Jan 31, 2026 10:54 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1071, süre Nazeat , aýat 1-26

bölüm 1071, süre Nazeat , aýat 1-26

راهی بسوی نور (1071)

Nazeat süresi

Gurhany kerimiň mübärek Nazeat eüresi 46 aýatdan ybarat bolup Mekgede inen süreleriň sanyndandyr. Bu sürede hem beýleki Mekgi sürelerde bolşy ýaly köplenç kyýamat hakda we günäkär adamlaryň jezalandyrylmagy barada gürrüň bolýar.

Nazeat süresi, 1, 2, 3, 4 we 5-nji aýatlar :

وَالنَّازِعَاتِ غَرْقاً (1) وَالنَّاشِطَاتِ نَشْطاً (2) وَالسَّابِحَاتِ سَبْحاً (3) فَالسَّابِقَاتِ سَبْقاً (4) فَالْمُدَبِّرَاتِ أَمْراً (5)

<< (kapyrlaryň janyny dartyp) alýan perişdelere ant bolsun // (möminleriň janyny ýag sowran ýaly edip) alýan perişdelere ant bolsun // (allanyň emrini ýerne ýetirmekde) çalt inýän perişdelere ant bolsun // we (alla bendelik etmekde) bir-birinden öňteleýän) perişdelere ant bolsun // we (allanyň emri bilen dünýääni dolandyrmakda) işlere çäre gürýän perişdelere ant bolsun. >>

Mübärek Nazeat süresiniň deslabynda perişdeleriň Bäş toparynyň ady getirlip olara ant içmek bilen başlanýar . ýaradylmyş düzgüniň işleri perişdeler arkaly bolup perwerdigär jahanyň işlerini olar arkaly dolandyransaň gurhany kerim olaryň adyna we işlerine ant içýär bu mesele hem ýaradylmyş düzgündäki perişdeleriň orunlaryndan nyşandyr. Bu ant içmeler , aýatlaryň dowamynda beýan edilmek meseläni nygtamak üçindir emma soňraky aýatlardan belli bolýar welin bu ant içmeler şeýle bir meseläni ýatlatmak üçin : bütin işlere ant bolsun , hemme ynsanlar , ölümden soň çagyrlyp kyýamatda taýýar boljakdyrlar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- adamlaryň ölüm mahallarynda perişdeler olaryň ruhlaryny jysymlaryndan jyda edip ony ýokarky äleme alyp gidýändirler we kyýamatda dikelýänçä bu ruhlar Bärzähdedirler.

2- perişdeleriň iş meýdanlary bütin ýaradylmyş älemidir we olar öz işlerini ýerine ýetirmekde keýeň durmaýarlar eýsem birek birekden öňteleýändirler.

3- alla tagala älem jahanyň perwerdigäri bolup bütin işleri dolandyrmak onuň bilen bolýan bolsada, bu işleri esbaplar arkaly ýerine ýetirýändir we perişdeler bolsa perwerdigäriň hikmetlerini durmuşa geçirmekde wesile bolup ýaradylmyş älemiň buýrukçylarydyrlar.

Nazeat süresi, 6, 7, 8, 9, 10, 11, 12, 13 we 14-nji aýatlar :

يَوْمَ تَرْجُفُ الرَّاجِفَةُ (6) تَتْبَعُهَا الرَّادِفَةُ (7) قُلُوبٌ يَوْمَئِذٍ وَاجِفَةٌ (8) أَبْصَارُهَا خَاشِعَةٌ (9) يَقُولُونَ أَئِنَّا لَمَرْدُودُونَ فِي الْحَافِرَةِ (10) أَئِذَا كُنَّا عِظَاماً نَّخِرَةً (11) قَالُوا تِلْكَ إِذاً كَرَّةٌ خَاسِرَةٌ (12) فَإِنَّمَا هِيَ زَجْرَةٌ وَاحِدَةٌ (13) فَإِذَا هُم بِالسَّاهِرَةِ (14)

<< heme zady lerzana saljak yranma yranan gününde // we onuň yzy bilen (güýçli) yranma ýüze çykjak gününde // şol günde ýüreklery gorky gurşap alar // we olaryň gözleri gorkydan ýomular // şonda aýdarlar : biz ýene ýere dolanarysmy? // süňklerimiz owranyp çüýrän halynda? Diýip aýdarlar // ol öz ýanyndan aýdar: şeýle bolsa bu öwrülmek bize zýanly boljakdyr” diýip // şol dolanmaklyk diňe bir elhenç sesiň eşdilmegi bilen mümkin boljakdyr // şonda hemmeler bir zamanda tep-tekiz ýerde häzir boljakdyrlar. >>

Bu aýatlar , kyýamatyň başlangyjyna we ynsanlaryň kyýamatdaky ýagdaýlaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär: yzly yzyna ýüze çykjak ýer yranmasy bilen dünýe çaşyp dargajakdyr soň Suryň çalynmagy we imendirIji sesiň eşidilmegi bilen bütin ölüler direljekdirler we gorkuly we howply ýürekler bilen kyýamat meýdanynda taýýar boljakdyrlar şol günde gözler gorkulyk we howply bolmak ýaňa aşak gaşjakdyr. Kyýamaty inkär edýän kapyrlar dünýede şeýle diýärdiler: meger biziň çüýräp giden süňklerimiz we beýleki toprak aşagynda jaýlanan ölüler ýene bir gezek direlip janlanjakdyrlarmy? Eger şeýle bolsa onda biz zyýankärleriň sanyndan boljakdyrys, emma bu günki gün kyýamatda olar öz gözleri bilen nähili direldilipde kyýamatda mähşär sährasynda taýýar bolýandyklaryny görjekdirler.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapakalry:

1- kyýamatyň düzgüni dünýäň düzgüninden paryhlydyr we ynsanyň ýaňadandan janlanmak , eneden ýene bir gezek dogulmaklyga mätäç däldir. Eýsem ynsanlar göni suratda toprakdan aýaga örjekdirler edil dünýede ösümlikleriň topragyň gögerip çykyşlary ýaly.

2- delilsiz kyýamatyň bolmagyny inkär edýänler kyýamatda özleriniň şeýle bir garaýyşlarynyň zyýanlydygyny ykrar etjekdirler.

Nazeat süresi, 15, 16, 17, 18, 19, 20, 21, 22, 23, 24, 25 we 26-njy aýatlar:

هَلْ أتَاكَ حَدِيثُ مُوسَى (15)‏ إِذْ نَادَاهُ رَبُّهُ بِالْوَادِ الْمُقَدَّسِ طُوًى (16) اذْهَبْ إِلَى فِرْعَوْنَ إِنَّهُ طَغَى (17) فَقُلْ هَل لَّكَ إِلَى أَن تَزَكَّى (18) وَأَهْدِيَكَ إِلَى رَبِّكَ فَتَخْشَى (19) فَأَرَاهُ الْآيَةَ الْكُبْرَى (20) فَكَذَّبَ وَعَصَى (21) ثُمَّ أَدْبَرَ يَسْعَى (22) فَحَشَرَ فَنَادَى (23) فَقَالَ أَنَا رَبُّكُمُ الْأَعْلَى (24) فَأَخَذَهُ اللَّهُ نَكَالَ الْآخِرَةِ وَالْأُولَى (25) إِنَّ فِي ذَلِكَ لَعِبْرَةً لِّمَن يَخْشَى (26)

<< musaň geçmişi saňa ýetdimi? // perwerdigäri , mukaddes Tuwa ülkesinde oň bilen gepleşen mahaly // Fyrowna tarap git sebäbi ol serkeşlik edendir // we oňa aýt: sen (şerkden) päklenmegi isleýärsiňmi? // men seni perwerdigäriňä tarap hidaýat edeýin tä ondan gorkyp ( serkeşlik etmez ýaly) diýip aýt // bes Musa ona iň uly mugjyzany gözkezdi // ýöne ol ony inkär edip edip (iman getirmekden) boýun gaçyrdy // soň ýüz öwrüp (Musany ýok etmegiň) kowgysyna düşdi // soň adamlaryny çagyryp // aýtdy "men siziň beýik perwerdigäriňizdirin “ diýip // we alla hem bu işi üçin dünýe we ahyretiň azabyna duçar etdi // dogrudan-da bu zatda (allanyň azabyndan) gokýanlar üçin ybrat bardyr. >>

Bu aýatlar , müşrüklere we münkürlere duýduryş bermek üçin hezreti Musa we Fyrownyň başdan geçmelerine yşarat edip şeýle permaýyş edýär : meger siz Fyrownyň soňundan we onuň nähili bolup ylahy jezalara duçar bolandygyndan habarly dälmiňiz? Näme üçin onuň heläklenmeginden ybrat almaýarsyňyz we jedelleşmekden we inkär etmekden saklanmaýarsyňyz Fyrown taryhda oly tagutlaryň biri bolup köp gudratdan we baýlykdan paýly bolsada ol ylahy jezalaryň öňüni alyp başarmady indi siz şeýle bir gudratdan paýly däl ýagdaýňyzda nähili şeýle bir işden gutulyp başarjaksyňyz? Bu aýatlara görä hezreti Musa(a)ň pygamberlige bellenmekden soň bolan ilkinji borjy bäni ysrayýl kowumyna tarap dälde eýsem Fyrowna tarap gitmeldi . göýä Fyrown ýaly zalym tagutyň hökmürowanlyk edýän ýagdaýynda onuň hökümeti astynda ýaşaýan ilaty hudaýa tarap çagyrmak mümkin bolarly däldi . şol sebäpli deslap tagutyň häkimiti ýok bolup onsoň ilaty haka tarap çagyrmak ugurda  şertler taýýar bolmalydy. Pygamberleriň esasy borjy hidaýatdy we hidaýatyň oňat ýoly hem ilkinji ädimde ýumşak sözlerden haýyrlanmakdyr. Eger garşy tarap ýagşylyk ýüzünden bolan sözleri kabul etmäni jedelleşse, sütemçilere garşy göreşmegi soňra goýmalydyr. sebäbi zalymlaryň hökmürowanlygyny kabul etmek pygamberleriň maksatlary bilen jebis gelýän däldir.

Emma zalym tagut bolan Fyrown hiç haçan menliklenmekden el götemedi we hezreti Musa(a)ň haýyr isleýji sözleriň barabarynda we onuň mugjyzasy bilen hem ol hezretiň çakylygyny ýalanlap tekzip etdi we perwerdigäriň barabarynda duşmançylyk etdi . ol hakdan ýüz öwrüp özüni hudaý saýdy we men hudaý diýip toslady . soňda Fyrown şeýle zolumlary sebapli ylahy jezalara giriftar boldy , onuň zulum we pysat gurulşyklary dargap heläk boldy şeksiz bu wakada hudaýdan gorkýanlar üçin uly ybrat we pent bardyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapakalry:

1- geçmişde ýaşap geçen kowumlaryň taryhyny okamak hemä iman ähliniň ruhyýesini kuwatlandyryp olara göwünlik berýändir hemde kapyrlar we münkürler üçin ybrat hasaplanýandyr.

2- gyşarnykly pikirler we köpçülikli ýaramaz häsiýetlere garşy göreşmek üçin deslap şeýle bir işleriň köki bolan hökümet başlyklaryna tarap gitmelidir, ýerli ilata tarap gitmeli däldir.

3- hiç kimiň hatda Fyrownyň-da hidaýat bolmagyndan numyt bolmaly däldir we hakyň kelamyny öňe ýetiripde hüjjeti tamam etmelidir.

4- eger ynsan haky kabul etmegiň yzynda bolmasa hatda iň ylahy mugjyzalar hem çäre boljak däldir we ol ony hem inkär etjekdir.

5- ylahy wadaň esasy boýunça, zalymlar bir gün dyza çöküp olaryň gudraty we hökmürowanlygy soňlajakdyr.

 

////////////