Feb 01, 2026 09:39 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1081, süre Buruj , aýat 1-22

bölüm 1081, süre Buruj , aýat 1-22

راهی بسوی نور (1081)

Buruj süresi

Gurhany kerimiň mübärek buruj süresiniň 22 aýaty bolup ol Mekgede inen süreleriň sanyndandyr. Bu süräniň aýatlary möminleri oda atyp olary gynanýan zalymlara duýduryş berip perwerdigäriň gahar-gazaby olary dünýede we ahyretde giriftar etjekdir diýip haýbat adýar ýene bir tarapdan hem möminleriň göwinlik bermek ugurda tesella beriji sözleri ara adýar.

Buruj süresi, 1, 2, 3, 4, 5, 6, 7, 8 we 9-njy ýatlar:

وَالسَّمَاء ذَاتِ الْبُرُوجِ (1) وَالْيَوْمِ الْمَوْعُودِ (2) وَشَاهِدٍ وَمَشْهُودٍ (3) قُتِلَ أَصْحَابُ الْأُخْدُودِ (4) النَّارِ ذَاتِ الْوَقُودِ (5) إِذْ هُمْ عَلَيْهَا قُعُودٌ (6) وَهُمْ عَلَى مَا يَفْعَلُونَ بِالْمُؤْمِنِينَ شُهُودٌ (7) وَمَا نَقَمُوا مِنْهُمْ إِلَّا أَن يُؤْمِنُوا بِاللَّهِ الْعَزِيزِ الْحَمِيدِ (8) الَّذِي لَهُ مُلْكُ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ وَاللَّهُ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ شَهِيدٌ (9)

<< köp burçlary bolan asmana ant bolsun // wada berilen şol jeza gününe ant bolsun // we (ymmatynyň amallaryny güwälik berjek ) şaýada we güwäligi beriljek zada ant bolsun // (içinde adamlara azap berilýän) şol çukuryň eýelerine ölüm bolsun // lowurdap duran şol ot // olar ony tomaşa edip daşynda halka uran mahaly // (şeýdip) möminleri horlaýan mahallary ony tomaşa edýärdiler // olaryň mömüinlerden aýyp tutara zatlary ýokdy, diňe möminler senä laýyk bolan gudratly alla iman getiripdiler // asmanlaryň we zeminiň hökümrowanlygy oňa mahsusdyr we alla her bir zada şaýatdyr. >>

Bu süre köp Mekgi süreler ýaly ant içme bilen başlanýandyr bu bolsa onuň gürrüňleriniň ähmiýetlidigini beýan edýär ol hem gijelerde parlak ýyldyzlary bolan asmana ant içmek bilen . asmanda bar bolan pelek suratlary ir eýýämlerde gijelerinde ýolagçylara ýol görkeziji bolandyr. ýyldyzlara eýe bolan asmana ant içmekden soň bütin ylahy pygamberler arkaly wada berilen kyýamat güne ant içilýär. Onuň dowamynda hem kyýamat güniň göwä berijilerine we şaýatlaryna ant içýär şol günde pygamberler perişdeler we endam agzalary hem şaýatlyk berjekdirler. Näçe sany ant içmekden soň gurhan bir wakany ýatlap geçýär geçen kowumlaryň birinde kapyrlar guýylary gazyp onda ot ýakýanmyşlar olar möminleri ýa öz imanlaryndan el çekmeklige mejbur edýänmişler ýada olary şol otly guýylara atyp diri-diri ýakýardylar. kapyrlaryň özleri hem şol guýylaryň ýanynda oturyp şeýle bir howply sähneleri tomuşa edýänmişler. mysal hökmünde aýdar bolsak , müşrükler hezreti ybraýym(a)y hem oda atypdyrlar emma ylahy yrada we gudrat bilen ol hezretleri şol wakadan salamat çykypdyr we bu mesele hem onuň ber hakdygyna bir mugjyza bolandyr. gurhany kerim şeýle bir agyr gynaglaryň astynda gurban bolan möminleriň hudaýa imanly bolmakdan başga günäleri ýokdy diýip nygtaýar. Ol möminler hiç bir günä we jenaýata baş goşmazdan ýada beýlekilere yza-ezýet bermezden şeýle bir gynaglara duş bolupdyrlar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- kyýamatyň dikeltjekdigine we maada ynamly bolmak bütin pygamberler arkaly wada berilen we bütin ylahy dinlarda meňzeş bolan taglymatlardandyr.

2- perwerdigäriň özi bütin ynsanlaryň işlerinden habarly bolsada dünýede kä bir şaýatlary karar berendir we olar kyýamatda bendeleriň ýerine ýetiren işlerine şaýatlyk berjekdirler.

3- mömin ynsan iň agyr gynaglaryň astynda we hatda oda atylýan zamanynda hem öz imanyndan el çekýan däldir.

4- zalymlary lagnat etmek we olardan bizarlyk bildirmek gurhanyň öwredişlerindendir.

Buruj süresi, 10, 11, 12, 13, 14, 15 we 16-njy aýatlar:

إِنَّ الَّذِينَ فَتَنُوا الْمُؤْمِنِينَ وَالْمُؤْمِنَاتِ ثُمَّ لَمْ يَتُوبُوا فَلَهُمْ عَذَابُ جَهَنَّمَ وَلَهُمْ عَذَابُ الْحَرِيقِ (10) إِنَّ الَّذِينَ آمَنُوا وَعَمِلُوا الصَّالِحَاتِ لَهُمْ جَنَّاتٌ تَجْرِي مِن تَحْتِهَا الْأَنْهَارُ ذَلِكَ الْفَوْزُ الْكَبِيرُ (11) إِنَّ بَطْشَ رَبِّكَ لَشَدِيدٌ (12) إِنَّهُ هُوَ يُبْدِئُ وَيُعِيدُ (13) وَهُوَ الْغَفُورُ الْوَدُودُ (14) ذُو الْعَرْشِ الْمَجِيدُ (15) فَعَّالٌ لِّمَا يُرِيدُ (16)

<< imanly erkekleri we zenanlary gynap azar berenleri soň toba etmedikler, dowzahyň azaby hemde lowurdap duran oduň azaby olar üçindir // iman getirip salyhy işleri ýerine ýetiren adamlara agaçlarynyň astynda suw akyp barýan (behişt) baglary taýýar edilendir. Budur buşluk berilen uly bagtyýarlyk // dogurdan-da allanyň gahar-gazaby gaty güýçlidir // oldur ýokdan bara getiýän, ölümden soň hem direldýän // we oldur ýalkowjy we (möminleriň) dosty // oldur beýik arşyň eýesi // her nämäni islese hökman ýerine ýetirjekdir. >>

Möminleriň kapyrlar arkaly gynalmagy hakynda gürrüň bolan geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlar şeýle permaýyş edýär : dünýe çalt geçip gidýandir we Iki toparyň işi hem kyýamatda hudaý bilendir. ol zalymlary iň elhenç we göýçli azaplara duçar edipdir mezlum möminleri iň ýagşy mekan bolan behişt-de orun berjekdir. Bu aýatlar perwerdigäriň bagşandalygyny we magfyrat edijidigini nygtap şeýle permaýyş edýär: mähriban perwerdigär hatda zalymlar hem toba etmek üçin dünýede pursat berýär we olar egerde öz edýän kapyrçylygyndan we zülüm sütemlerinden el çekip toba etseler perwerdigär hem olara jeza bermekden geşjekdir. bu bolsa perwerdigäriň günäkär ynsanlara bolan çäksiz lutfy kereminden bir nyşandyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- taryh boýunda mömin zenanlar we merdanlar elmydama zalym kapyrlar eza- ezýetlerine we gynamalaryna duş bolandyrlar emma olar öz dogry ýollaryndan el çekmäni öz janlaryny elden berýänçäler durum gözkezipdirler.

2- ylahy düzgznde goşa sepjik ýokdur we elmydama tobaň gapysy açykdyr şol sebäpli hudaýyň rahmatyndan numyt bolmaklyk gadagandyr şonuň üçin ynsanlar eger hakyky suratda toba etseler perwerdigär ony kabul edip olara ýoly açyk goýjakdyr.

3- perwerdigär bütin bendelerini gowy görýändir we zalymlary hem toba çagyryp olara magfyrat edilmek wadasyny berendir.

4- ylahy mähir we gahar biziň öz amallarymyzyň netijesidir. haçan-da öz ýaramaz işlerimizden el çeksek allanyň gahary hem onuň mährine öwrüljekdir

Buruj süresi, 17, 18, 19, 20, 21 we 22-nji aýatlar :

هَلْ أَتَاكَ حَدِيثُ الْجُنُودِ (17) فِرْعَوْنَ وَثَمُودَ (18) بَلِ الَّذِينَ كَفَرُوا فِي تَكْذِيبٍ (19) وَاللَّهُ مِن وَرَائِهِم مُّحِيطٌ (20) بَلْ هُوَ قُرْآنٌ مَّجِيدٌ (21) فِي لَوْحٍ مَّحْفُوظٍ (22)

<< şol goşunlaryň habary saňa ýetdimi? // Fyrown we sämudyň goşunlarynyň habary // (diňe olar haky tekzip etmediler) eýsem (seniň gowumyň) kapyrlary hem haky tekzip etdiler // we alla heme tarapdan olary gurşap alandyr (diýmek olardan duly habarlydyr) // (bu aýatlar ýalan ýada jadygöýlik däldir) eýsem azamatly Gurhandyr // bu kitap Luhy mähfuzda goralyp saklanýandyr. >>

Bu aýatlara dünýede ylahy gaharyň Iki hiline yşarat edýär biri Nilde gark bolan Fyrownyň goşunçylaryna, ýene biri hem güýçli tupan we ýel bilen öwrülip ýatyrlan Semut kowmunyň dessanyna , bu toparyň Ikisi hem köp gudrata we mal-mülke eýe bolanlaryň sanyndandylar. Soň hezreti resuly äkrem (s)ň zamanyna yşarat edip şeýle permaýyş edýär: Seniň pygamberçiligini tekzip edenler haky bilýändirler ýöne jedel edip duşmançylyk ýüzünden ony kabul etmeýärler “olar bütin zalymlar özleriniň ylahy dergähiň gudratynyň çygryndadygyny bilýändirler we eger perwerdigär olara möhlet berip olary jezalandyrmaýan bolsa ol ejizlik ýüzünden dälde eýsem onuň pursat bermek sünneti esasyndadyr ýogsa ol bütin älem jahana häkimdir we hemmeler onuň hökmürowanlygynyň astyndadyrlar. hudaýyň kitaby her hili howpdan amandadyr we duşmanlar oňa zyýan ýetirip onuň manalaryny gyşarnyga çekip başarjak däldirler.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- geçen kowumlaryň taryhyny öwrenmek köpçülikler bilen ýüz be ýüz bolmakda hudaýyň sünnetlerini tanamak üçin zerurdyr.

2- iň güýçli we düwre bap abzallara beslenen goşunlar hem ylahy yradanyň garşysynda ejizdigine ynamly bolmalydyr.

3- zalymlar ylahy gudratyň çygryndan daşarda däldirler, perwerdigär bütin taraplardan zalymlara musallatdyr. olar hudaýyň gudratynyň astyndan çykyp başarjak däldirler emma özleri bu meseleden gapyldyrlar.

4- gurhan her hili howpdan amandadyr we perwerdigär ony gorajakdygy barada kepil geçendir.

 

/////////////

Buruj süresiniň soňy