursälät , aýat 41-50
راهی بسوی نور (1068)
Mursälät süresi, 41, 42, 43, 44 we 45-nji aýatlar:
إِنَّ الْمُتَّقِينَ فِي ظِلَالٍ وَعُيُونٍ (41) وَفَوَاكِهَ مِمَّا يَشْتَهُونَ (42) كُلُوا وَاشْرَبُوا هَنِيئاً بِمَا كُنتُمْ تَعْمَلُونَ (43) إِنَّا كَذَلِكَ نَجْزِي الْمُحْسِنينَ (44) وَيْلٌ يَوْمَئِذٍ لِّلْمُكَذِّبِينَ (45)
<< dogrudan-da takwa adamlar baglaryň kölegesinde we çeşmeleriň düýbinde düşleýändirler // her hili miwelerinden isleseler taýýardyr // olara "ýerne ýetiren ýagşy işleriňiz üçin iýiň- içiň janlaryňyza noş bolsun” diýler // biz ýagşy adamlara şu hili serpaý berýändiris // şol günde waý bolsun inkär edijilere. >>
Geçen gepleşikde bütin ynsanlaryň kyýamat diwanynda häzir bolup olaryň ýagşy ýa ýaman işleriniň esasy boýunça birek-birekden aýra bolup durly suratda günäkärleriň jezalandyryljakdyklaryna yşarat boldy . bu aýatlar salyhy we ýagşy adamlaryň behiştdäki orunlaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär : olar dünýede takwany göz öňüne almak bilen erbet we telek çykyşlardan we sözlerden gaça durýandyrlar şol sebäpli hem ahyretde ýokary orun-mertebäni eýeläp agaçlaryň kölegesinde we çeşmeleriň ýanynda ýaşajakdyrlar durly miweli agaçlar olaryň el ýeterinde bolup her nämäni isleseler olaryň erkinde goýuljakdyr.
Bu aýatlaryň dowamynda şeýle gelýär: behiştiler hudaý we perişdeleriň tarapyndan durly we gutarnyksyz behişti nygmatlara çagyrylýarlar. Şeýle bir uly mihmançylygyň gonakdary hem perwerdigärdir. Ol ýagşy kişiler şeýle bir zýafata çagyryp şeýle permaýyş edýär : siziň bu gün elgeren zadyňyz dünýede ýerine ýetiren işleriňiziň hasyldyr bu bolsa , padaş hökmünde ýagşy kişilere berilýändir. Şol mekanda ýagşy adamlar iň oňat suratda garşy alynjakdyrlar. Şeksiz şeýle bir nygmatlar hasap-kitapsiz hiç kime bermeýär we toslama bilen hem bu nygmatlar ele gelýän däldir . eýsem diňe ýagşy amallar bilen taýýarlanýandyr. aýatlaryň dowamynda ýene şeýle gelýär : waý bolsun kyýamaty tekzyp edip ýalan bilýänlere, olar şeýle bir işleri bilen özlerini şu hili nygmatlardan mahrum edip özlerini dowzahyň jezalaryna giriftar edýärler.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- möminler allanyň razylygyny gazanmak we takwany göz öňüne almak bilen özlerini kä bir nygmatlardan we lezzetlerden mahrum edýärler emma bu mesele ahyretde olar üçin köp mümkinçilikleri döredip olar doly lezzetde ýaşajakdyrlar.
2- ylahy jezalaryň we padaşlaryň ölçegi ynsanlaryň amalydyr . ynsanlaryň umyd-arzulary ýada gumany däldir .
3- takwa we perhizkärçilik diňe ýaramaz işlerden gaça durmak bilen miýesser bolmaýar eýsem ýagşy işler we beýlekilere haýyr ýetirmek bilen mümkin bolýar.
Mursälät süresi, 46, 47, 48, 49 we 50-nji aýatlar :
كُلُوا وَتَمَتَّعُوا قَلِيلاً إِنَّكُم مُّجْرِمُونَ (46) وَيْلٌ يَوْمَئِذٍ لِّلْمُكَذِّبِينَ (47) وَإِذَا قِيلَ لَهُمُ ارْكَعُوا لَا يَرْكَعُونَ (48) وَيْلٌ يَوْمَئِذٍ لِّلْمُكَذِّبِينَ (49) فَبِأَيِّ حَدِيثٍ بَعْدَهُ يُؤْمِنُونَ (50)
<< siz kapyrlar! bu dünýäde berlen az wagtyňyzda iýiň, (biliň) siz günäkärsiňiz (şeksiz eden etmişleriňiz üçin ahyrda giriftar boljaksyňyz) // şol günde waý bolsun inkär edijilere // haçan-da olara (allanyň garşysynda) rukug ediň diýilse, rukug etmezler // şol günde waý bolsun inkär edijilere // eger-de gurhana iman getirmeseler onda ondan soň haýsy kelama iman getirjekdirler. >>
Geçe aýatlarda ýagşy we salyhy adamlaryň behiştdäki ýokary orun mertebelerine yşarat bolanysoň indi bu aýatlar ýaramaz adamlaryň dünýedäki ýagdaýlaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär : olar dünýede öz gysga ömürleriniň boýunda ylahy nygmatlardan paýly bolýarlar emma şeýle nygmatlardan ýaramaz surat-da peýdalanyp durly günä işlere baş goşmaklary sebäpli kyýamatda uzak jezalara giriftar boljakdyrlar.
Aýatlaryň dowamy dowzahylaryň kä bir alamatlaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär : olar hudaýa bendelik edip ybadat etmäge we rukuga gitmäge taýyn bolmadylar şeýlede gurhanyň hak we hakykatdygyny kabul etmekden saklandylar we ony ýalanladylar emma hakykatda bu asmanlyk kitap adamzada degişli bolan mekteplerdäki hiç bir kitap bilen we geçen ylahy dinlarda bolup gyşarnyga çekilen kitaplar bilen deň däldir. Geň we ajaýyp zat şudur welin menlikli ynsanlar olary ýaradan perwerdigäriň garşysynda bendelik etmäge razy bolmaýarlar. Emma şol bir ýagdaýda öz nebs islegleriniň ýesiri bolýandyrlar. elbetde şu hili nebs islegleriň ýesiri bolmaklygyň olaryň dünýäde we ahyretde kara bagt bolmaklaryna şert döretjekdigi belli bir zatdyr. Bu süräň deslabynda hem aýdyşymyz ýaly "şol günde waý bolsun inkär edijilere" diýen ybarat 10 gaýtar bu sürede gaýtalanýar. elbet bu ybarat Mursälät süresiniň soňky aýatlarynda köpräk nygtalandyr . bu bolsa kapyrlaryň tekzip etmekleri, din taglymatyny barlag etmek esasynda dälde eýsem olaryň jedelkeşlik we düşmançylykly etmekleri esasyndadyr we olaryň hakyň garşysynda jedelkeşlik edip haky tekzip edýändiklerini görkezýändir. olar ýaşaýyşlarynyň bütin işlerinde hak we hakykat bilen jedel edip olaryň neplerine çapraz gelýän meseleler bilen garşylaşýandyrlar . şol sebäpli hem hakykaty tanamak we ony kabul etmek ugurda ädim ädýän däldirler.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- kapyrlaryň , dünýedäki nygmatlardan paýly bolmaklary olaryň hudaý ýanyndaky söýnükli bolmaklaryndan nyşan däldir eýsem perwerdigär dünýedäki nygmatlardan haýyrlanmakda mömin we kapyrlaryň arasynda parh goýan däldir . elbetde dünýedäki nygmatlardan paýly bolmak ahyrete görä diseň azdyr.
2- perwerdigär dünýäö maddy nygmatlaryny, kapyrlardan we münkürlerden daşda saklaýan däldir bu bolsa perwerdigäriň öz bendelerine bolan lutfy rahmatynyň nyşanydyr we perwerdigär olaryň edýän kapyçylygy ýada günä işleri üçin olary öz nygmatlaryndan mahrum edýän däldir.
3- namazy terk etmek amal ýüzünde dini tekzip etmegiň alamatydyr.
4- gurhan kitaby ynsany hidaýat etmek üçin bolan iň ýagşy sargyt we aýdyň sözdir bu kitap elmydam täzedir we hiç mahal könelýän däldir .
5- gurhanyň hakdygyny bütin ynsanlara belli etmek üçin ony beýleki mektepleriň we dinlaryň kitaplary bilen deňeşdirmelidir.
/////////////
Mursälät süresiniň soňy