May 21, 2018 12:20 Asia/Ashgabat

bölüm,772,süre,Ähzap,aýat 63-68

برنامه راهی بسوی نور( 772)

Ähzap süresi, 63-nji aýat:

يَسْأَلُكَ النَّاسُ عَنِ السَّاعَةِ قُلْ إِنَّمَا عِلْمُهَا عِندَ اللَّهِ وَمَا يُدْرِيكَ لَعَلَّ السَّاعَةَ تَكُونُ قَرِيباً (63)

<< ( eý pygamber! ) ilat senden kyýamatyň zamanyndan soraýarlar . aýt : onuň ylmy Allanyň ýanyndadyr we sen ondan näme bilýänsiň? belki kyýamat golaýdyr.>>

Kyýamatyň berhaklygyny inkär eder ýaly ellerinde hiç bir delilleri bolmadyk kapyrlar we munapyklar musulmanlaryň yslam pygamberine bolan ynamlaryny gowşatmak üçin ol hezretden kyýamatyň gopjak zamany barada soraýardylar . olar “pygamber bu soragyň jogabyny bilmez” diýip ony yslam pygamberinden soraýardylar .

Dogrusy bir wakanyň zamanyny bilmezlik onuň ýüze çykmasyzlygyna bir delil bolup bilmez her bir ynsanyň özüniň haçandyr bir gön öljekdigini bilýändir ölüm hakdyr ýöne onuň zamanyny hiç bir ynsan bilýän däldir .kyýamat hem şeýledir , pygamberiň kyýamatyň zamanyny bilmezligi onuň berhak däldigi manasynda däldir .

Elbetde egerde pygamber “men kyýamatyň zamanyny bilýärin kyýamat ýene bir müň ýyldan ýüze çykar” diýip kapyrlara jogap beren bolsady pygamberiň jogabynyň egriligini ýada dogrylygyny saýgarar ýaly bir müň ýyl ýaşap biljek adam bardymy? Şondan gelende yslam pygamberi berhak pygamber bolanlygy üçin kyýamatyň zamanyny bilmäge özüniň ylmynyň ýitmeýändigini we onuň ylmynyň diňe Allanyň ýanyndadygyny aýtdy.

Yslam düşünjesinde möhüm bolup durýan mesele kyýamatyň berhaklygydyr, oňa görä her bir musulman adam onuň zamanyny golaý bilip özüniň amallaryna esewan bolmalydyr.

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- kyýamatyň zamanyny bilmezlik , onuň berhaklygyny ret edýän däldir we möminler , yslam pygamberiniň dogruçylygyny kabul edýänlikleri üçin kyýamatyň berhaklygyna hem imanlary bardyr .

2- musulman we mömin adam özüni ölüme we kyýamatda Allanyň huzurna barmaklyga taýynlamalydyr. Ölümiň wagtyny bilmeklik möhüm däldir möhüm bolup durýan zat özüňi ölüme taýynlamaklykdyr .

Ähzap süresi, 64, 65 we 66-njy aýatlar:

إِنَّ اللَّهَ لَعَنَ الْكَافِرِينَ وَأَعَدَّ لَهُمْ سَعِيراً (64) خَالِدِينَ فِيهَا أَبَداً لَّا يَجِدُونَ وَلِيّاً وَلَا نَصِيراً (65) يَوْمَ تُقَلَّبُ وُجُوهُهُمْ فِي النَّارِ يَقُولُونَ يَا لَيْتَنَا أَطَعْنَا اللَّهَ وَأَطَعْنَا الرَّسُولَا (66)

<< dogrudan Alla kapyrlary lagnatlap olara güýçli ody taýýarlap goýandyr // ( kapyrlar ) hemişe oň içinde bolarlar ( we özlerine ) hemaýatçy tapmazlar .// olaryň ýüzleri oduň içinde gezdirilen güni : “käşki Allanyň we pygamberiň aýdanlaryny eden bolsadyk” diýip (hasrat bilen ) aýdarlar.>>

Gurhan kerim geçen aýatda , kapyrlaryň yslam pygamberniň berhaklygyna şübhe bildirmek üçin olaryň soran soraglaryny açyklap bereni soň bu aýatda: ilatyň dini ynam – ygtykatlaryna zarba urup olaryň yslam pygamberi bilen saklaýan ara baglanşyklaryny gowşatjak bolýan kapyrlar Allanyň rahmatyndan mahrumdyrlar we kyýamatda hem hemişelik azapda boljakdyrlar diýip aýdýar.

Kapyrlar şol güýçli azaby görenleri soň : Alla we onuň resuly bilen tersleşmezdik diýip hasrat çekerler ýöne hasrat çekmeklik olara peýda bermez sebäbi tobanyň wagty geçendir we olary bu ýowuz ýagdaýdan halas edip biljek adam bolmaz.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1-kapyrçylygyň köki hak bilen tersleşmeklige dolanýandyr we ol dünýäde we ahyretde Allanyň gazabynyň sebäpkäridir.

2-dünýädäki düzgünleriň we kada- kanunlaryň tersine kyýamatda Allanyň gazabyna duçar bolan ynsany halas edip biljek ýada onuň dadyna ýetişip biljek hiç bir güýç ýokdur .

3-dünýäde we ahyretde ynsanlary halas edip biljek ýekeje ýol olda Allanyň we resullullanyň ýolydyr her kim bu ýola eýermekden boýun gaçyrsa ahyretde gaty puşman boljakdyr.

Ähzap süresi, 67 we 68-nji aýatlar :

وَقَالُوا رَبَّنَا إِنَّا أَطَعْنَا سَادَتَنَا وَكُبَرَاءنَا فَأَضَلُّونَا السَّبِيلَا (67) رَبَّنَا آتِهِمْ ضِعْفَيْنِ مِنَ الْعَذَابِ وَالْعَنْهُمْ لَعْناً كَبِيراً (68)

<<( kapyrlar ) aýdarlar : bar hudaýa! biz öz başlyklarymyza eýerdik we olar bizi ýoldan çykardylar // bar hudaýa , olara iki esse azap ber we olary gaty güýçli suratda lagnatla .>>

Kapyrlar kyýamatda azaby görenleri soň dillerini ýaryp özleriniň gümra bolmaklaryna sebäp bolan adamlara lagnat ibererler elbetde olaryň öz başlyklaryndan etjek şikäýetleri olaryň ýazyklaryny ýumaz sebäbi olar , öz ata-babalaryna we başlyklaryna eýermegiň ýerine yslam pygamberine eýermelidiklerini we şu ýoluň ýagşy ýoldygyny gowy bilýärdiler onsoňda geçenleriniň ýoluna eýermek barada hiç kim kapyrlary mejbur etmändi we olar isleseler ata-babalarynyň ýoluny kenarda goýup dogry ýola girip bilýärdiler ýöne bu işi etmediler .

Elbetde kapyrlaryň “biziň başlyklarymyz” diýip aýdýan adamlary ellerinde gudratlary we pollary bolan gowumyň başlyklarydy, egerde olar şolara eýermegiň ýerne ylymly bilimli adamlara eýeren bolsalarda halas bolmaga umytly bolup bilerdiler .

Özleri Allanyň lagnatyna duçar bolan bu kapyrlaryň öz başlyklary üçin Alladan iki esse lagnat dilemekleri üns bermeli zatlaryň birsidir, sebäbi egerde Alla olaryň bu islegini kabul etse olaryň öz azaplary hem iki esse boljakdyr . sebäbi , kapyrlaryň başlyklary özlerine eýerýän adamlary gümra edendikleri üçin Allanyň azabyna laýyk adamlar bolýan bolsalar , olara eýerýän kapyrlar hem öz başlyklaryna ýetiren hemaýatlary üçin Allanyň azabyna laýykdyrlar sebäbi egerde kapyrlar öz başlyklaryny goldaman bolsalardy olar hem bir özleri , zalymlykly ýollaryny dowam edip bilmezdiler.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- kapyrlar we günäkär adamlar kyýamatda özleriniň eden etmişlerini başgalaryň boýnyna oklajak bolup tagalla edýändirler .

2- oýlanmany bir köpçüligiň başlyklarynyň aýdan- diýenine eýermeklik kabul ederli däldir, sebäbi bu işiň soňunyň puşmanlyga öwrülmegi mümkindir.

3- köpçülikde nädogry däpleri ýörgün edip ilaty gümra edýän adamlar , ölenleri soň hem şol gümraçylyk barada jogap bermeli bolarlar.

////////////////