May 28, 2018 00:35 Asia/Ashgabat

bölüm,775,süre,säba,aýat 6-9

راهی بسوی نور (775)

Säba süresi, 6 we 7-nji aýatlar:

وَيَرَى الَّذِينَ أُوتُوا الْعِلْمَ الَّذِي أُنزِلَ إِلَيْكَ مِن رَّبِّكَ هُوَ الْحَقَّ وَيَهْدِي إِلَى صِرَاطِ الْعَزِيزِ الْحَمِيدِ (6) وَقَالَ الَّذِينَ كَفَرُوا هَلْ نَدُلُّكُمْ عَلَى رَجُلٍ يُنَبِّئُكُمْ إِذَا مُزِّقْتُمْ كُلَّ مُمَزَّقٍ إِنَّكُمْ لَفِي خَلْقٍ جَدِيدٍ (7)‏

<< ylym bagyş edilen adamlar , repbiň tarapyndan saňa iberlen zady , hamdy sena laýyk bolan güýçli Allanyň ýoluna hedaýat edýän hakykat bilýändirler // we kapyrçylyk edýän adamlar  “size bir adamdan gürrüň bereli weli ol adam ( bedeniňiz gabyrda ) dargany soň size täze ýaşaýyşy tapjakdygyňyz barada habar berýän bolsynmy” diýip aýdarlar .>>

Geçen aýatlarda kyýamaty inkär edip halky Allanyň ýolundan çykarjak bolýan adamlaryň hakynda gürrüň etdik . gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda aýdýar : ylymly -bilimli ynsanlar , saňa iberilýän aýatlary turu başdan Başdan ret edýän däldirler eýsem olar hakynda gowy oýlanýandyrlar we oýlanmak bilen hem saňa iberlen aýatlaryň ber haklygyna göz ýetirýändirler we dogry ýoluň Gurhanyň aýatlaryndadygyny duýýandyrlar.

Yslam pygamberiniň zamanynda kitap ähliniň alymlarynyň we ulamalarynyň bir topary gury täsipleri kenara taşlap yslam pygamberine iman getirip musulman boldylar. Taryh boýunda gurhanyň aýatlaryny okap yslam dininiň ber haklygyna göz ýetirip musulman bolan ähli kitap alymlaryň sany az däldir . elbetde bu toparyň garşysynda ýene bir topar adamlar bardyr weli olar yslam pygamberini we gurhan kerimi ret etmek üçin kyýamatyň gürrüňini orta çekip : hiýde kyýamat dilen zat boljakmy? Hiýde ynsan ölüp jisimi guma garlan soň ol ýaňadan direlip täze ýaşaýyşy tapjakmy? diýip masgara edýärdiler.

Bu topar ynsanyň we dünýäň ýaradylmagy üçin belli bir başlangyç zamanyň barlygyny inkär edip bilmeýärdiler, şonuň üçin hem olar halky pygamberden we yslam ýolundan daşda saklamak üçin kyýamaty inkär edip bu hili sözleri dile getirýärdiler.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- “din ynsanlaryň nadanlygyndan göz baş alýar” diýip aýdýan kä alymlaryň tersine yslam dininiň ber haklygyna göz ýetirip oňa iman getiren alymlaryň sany az däldir .

2- pygamberleriň ýol- ýodasy , iman ähliniň baş ýokarlygyna sebäp bolýandyr.

3- pygamberler bilen tersleşýän adamlar öz akyllaryndan peýdalanmagyň deregine pygamberleri masgaralap olary halkyň gözünden düşürjek bolýandyrlar.

Säba sürüsi, 8 we 9-njy aýatlar :

أَفْتَرَى عَلَى اللَّهِ كَذِباً أَم بِهِ جِنَّةٌ بَلِ الَّذِينَ لَا يُؤْمِنُونَ بِالْآخِرَةِ فِي الْعَذَابِ وَالضَّلَالِ الْبَعِيدِ (8) أَفَلَمْ يَرَوْا إِلَى مَا بَيْنَ أَيْدِيهِمْ وَمَا خَلْفَهُم مِّنَ السَّمَاءِ وَالْأَرْضِ إِن نَّشَأْ نَخْسِفْ بِهِمُ الْأَرْضَ أَوْ نُسْقِطْ عَلَيْهِمْ كِسَفاً مِّنَ السَّمَاءِ إِنَّ فِي ذَلِكَ لَآيَةً لِّكُلِّ عَبْدٍ مُّنِيبٍ (9)

<< megerde ( pygamber ) Alla ýalan ýapýarmy? Ýada ol mejnunmy? (elbetde bile däl ) eýsem ahyrete imanlary bolmadyk adamlar güýçli azapda we gümralykdadyrlar . // megerde olar gökdäki we ýerdäki we garşylaryndaky we arkalaryndaki zatlary synlap görmedilermi? Islesek olary ýere ýuwutdyrarys ýada depelerine gökden ( daşlary ) indereris . dogrudanda bu işde toba edýän bendeler üçin ybratlar bardyr.>>

Kyýamaty inkär edýän kapyrlar we müşrikler kyýamatyň ber haklygy barada yslam pygamberniň aýdýanlaryny ret edip : “kyýamatyň bolmagy barada bu adamyň aýdýan zatlary ýalandyr bu adam bu zatlary hudaý tarapyndan aýdýaryn diýen bolýar , ol däli- telbedir , akly ýerinde däldir şonuň üçin hem bu sözleri aýdýandyr ýogsa akly jaýynda bolan adamlar hiýde şu hili sözleri aýdarlarmy?” diýip aýtdylar.

Taňry tagala bu aýatlarda olaryň bu gürrüňleriniň jogabynda : pygamber ne ýalançydyr we nede däli - telbedir eýsem siz uly gümralyk belasyna giriftarsyňyz şonuň üçin hem yslam pygamberiniň bu baradaky hak sözüni kabul etmejek bolýarsyňyz ýada kyýamaty inkär edip kyýamatyň azabyndan gutularsyňyz öýtýärsiňizmi?” diýip aýdýar.

Taňry tagala bu aýatlaryň dowamynda hak bilen jedel edýän bu kapyrlara ýüzlenip : uly gudrat bilen ýaradylan gögi we ýeri görmeýärsiňizmi? Şol azamatly zatlary ýokdan bara getirip bilýän Alla sizi , ölmekden soň direldip bilmezmi? Allanyň bu işi edip biljekdigine şek edýärsiňizmi? Alla islese bir güýçli ýer yranma bilen siziň baryňyzy ýere ýuwutdyryp bilmezmi ? ýada asmandan uly-uly daşlary inderip siziň öý – ozarlaryňyzy ýok edip bilmezmi ? diýip sorag berýär. elbetde her bir akylly ynsan bu işleriň Allanyň elinden geljekdigini bilýändir, sebäbi bu işler şu mahalyň özünde hem kä ýerlerde bolup durandyr . onda nähili käler bu hakykatlary gözden sowup kyýamatyň ber haklygyny inkär edýärler ?

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- kä adamlar ýaradylyşy Allanyň başlandygyny ykrar edýän ýagdaýlarynda Allanyň buýruklaryny ýerine ýetirmejek bolup kyýamaty inkär edýändirler sebäbi olar , kyýamaty kabul eden ýagdaýlarynda kyýamatyň azabyndan gutulmak üçin Allanyň beren buýruklaryny hem ýerine ýetirmeli boljakdyrlar.

2-ahyretde kapyr bolmaklyk , köp azgynçylyklaryň we günäli işleriň sebäpkärdir.

3-ýaradylyşyň azamaty barada oýlanmaklyk ynsanyň barlygyň eýesine bolan imanyny güýçlendirmegiň ýanynda onuň ahyrete bolan imanyny hem güýçlendirjekdir .

4- ýer titreme ýaly tebigy gopgunlaryň garşysynda elinden zat gelmeýän ynsan kyýamatda nähili özüni Allanyň azabyndan halas edip biljekmiş ?

5- barlyk barada oýlanmaklyk ynsany Allanyň bendeligine tarap iterip ony başga zatlaryň bendeliginden azat etjekdir.

 

////////////