bölüm 1069, süre Näbäe , aýat 1-20
bölüm 1069, süre Näbäe , aýat 1-20
راهی بسوی نور (1069)
Näbäe süresi
Gurhany kerimiň mübärek Näbäe süresi 40 aýatdan ybarat bolup Mekge-de inen süreleriň sanyndandyr bu sürede beýleki Mekgi süreleri ýaly , towhyd we kyýamat hakynda gürrüň bolýandyr.
Näbäe süresi, 1, 2, 3, 4 we 5-nji aýaytlar:
عَمَّ يَتَسَاءلُونَ (1) عَنِ النَّبَإِ الْعَظِيمِ (2) الَّذِي هُمْ فِيهِ مُخْتَلِفُونَ (3) كَلَّا سَيَعْلَمُونَ (4) ثُمَّ كَلَّا سَيَعْلَمُونَ (5)
<< näm zat hakda bir-birinden soraýarlar? // şol uly habardan // şol barada hemişe agyzlary ala bolan halynda // ol (edýän gümanlary ýaly) däldir , basymlykda biljekdirler // ýenede beýle däldir, basymlykda biljekdirler. >>
Gurhany kerimiň mübärek Näbäe süresi şu mazmun bilen başlanýandyr welin ilat haýsy mesele hakda birek- birekden sorag edýärler? soň özleri jogap berýärler welin olaryň gürrüň edýän mazmuny şol elmydama onda agyz alalyklary bolan uly habar hakdadyr. Soňraky aýatlara üns bermek bilen şeýle bir möhüm we uly habaryň şol kyýamata degişlidigi belli bolýar. Şeýle bir wakaň ýüze çykmagy barada bütin ylahy pygamberler ilaty habarly edip onuň hakda duýduryş berendirler . emma şeýle bir ýagdaýda hem ilatyň köpüsi onuň ýüze çykmagy hakda şübheli bolup , nähili ölümden soň direljekdiris diýip sorag berýändirler. Aýatlaryň dowamy gaýtalamak we nygtamak bilen şeýle permaýyş edýär: olaryň pikir edip şübheli boluşlary ýaly däldir. Olar geljek ýakynlykda bu meseläň hakykatdygyna we onuň hökmany ýüze çykjakdygyna göz ýetirjekdirler . emma şol zamanda bu mesele olaryň hal-ýagdaýlaryna bähbitli bolmany olar üçin hasrat we puşmanlykdan başga zady yzyna tirkejek däldir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapklary :
1- dini soraglary we şübheleri tanamak we olara din iş-tanjylar arkaly jogap berilmegi gerekli we zerur meselelerdendir.
2- kyýamat meselesi kapyrlar arkaly şübheli bolýan meselelerdendir beýlekileriň dini ynamlar hakdaky şek-şübheleri hakda biparh bolmany eýsem berk jogap gaýtarmak gereklidir.
Näbäe süresi, 6, 7, 8, 9, 10, 11, 12, 13, 14, 15 we 16-njy aýatlar:
أَلَمْ نَجْعَلِ الْأَرْضَ مِهَاداً (6) وَالْجِبَالَ أَوْتَاداً (7) وَخَلَقْنَاكُمْ أَزْوَاجاً (8) وَجَعَلْنَا نَوْمَكُمْ سُبَاتاً (9) وَجَعَلْنَا اللَّيْلَ لِبَاساً (10) وَجَعَلْنَا النَّهَارَ مَعَاشاً (11) وَبَنَيْنَا فَوْقَكُمْ سَبْعاً شِدَاداً (12) وَجَعَلْنَا سِرَاجاً وَهَّاجاً (13) وَأَنزَلْنَا مِنَ الْمُعْصِرَاتِ مَاء ثَجَّاجاً (14) لِنُخْرِجَ بِهِ حَبّاً وَنَبَاتاً (15) وَجَنَّاتٍ أَلْفَافاً (16)
<< ýer ýüzüni , asudalyk mekany aýlandyrmadykmy?// We (onuň berkligi üçin) daglary Çüý ýaly edip goýmadykmy?// we sizleri jübütläp ýaratmadykmy? // dynç almak üçin size uklamak nygmatyny berdik // we gijäni örtgi hökmünde goýdyk // we gündizi gün-oňşugyňyzy gowalamak üçin garar berdik // we depäňizde Ýedi gat asmany ýaratdyk // we (asmanda) ýagtylyk saçýan çyragy goýdyk // we gara bulutlardan aşak inýän suwlary iberdik // tä şonuň bilen däneleri we ösümlikleri gögerder ýaly // şeýle-de çyrmaşyp giden gür baglary gögerder ýaly. >>
Bu aýatlar ýaradylmyş äleminde bar bolan hudaýyň gudratyndan bolan kä nyşanlara yşarat edýär. Deslap ýer hakda sözleýär. ýer şary adam oglunyň ýaşamagy üçin taýýarlanan aram mekandyr . ynsan şonda öý ýasap ekerançylyk edip başarýandyr . ýene bir tarapdan ynsana gerek bolan bütin zatlar ýa ýer ýüzünde ýada ýer astynda gymmatly magdanlar we matyrýallar görnüşinde bardyr . ýene bir tarapdan ýer şarynyň güneşiň daşyna aýlanmagy ýylyň durly pasyllaryny döredýär we onuň öz daşyna aýlanmagy hem gije gündüziň ýüze çykmagyna sebäp bolýar . bu meseläň özi hem ynsanyň we beýleki jandarlaryň ýaşaýyşlarynda amatly roldan paýlydyr . şeýlelik bilen ýeriň aram örüsinde , ynsanyň asudalygyna gerek bolan bütin mümkinçilikler taýýar edilendir. Daglar hem tebigi gopgunlaryň sanyndan hasaplanýandyr. Daglar çüi ýaly ýeriň astyna çümendirler. Daglaryň , ýer astyndaky gökleri ýer şarynyň durly gatlarynyň herekete düşmeginiň öňüni alýandyr. Bolardan daşgary daglar suw çeşmeleri saklamakda möhüm rola ede bolup köp magdanlaryň we gymmatly daşlaryň hem ojagydyr . aýatlaryň dowamynda ynsanyň iki jynsdan jübüt edilip ýaradylandygyna yşarat bolýar soň bolsa ynsan üçin ylahy uly nygmatlardan hasaplanýan uky meselesi hakda gürrüň gitýär . sebäbi ýatmak we uklamak , ynsanyň dinç alyp öz jysymdyr ruh kuwwatyny ýaňadandan daýandyrmagyna we işlemek we herekete düşmek üçin taýýarlanmagyna sebäp bolýar. Soňraky aýatlar, gije we günduize yşarat bolýar . biz gijäni örtgi karar berip gündüzi hem ynsanyň ýaşaýyşy we gün oňşugyny aýlamagy üçin talaş etmek ugurda kara berdik . gijäň garaňkylygy göýä bir örtgi ýaly ýer şaryny we onda ýaşaýan jandarlary basyryp olara aramlyk döredip dinç almak pursatyny mümkin edýär gündüziň ýagtylygy hem ynsanyň hereket we talaşa düşmegi üçin uly bir nygmat hasaplanýar. bu aýatlaryň dowamy 7 asman we äleme ýagtylyk berýän günüşe yşarat edip güni , nurana çyraga meňzedipdir.
Güneş nur we essyň gözbaşydyr ynsanyň ýaşaýyş meýdany şeýlede güneşiň daşyna alýan bütin şarlary ýagtylandyryp bütin jandarlaryň ösüp eglenmeklerinde aýgytly täsirleri galdyrýar . gurhan soň bulutly ýagynlara yşarat edip ýagyşyň ýagmagy bilen däneler we gýalar , ýerden gögüripde agaçly baglary dörütýändir diýip nygtaýar. Ýygnagda aýdar bolsak , asman we zeminiň halyk edilmegi , ynsanyň bu toprakdan bolan ýer şarynda peýda bolmagy we ýeriň özüniň şeýlede güneşiň daşyna aýlanmagy we güneş , bulut , ýel we ýagyn ýaly gopgunlaryň we tutuşlaýyn ýaradylmyş äleminiň şeýle bir düzgünli suratda ýaradylmagy hemmesi perwerdigäriň azamatyndan we gudratyndan nyşandyr . şu hili nygmatlar hakda oýlanmagyň 2 peýdasy bardyr biri hudaýyň azamatyny we onuň ýaradan zatlaryny tanamaklyk we 2 njisi hem ynsanda halyga şükürli bolmak ruhyaň kuwatlanmagydyr. Tejroby ylymlaryň ösmegi hem gün be gün älem jahanda bar bolan düzgüniň neçende üylşyrymly we geň digini mälim edýändir . her günde diýen ýaly , fizik , himiýa biulugýa we ýene beileki ylymlarda täze gopgynlar tanalyp äşkär bolýar we bolaryň hemmesi hem äleme häkim bolan ajaýyp düzgünden nyşandyr.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- ýaradylmyş älemde bar bolan gopgunlary barlamak ynsany hudaý tanjylyga tarap iterýändir. hudaýyň zemin we asmany ýaratmakdaky gudratyna üns bermek bilen onuň kyýamaty dikeltmekdäki gudratyna göz ýetirse bolar.
2- hudaý tanyjylyk gaýnamyn häsiýetdir we weždandan ynsandyr jahanyň ýaradylmagy hakda soramak bilen bu zat äşgär bolýandyr.
3- ýaradylmyş älemi belli esbaplar we deliller esasynda dolandyrylýandyr.
Näbäe süresi, 17, 18, 19 we 20-nji aýatlar:
إِنَّ يَوْمَ الْفَصْلِ كَانَ مِيقَاتاً (17) يَوْمَ يُنفَخُ فِي الصُّورِ فَتَأْتُونَ أَفْوَاجاً (18) وَفُتِحَتِ السَّمَاء فَكَانَتْ أَبْوَاباً (19) وَسُيِّرَتِ الْجِبَالُ فَكَانَتْ سَرَاباً (20)
<< dogrudan-de aýralyk güni biziň sizi bilen wadalaşan jaýymyzdyr // Sur çalynyp siziň topar-topar bolup Mähşerde ýygnanşjak ýeriňiz // asman böwsilip onda gapylaryň görüljek güni // we daglaryň eräp salgyn ýaly boljak güni. >>
Bu aýatlar kyýamatyň ýüze çykjak wagtyna yşarat edip şeýle permaýyş edýär : kyýamat hak bilen batyň jyda edilýän günidir . hakyň batyldan we ýagşylaryň erbetlerden jyda bolýan zamanydyr. şol günde içeri maşgala düzgüni berkarar däldir we içeri maşgala agzalarynyň her haýsy aýry aýry suratda kyýamatda taýýar bolup öz amallary boýunça jezaladyrlyp ýada padaşa ýetjekdirler . şol gün asmandan eşidiljek bir ses bilen başlanýar şol howply ses bilen bütyn ölüler toprakdan gopup topar topar bolup kyýamat meýdanda taýýar boljakdyrlar. şol ses diňe ölüleri ýerlerinden galdyrmaýar eýsem asmanlary böwsüp para-para edýär , daglary pytradyp çäge ýaly akdyrjakdyr.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- kyýamatyň dikelen wagty jahanda bar bolan düzgün dargap täze bir düzgün ýola goýuljakdyr.
2- içeri maşgalalyk , we dostlukly arabaglanşyklara ýürek baglamaýlyň sebäbi kyýamatda bu baglanşyklaryň hemmesi ýok bolup biz ýekelikde kyýamatda taýýar boljakdyrys .
3- kyýamatyň wagty bize belli däldir emma hudaýyň ýanynda zamany bellidir.
/////////////