Feb 01, 2026 09:22 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1080, süre Inşekak , aýat 1-25

bölüm 1080, süre Inşekak , aýat 1-25

راهی بسوی نور (1080)

Inşekak süresi

Inşekak süresiniň 25 aýasy bolup ol Megkede inen süreleriň sanyndandyr. bu sürede beýleki Megki sürelerde bolşy ýaly kyýamatyň bosagasynda dünýede ýüze çykjak wakalar hakynda we ondan soň boljak hadysalar barada gürrüň bolýar.

Inşekak süresi, 1, 2, 3, 4, 5 we 6-njy aýatlar :

إِذَا السَّمَاء انشَقَّتْ (1) وَأَذِنَتْ لِرَبِّهَا وَحُقَّتْ (2) وَإِذَا الْأَرْضُ مُدَّتْ (3) وَأَلْقَتْ مَا فِيهَا وَتَخَلَّتْ (4) وَأَذِنَتْ لِرَبِّهَا وَحُقَّتْ (5) يَا أَيُّهَا الْإِنسَانُ إِنَّكَ كَادِحٌ إِلَى رَبِّكَ كَدْحاً فَمُلَاقِيهِ (6)

<< asmanyň böwsilen mahalynda // we perwerdigäriniň emrine eýerjekdir (elbetde şeýtmegi) gelşiklidir // we şol wagyt ýer ýüzi tep-tekiz boljakdyr // we öz içindäki bar zady daşary taşlap boşajakdyr // we perwerdigäriniň emrine eýerjekdir (elbetde şeýtmegi) gelşiklidir // eý ynsan! Dogurdanda sen zähmet talaş bilen perwerdigäriňä tarap barýarsyň we ahyrde hem onuň bilen didarlaşjaksyň. >>

infetar süresiniň jahanyň soňlamagy bilen başlanşy ýaly bu sürede hem kyýamatyň bosagasynda boljak wakalara yşarat bolýar şol sanda asmanyň böwüsmegine we ýeriň üstündäki beýik çökekleriň ýok bolup onuň tekizlenjekdigi barada gürrüň bolýar şu aýatlaryň esasyna görä asman we zemin ylahy permanyň astyndadyrlar we allanyň yrada edýän zadyndan perman alyp kyýamatyň başlangyjyna ýerlik taýýarlaýandyrlar. Kyýamatyň bosagasynda ýüze çykjak hadysalaryň biri hem şudur welin ölüler we her näme ýeriň içinde bar bolan zatlar daşary atyljakdyrlar . ynsan şu hili azaply we kyn dünýede ýaşaýandyr we zähmet talaşsyz hiç zada ýetip başarýan däldir ol islese islemese ömrüniň soňunda hudaýa tarap dolanjakdyr. ol hudaý ynsanyň ýaradylmyşynyň we ýaşaýyşynyň başydyr. ynsanyň işiniň soňy hem ömrüniň soňunda oňa baryp çatjakdyr we hiç kim başga tarapa gidip biljek däldir .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- ýaradylmyş özünip bütin azamaty bilen hudayň permanyna boýundyr we her näme alladan perman bolsa ony kabul edýändir.

2- jahan hem ynsan ýaly ýok olmaga tarap barýandyr asman we zeminde bar bolan düzgün ýygnanyp ýene bir düzgün dünýede onuň ýerini doldurjakdyr.

3- ynsanyň ýaşaýyşynyň başy we maksady perwerdigärdir elbetde ýaşaýyş ýoluny aşmak ynsan üçin zähmet we renj bilen hemradyr we ol şu hili kynçylyklarda öz hakykatyny görkezmelidir.

Inşekak süresi, 7, 8, 9, 10, 11, 12, 13, 14 we 15-nji aýatlar:

فَأَمَّا مَنْ أُوتِيَ كِتَابَهُ بِيَمِينِهِ (7) فَسَوْفَ يُحَاسَبُ حِسَاباً يَسِيراً (8) وَيَنقَلِبُ إِلَى أَهْلِهِ مَسْرُوراً (9) وَأَمَّا مَنْ أُوتِيَ كِتَابَهُ وَرَاء ظَهْرِهِ (10) فَسَوْفَ يَدْعُو ثُبُوراً (11) وَيَصْلَى سَعِيراً (12) إِنَّهُ كَانَ فِي أَهْلِهِ مَسْرُوراً (13) إِنَّهُ ظَنَّ أَن لَّن يَحُورَ (14) بَلَى إِنَّ رَبَّهُ كَانَ بِهِ بَصِيراً (15)

<< bes eger bir kişiň amal depteri onuň sag eline berilse // basym aňsatlyk bilen onuň hasabyna ýetişiklik boljakdyr // we ol hoşhallykda öz ýoldaşlarynyň we maşgalasynyň ýanyna dolanjakdyr // ýöne her kimiň amal depteri ýeňsesinden berilse // ol gygyrar "waý men heläk boldum" diýip // ol lowurdap duran oda düşer // (sebäbi ol dünýede) öz ýoldaşlarynyň arasynda hoşaldy // we hiç mahal dolanmaz mykam diýip oý edýärdi // we dogurdanda perwerdigäri ony görüp durdy. >>

Bu aýatlara görä kyýamat meýdanynda taýýar bolýan ynsanlar tutuşlaýyn suratda 2 topara bölünýärler: olaryň bir topary amal depterleri sag eline berilýän adamlardyr. olaryň hasap kitaplary aňsatdyr we olar öz amallarynyň netijesinden hoşaldyrlar . ýene bir topary hem amal depterleri arkasyndan berilýän kişilerdir. olar öz işleriniň netijesinden gamly we tukat bolup ah çekip elmydama özlerini ýazgarýandyrlar olar soňda dowzah oduna girjekdirler . olaryň betbagtçylyknyň sebäbi şudur welin bu hili adamlar hiç haçan dolanmazlar mykan diýip oý edýärdiler we olaryň maad we kyýamatyň boljakdygyna ynamlary ýokdy. deslapky topar hudaýyň razylygyny gazanmak ugurda dünýede zähmet we azapda bolmagy kabul edip ony kyýamat gününde ylahy paý padaşyň maýasy bilenlerdir. emma 3nji topar dünýede diňe hoşlugyň we öz haý-höweslerine eýermegiň ugrunda bolanlardan ybaratdyrlar. elbetde olar hem öz maksatlaryna elgermek ugurda kynçylyga duçar bolandyrlar emma olaryň şeýle bir zähmetleriniň netijesi ahyrete degişli däldir we dünýede galýandyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- perwerdigär öz bendeleriniň amallaryndan habarly bolsada emma ol ynsanlaryň hemmesiniň bütin amallaryny bir bir ýazga geçirmek ugurda we ony senetli suratda olaryň erkinde goýmak üçin bir düzgüni belli edendir.

2- esewan we habardar bolmalydyrys eger dünýedäki şatlyklarymyz günä we hudaýyň permanyndan boýun gaçyrmak bilen hemra bolsa ol kyýamatda gam gussa we puşmanlyga öwrüljekdir.

3- eger bigünki gün dünýede hudaýyň buýruklaryny ýerine ýetirmek ýolda kynçylyk çekip zähmete düşsek kyýamatda onuň paý padaşy gutarnuksyz asudalyk rahatlyk we lezzet we hoşluk boljakdyr.

Inşekak süresi, 16, 17, 18, 19, 20, 21, 22, 23, 24 we 25-nji aýatlar:

فَلَا أُقْسِمُ بِالشَّفَقِ (16) وَاللَّيْلِ وَمَا وَسَقَ (17) وَالْقَمَرِ إِذَا اتَّسَقَ (18) لَتَرْكَبُنَّ طَبَقاً عَن طَبَقٍ (19) فَمَا لَهُمْ لَا يُؤْمِنُونَ (20) وَإِذَا قُرِئَ عَلَيْهِمُ الْقُرْآنُ لَا يَسْجُدُونَ (21) (س) بَلِ الَّذِينَ كَفَرُواْ يُكَذِّبُونَ (22) وَاللَّهُ أَعْلَمُ بِمَا يُوعُونَ (23) فَبَشِّرْهُم بِعَذَابٍ أَلِيمٍ (24) إِلَّا الَّذِينَ آمَنُواْ وَعَمِلُواْ الصَّالِحَاتِ لَهُمْ أَجْرٌ غَيْرُ مَمْنُونٍ (25)

<< gijäň şamagyna ant bolsun // gijä we onuň basyrýan närselerine ant bolsun // we ondördine kämil bolýän aýa ant bolsun // siziň baryňyz (kämil bolmak üçin) bir ýagdaýdan ýene bir ýagdaýa öwrülýänsiňiz // onda näme üçin iman getirmeýärsiňiz? // we olara Gurhan okalan mahaly sejde etmeýärler? // eýsem kapyrlar elmydam ylahy aýatlary tekzip edýärler // we perwerdigär olaryň öz ýüreklerinde basyrýan zatlardan habarlydyr // Onda olary howply azap bilen buşla // meger iman getirip ýagşy işleri edýänleri bolmasa,  olar üçin hem tükeniksiz sepäý bardyr. >>

Gije gopguny uly gopgunlardandyr we ýer ýüzündäki jandarlaryň ýaşaýyşlarynda möhüm roldan paýlydyr. hemmeleri öz öýlerine we öýjüklerine öwürýär we olaryň asudalykda dinç almaklaryna şert döredýär. we gündizlerine işlemekleri üçin kuwwatyň döremegine sebäp bolýar. aýyň hem düregeý ýagdaýlary bolýar we onuň asmandaky jaýy we ýagtylygy düzgünli suratda öýtgeýär. ynsanlaryň hemmesi hem öz ýaşaýyşlarynyň gidişinde bir haldan ýene bir hala öýtgeýärler we şeýlelik bilen dogutlykdan gojalyga çenli ýol aşýarlar emma kapyrlar şeýle bir düzgünli ýagdaýlara şaýat bolsalarda şol düzgüni ýaradan perwerdigäri inkär edýärler we alla kapyr bolýarlar. olar hatda hudaýyň gurhandaky kelamyny eşidip oňa oýlanmaga hem taýyn bolmaýarlar eger şeýitselerdi onda olar pes pällik bilen hudaýa iman getirerdiler we onuň haklygyny inkär etmezdiler . olaryň käleri ýüzleý suratda we dilleri bilen "gurhan hudaýyň kitaby däl" diýselerde ýürekden onuň hakykatdygyna düşünendirler şol bir ýagdaýda hem ykrar etmeýärler. elbetde perwerdigär olaryň niýetlerinden we ýüreklerindäki zatlaryndan ägädir we olar kyýmatda agyr jezalara gabat geljekdirler. onuň garşysynda iman getirip salyhy amallary ýerine ýetirenler hem uly paý-padaşa elgerip kyýamatda öz ýagşy işleriniň netijelerini görjekdirler.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- tebigy gopgunlara üns bermek ynsany hudaýa ýetirmelidir ýogsa ýüzleý suratda gözlemek ynsany dünýäniň başyna we soňuna ilteşikli etjek däldir.

2- gurhanyň okamak, onuň aýatlaryny düşünmek bilen hemra bolmalydyr. şeýle bolan ýerinde ol ynsanda hudaý garşysynda pes päl bolmak duýgyny döredýändir .

3- ylahy jezalar we paý padaşlar ynsanyň ýüzleý işleri boýunça däldir eýsem onuň niýetine görädir we ynsanlaryň niýetinden hem diňe perwerdigär habarlydyr.

 

//////////////

Inşekak süresiniň soňy