May 21, 2018 12:25 Asia/Ashgabat

bölüm,773,süre,Ähzap,aýat 69-73

راهی بسوی نور (773)

Ähzap süresi 69-njy aýat :

يَا أَيُّهَا الَّذِينَ آمَنُوا لَا تَكُونُوا كَالَّذِينَ آذَوْا مُوسَى فَبَرَّأَهُ اللَّهُ مِمَّا قَالُوا وَكَانَ عِندَ اللَّهِ وَجِيهاً (69)

<< eý iman getiren adamlar ! Musa azar beren adamlar ýaly bolmaň , bes Alla ony , onuň hakynda aýdylýan zatlardan päkledi we ol Allanyň ýanynda abraýly kişidi.>>

Geçen gepleşiklerde bu süräniň 57-nji aýatynyň gürrüňlerini beýan edemizde , Medinäniň munapyklarynyň yslam pygamberine ýetiren azarlaryny aýdyp berdik . Medine şäherinde musulmanlardan aýry jühitler hem ýaşaýardylar we olar Karunyň we Fyrounyň hezreti Musa(a.s) hakynda aýdýan sözlerini we töhmetlerini dile getirýärdiler we olaryň aýdýan bu sözleri musulmanlaryň gulagyna ýedýärdi . şonuň üçin hem Gurhan kerim bu aýatda möminlere duýduryş berip : hezreti Musa hakynda jühitleriň agzyndan eşidýän zatlaryňyzy we myş-myşlaryňyzy onuň , munuň ýanynda aýdyp ýörmäň sebäbi Alla , özüniň gowy bendesi we ilçisi bolan Musanyň päkligine güwälik berýändir we Allanyň ýanynda abraýly bolan kişini biabraý etjek bolup tagalla etmäň diýip aýdar .

Gurhan kerim bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- duşmanlaryň din başlyklarynyň halk arasyndaky at-abraýlaryna ysnat ýetirmek ugurda ýola berýän işleriniň birisi-de myş-myş ýaýratmaklykdyr .

2-mömin adamlar Alla bolan imanyny gurajak bolsalar ylahy pygamberleriň päkligine ykrarly bolup olara her hili dil ýetirmekden saklanmalydyrlar.

3-taňry tagala , päk ynsanlary has hem pygamberleri duşmanlaryň ýaýradýan myş-myşlarynyň we töhmetleriniň garşysynda gorap olardan arka çykýandyr onda biz hem şeýle bolmalydyrys.

Ähzap süresi 70 we 71-nji aýatlar:

يَا أَيُّهَا الَّذِينَ آمَنُوا اتَّقُوا اللَّهَ وَقُولُوا قَوْلاً سَدِيداً (70) يُصْلِحْ لَكُمْ أَعْمَالَكُمْ وَيَغْفِرْ لَكُمْ ذُنُوبَكُمْ وَمَن يُطِعْ اللَّهَ وَرَسُولَهُ فَقَدْ فَازَ فَوْزاً عَظِيماً (71)

<< eý iman getiren adamlar ! Alladan gorkyň ( takwa boluň ) we dogry sözläň ( we bihuda sözlemekden saklanyň ) // tä Alla siziň amallaryňyzy düzeldip günäleriňizi ýalkasyn we her kim Alla we onuň resuluna eýerse şübhesiz ol gaty bagtly bolandyr.>>

Gurhan kerim öňki aýatda möminleri boş gürrüňleri dile getirmekden saklamakdan soň bu aýatda : “dogrylygy subut bolmadyk sözleri aýtmakdan hem saklanyň , haklygyna şek-şübhe bolmadyk sözleri aýdyň, aýdýan sözleriňiz , mäkäm gala ýaly bolsun we oňa şek-şübhe girzip bolmasyn ýada aýdýan sözleriňiz , içeri maşgalalarda we il gün arasynda kynçylyk döretmesin” diýip aýdýar. Sözlemekde dogry sözläp aýtjak bolýan zadyňy deslap saldamlap haky aýdýan adamlaryň we mömin dogany hakynda myş-myş ýaýratmakdan saklanýan adamlaryň ozalky ýazyklaryny alla tagala geçjekdir . dogrusy boş gürrüňleri dile getirmekden saklanyp hak sözi dile getirmeklik takwalylygyň nyşanalaryndandyr. Sözlemekde işini düzeldýän adamlaryň ýazygyny bolsa Allanyň özi ýalkajakdyr.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- musulman adam imanyny gorajak bolsa hökman diline esewan bolmalydyr we söz sözlär bolanda Alladan gorkyp sözlemelidir we her bir sözi dile getirmekden saklanmalydyr .

2-owadan sözlemek ýeterlik däldir eýsem maňyzy bolmalydyr we owadan sözlemekden hak sözi aýtmak möhümräk bolmalydyr.

3-musulman adam özüniň eden-etmişlerini düzeltjek bolup tagalla etse Alla hem onuň öňki ýazyklaryny geçip ony dogry ýola hedaýat eder.

Ähzap süresi, 72 we 73-nji aýatlar :

إِنَّا عَرَضْنَا الْأَمَانَةَ عَلَى السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ وَالْجِبَالِ فَأَبَيْنَ أَن يَحْمِلْنَهَا وَأَشْفَقْنَ مِنْهَا وَحَمَلَهَا الْإِنسَانُ إِنَّهُ كَانَ ظَلُوماً جَهُولاً (72) لِيُعَذِّبَ اللَّهُ الْمُنَافِقِينَ وَالْمُنَافِقَاتِ وَالْمُشْرِكِينَ وَالْمُشْرِكَاتِ وَيَتُوبَ اللَّهُ عَلَى الْمُؤْمِنِينَ وَالْمُؤْمِنَاتِ وَكَانَ اللَّهُ غَفُوراً رَّحِيماً (73)

<< biz öz amanatymyzy asmanlara , ýere we daglara arz etdik emma olar ony kabul etmekden boýun gaçyryp ondan gorkdylar ýöne ynsan ony öz boýnuna aldy . şübhesiz ol , ( dogry amanatdar bolmanlygy üçin ) gaty sütemkär we nadandyr // tä Alla munapyk zenanlary we erkekleri we müşrik zenanlary we erkekleri (amanata eden haýynlygy üçin ) azap bersin we mömin zenanlaryň we erkekleriň ( amanatdarlykda goýberen kemçiliklerini ) geçsin we Alla hemişe ýalkawçy we mähribandyr.>>

Gurhan kerimiň Ähzap süresiniň soňky aýatlary bolýan bu aýatlarda  bir möhüm mesele diýmek ynsanyň beýleki janly jandarlardan bolan artykmaç tarapyna yşarat edip amanatdarlygy ynsanyň beýleki närselerden bolan artykmaç tarapy diýip beýan edýär . dogrysy Allanyň hödürlän bu amanatyny hiç bir haýwan , hiç bir närse kabul etmedi ahyrda ynsan ony kabul etdi şonuň üçin hem ynsan Allanyň lutfy kereminden paýly boldy .

Gurhan kerimiň bu ýerde ylahy amanat diýip aýdýan zady ynsanyň durkundaky ylahy ruhdyr Alla tagala öz deminden ynsana ruh bagyş edendir şonuň üçin hem şeýle bir ruha eýe bolan ynsan oýlanyp bir zady saýlap seçip bilýändir, ygtyýar bilen bir işi edip ýene bir işi goýup bilýändyr şu hili ynsan hem pelle- pelle ýokary galyp kemalyň ýokary derejelerine ýetip bilýändir . emma beýleki närseler , haýwanlar we ösümlikler bu nygmatdan mahrumdyrlar  we şu ylahy ruhdan paýly bolmandyklary üçin kemalyň ýokary derejelerine ýetjek ynsan hökman bu ylahy amanaty gorap ondan dogry haýyrlanmalydyr ýöne gynanç bilen köp ynsanlar Allanyň bagyş eden bu nygmatyndan dogry haýyrlanman bu ylahy amanata zyýan ýetirýändirler şeýdipde amanata hyýanat edýändirler Allanyň beren amanatyny goramakda kemçilik goýberen adamlar ahyrda Allanyň gazabyna giriftar boljakdyrlar emma şu adamlar hem toba edip öňki işlerini düzelden ýerlerinde Alla hem olaryň ýazygyny geçjekdir.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwretýän sapaklary :

1- ynsan , Allanyň bagyş eden ylahy amanatyny ýagny Allanyň oňa bagyş eden ylahy ruhyny goramalydyr sebäbi bu ylahy ruh ynsanyň beýleki närselerden we jandarlardan bolan artykmaç tarapydyr . onda ynsanlar Allanyň beren bu nygmatynyň gadyryny bilip ondan dogry suratda haýyrlanmalydyr.

2-yslamyň garaýşyndan zulum dilen zat diňe özleriniň hakynda  edilýän sütemkärlik däldir eýsem Allanyň beren nygmatlaryndan dogry haýyrlanmazlykda sütemkärlik hasaplanýandyr .

3- ylahy amanatyň yzynda uly jogapkärçilik ýatandyr ýene bir ybaratda ylahy amanat uly jogapkärçiligi talap edýändir indi her kim  bu jogapkärçilikde tapylyp bilmese ol Allanyň gazabyna uçrajakdyr.

4- kemalyň ýokary derejelerine ýetmekde ýa kemaldan daş duşup ruhy we ahlagy jähetlerden gaty bozgaklyga uçramakda erkekler bilen zenanlaryň arasynda hiç hili parh ýokdur isleseler olaryň ikiside kemalyň ýokary derejelerine ýetip bilerler we islemeseler hem olaryň ikiside gaty ýaramaz adamlar bolup bilerler.

////////////