May 28, 2018 00:18 Asia/Ashgabat

bölüm,774,süre,säba,aýat 1-5

راهی بسوی نور (774)

Säba süresi:

Ähzap süresiniň gürrüňleriniň soňlamagy bilen Säba süresiniň gürrüňlerine girişýäris, Säba süresi Mekgede yslam pygamberine inenseň Mekgi süreleriň hataryna girýändir. Bu sürede Säba kowumunyň ykbaly barada gürrüň bolýandyr şonuň üçin bu süre Säba süresi diýlip aýdylandyr.

Säba süresi, birinji we ikinji aýatlary:

الْحَمْدُ لِلَّهِ الَّذِي لَهُ مَا فِي السَّمَاوَاتِ وَمَا فِي الْأَرْضِ وَلَهُ الْحَمْدُ فِي الْآخِرَةِ وَهُوَ الْحَكِيمُ الْخَبِيرُ (1) يَعْلَمُ مَا يَلِجُ فِي الْأَرْضِ وَمَا يَخْرُجُ مِنْهَا وَمَا يَنزِلُ مِنَ السَّمَاءِ وَمَا يَعْرُجُ فِيهَا وَهُوَ الرَّحِيمُ الْغَفُورُ (2)

<<>>

Biz tebigatdan , dagdan, jeňňelden, derýalardan ýada dürli haýwanlardan we ösümliklerden çekilen gözel suratlary synlap haýranlar galýarys we şeýle bir gözel suratlary çeken adamlara berekella berýäris, indi şu gözellikleriň suratlaryny göremizde ony döreden suratkeşe berekella diýýän bolsak şu gözellikleri ýokdan bara getiren Alla berekella we aperin aýtmaklyga laýyk dälmidir?

Gurhany kerimiň Bäş süresi Allanyň hamdy senasy bilen başlanýandyr we olaryň iň gysgasy bolsa Hamd süresidir, Hamd süresini bolsa her namazda okaýandyrys, şol Bäş süräň ýene birisi bolsa Säba süresidir. We bu sürede bolsa Alla bu barlygy şeýle bir gözel ýaradanlygy üçin oňa hamdy senalar aýdylandyr. Alla hem barlygy ýokdan bara getirendir hemde ondaky barça zatlardan habarlydyr. Hiç bir zat Allanyň ylmynyň ýanynda basyrgyly däldir, we Alla özüniň ylymy we hekmeti bilen dünýäni dolandyrýandyr. Ahyretde bolsa behişt ähli Alla tagala hamy senalar aýtjakdyrlar, sebäbi Alla özüniň adly we fazly bilen ynsanlara çemeleşip ýagşy ynsanlara artykmaçlygy bilen serpaý berendir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

  1. Hamdy sena aslynda Alla üçindir, kemal eýesi bolan her bir ynsan hakynda öwgili sözler aýdylsa aslynda ol sözler şol ynsany ýaradan Alla üçindir.
  2. Allanyň dünýä we ynsan hakyndaky ylmy bir umumy ylym däldir eýsem Alla älem-jahanyň we ynsanyň bütin taraplaryndan doly habarlydyr we olaryň jikme jigini bilýändir.

Säba süresi, 3-nji aýaty:

وَقَالَ الَّذِينَ كَفَرُوا لَا تَأْتِينَا السَّاعَةُ قُلْ بَلَى وَرَبِّي لَتَأْتِيَنَّكُمْ عَالِمِ الْغَيْبِ لَا يَعْزُبُ عَنْهُ مِثْقَالُ ذَرَّةٍ فِي السَّمَاوَاتِ وَلَا فِي الْأَرْضِ وَلَا أَصْغَرُ مِن ذَلِكَ وَلَا أَكْبَرُ إِلَّا فِي كِتَابٍ مُّبِينٍ (3)

<<>>

Allany inkär edýän adamlaryň , barlygyň asly eýesini inkär edýän adamlaryň kyýamat gününi inkär etmekleri bir tebigy zatdyr, olar kyýamatda ynsanyň ýaňadan direlip mizan-tereziň başynda häzir bolmaklaryny kabul etmeýärler, emma yslam pygamberi bu aýatda: “siziň bu aýdýan zadyňyz kapyrlaryň arzuw hyýalydyr olar dünýäde eden-etmişleri üçin özleriniň kyýamatda soraga çekilmeklerini islemeýärler şonuň üçin hem olar “biziň kesen kellämiziň soragy bolmasyn “ diýip dünýäde her bir jenaýaty we günä işi etmegiň tarapdarydyrlar we kyýamaty bolsa özleriniň bu işleriniň garşysynda böwet bilip oň bilen tersleşýärler” diýip aýdýar.

Dogrusy ynsanlaryň hemmesi hä kapyr bolsynlar hä musulman, olaryň hemmesi kyýamat gününde mizan- tereziň başynda häzir bolup özleriniň dünýäde eden-etmişleri barada jogap bermeli boljakdyrlar. Taňry tagala bolsa şol günde her bir ynsanyň amallaryna perişdeleriň ýazan Amal depderi esasynda ýetişiklik etjekdir, we her bir ynsanyň amallary hatda iňňäň ujy ýaly bolsada gözden düşüriljek däldir.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

  1. kyýamaty inkär edýän adamlaryň ony inkär eder ýaly hiç bir delilleri ýokdur eýsem olar diňe güman bilen kyýamaty inkär edýändirler.
  2. Ynsan şeýle bir Allanyň huzuryndadyr weli ol Alla ynsanyň hemme zadyndan habarlydyr we ynsan özüniň bir zadyny Alladan basyryp bilýän däldir.
  3. Dünýäde ynsanlaryň ýaşaýyşynda işiň maddy tarapynyň täsiri känräkdir ýöne kyýamatda işleriň magnewi we hil tarapynyň täsiri güýçliräk bolýandyr.

Säba süresi, 4 we 5-nji aýatlary:

لِيَجْزِيَ الَّذِينَ آمَنُوا وَعَمِلُوا الصَّالِحَاتِ أُوْلَئِكَ لَهُم مَّغْفِرَةٌ وَرِزْقٌ كَرِيمٌ (4) وَالَّذِينَ سَعَوْا فِي آيَاتِنَا مُعَاجِزِينَ أُوْلَئِكَ لَهُمْ عَذَابٌ مِّن رِّجْزٍ أَلِيمٌ (5)

<< Alla iman getirip ýagşy işleri eden ynsanlara serpaý bermek üçin  olaryň amallaryny hasaba alandyr, olara ýagşy ryzk bilen ýalkaw garaşýandyr.// bizi ejizletjek bolup biziň aýatlarymyzy inkär etmekde tagalla edenlere bolsa güýçli azap bilen ajy ykbal garaşýandyr.>>

kyýamatda ynsanlaryň işlerine ýetişiklik etmek barada bolan öňki aýatlaryň dowamynda Gurhany kerim bu aýatlarda ynsanlaryň kyýamatda gabat geljek ykballaryna yşarat edip: kyýamatda ynsanlar iki topara bölünjekdirler olaryň bir topary dünýäde eden ýagşy işleri üçin behişt ählinden boljakdyrlar olar üçin kyýamatda ýagşy ryzk bardyr emma ikinji topar dünýäde eden-etmişleri üçin we Gurhany inkär etmekleri üçin kyýamatda olar üçin güýçli azap bardyr, olar özleriniň dünýäde edýän amallary bilen allany ejizledip bileris diýen gümandadylar” diýip aýdýar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1-kyýamatda Allanyň tarapyndan bolan serpaýa ýetmek üçin dünýäde ýagşy işleri edip mömin bolmak gereklidir.

2-ynsanlaryň içinden we olaryň niýetlerinden doly habarly bolan kimse ynsana adalata laýyk serpaý ýada jeza berip biler, şeýle ýöriteligi bar bolan kimse Alladan gaýry hiç kim däldir.

3-yslam dinini we Gurhany ejizletjek bolup tagalla edýän duşmanlaryň hilelerine esewan bolmalydyr, sebäbi olar musulmanlary Gurhandan daşlaşdyrjak bolup tagalla edýändirler.

 

/////////////////