May 28, 2018 00:38 Asia/Ashgabat

bölüm,776,süre,säba,aýat 10-13

راهی بسوی نور (776)

Säba süresi, 10 we 11 nji aýatlar :

وَلَقَدْ آتَيْنَا دَاوُودَ مِنَّا فَضْلاً يَا جِبَالُ أَوِّبِي مَعَهُ وَالطَّيْرَ وَأَلَنَّا لَهُ الْحَدِيدَ (10) أَنِ اعْمَلْ سَابِغَاتٍ وَقَدِّرْ فِي السَّرْدِ وَاعْمَلُوا صَالِحاً إِنِّي بِمَا تَعْمَلُونَ بَصِيرٌ (11)

<< we biz öz tarapymyzdan Dawuda pazylat bagyş etdik ( we aýtdyk): eý daglar we eý guşlar ( Allanyň senasyny aýtmakda ) öň bilen sazdaş boluň we demiri onuň üçin ýumşadyň // ( eý Dawut ) uly we kämil sowut ýasa we ( şol demir dony ) ýasamakda ( onuň halkalaryny ) dogry olça we ýagşy iş et (sebäbi ) men siziň edýän işleriňizi synlap durandyryn.>>

 Geçen gepleşigiň soňunda toba ähliniň gürrüňini agzadyk , elbetde Gurhan kerim (Sat ) süresiniň 24-nji aýatynda hem toba meselesine yşarat edip: hezreti Dawud (a.s) Taňry tagalanyň derkäsine hemişe toba ederdi diýip aýdýar . emma Säba süresiniň 10-njy we 11-nji aýatlary bolsa hezreti Dawudyň we onuň perzendi bolan hezreti Süleýmanyň ýaşaýşynyň kä taraplaryny beýan edýär.Gurhany kerim bu aýatlarda , Näml süresinde hem aýdyşy ýaly Taňry tagalanyň hezreti Dawuda bagyş eden köp nygmatlaryny beýan edýär. Şol nygmatlaryň deslapkysy janly- jansyz zatlaryň , ösümlikleriň we haýwanlaryň Allanyň zekrini aýtmakda dawuda hemralyk edýänlikleridir.

We ýaňky närseleriň hemralyk etmekleri bilen ýer , gök , Allanyň zekrini etmekdäki pyşyrdydan dolýardy . rowaýatlarda gelşine görä hem yslam pygamberiniň eline alan daşlary hem şu hili Allanyň zikrine maşgul bolandyrlar we olaryň zikrini bolsa ol hezretiň sahabalary eşidendirler.

Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda Allanyň hezreti Dawuda bagyş eden ýene bir artykmaç tarapyna yşarat edip : biz Dawuda demirden , demir don we sowut ýasap özüni we ýaranlaryny duşmanyň howpyndan gorap bilmegi üçin oňa demiri mum ýaly eredip bilmegine şert döretdik we oňa şeýle bir başarjaňlygy bagyş etdik diýip aýdýar. Belli bolşundan hezreti dawutdan ozal hem ynsanlar uruşlarda özlerini okdan we gylyçdan goramak üçin demir dondan peýdalanypdyrlar ýöne olaryň peýdalanýan demir donlary gaty agyr bolupdyr özide demir halkalaryndan bejerilýän sowut görnüşinde bolman eýsem galpak görnüşindäki demir böleklerinden ybarat bolupdyr, ol demir donlar bolsa gaty agyr bolupdyr. emma Allanyň islegi bilen hezreti dawud , demiri deslap eredip ondan kiçi – kiçi halkalary bejeripdir soň şol halkalary bir-birlerine ildirip ony demir don görnüşine çykarypdyr . bu demir don hemä ýeňil bolupdyr hemde ony geýen adamy duşmanyň gylyjyndan we okynda gowy gorap bilipdyr.

Gurhany kerim bu aýatlaryň soňunda hezreti Dawud we onuň kowumyna ýüzlenip : sowut ýaly uruş enjamlary ulanmakda olardan dogry ýolda haýyrlanyň sebäbi Alla siziň bütin işleriňizden habarlydyr diýip nygtaýar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- Taňry tagalanyň derkähine ýüzlenip toba edýän ynsanlar Allanyň lutfy keremine gabat geljekdirler.

2- barlykdaky närseleriň hemmesi Allanyň emrinden çykyp bilmezler .

3- ýeriň assyndaky magdanlardan we ýeriň üstündäki baýlyklardan ynsanyň bähbidi ugrunda haýyrlanmaklyk Allanyň nygtan zatlaryndandyr .

4- senagatda we bir zady öndürmekde dykgatly işläp gowy-gowy zatlary öndürmelidir we halkyň derdine ýarajak zatlary bejermelidir.

Säba süresi, 12 we 13 nji aýatlar :

وَلِسُلَيْمَانَ الرِّيحَ غُدُوُّهَا شَهْرٌ وَرَوَاحُهَا شَهْرٌ وَأَسَلْنَا لَهُ عَيْنَ الْقِطْرِ وَمِنَ الْجِنِّ مَن يَعْمَلُ بَيْنَ يَدَيْهِ بِإِذْنِ رَبِّهِ وَمَن يَزِغْ مِنْهُمْ عَنْ أَمْرِنَا نُذِقْهُ مِنْ عَذَابِ السَّعِيرِ (12) يَعْمَلُونَ لَهُ مَا يَشَاءُ مِن مَّحَارِيبَ وَتَمَاثِيلَ وَجِفَانٍ كَالْجَوَابِ وَقُدُورٍ رَّاسِيَاتٍ اعْمَلُوا آلَ دَاوُودَ شُكْراً وَقَلِيلٌ مِّنْ عِبَادِيَ الشَّكُورُ (13)

<< we ertirlerine bir aýlyk ýoly we agşamlaryna hem bir aýlyk ýoly aşyp bilýän ýeli süleýmanyň ( eýeligine ) geçirdik we Mis bulagyny onuň üçin akdyrdyk we perwerdigäriniň rugsaty bilen Jynlaryň bir topary onuň gullugyndadylar we olaryň her gaýsy biziň emrimizden ýüz öwürse oňa güýçli azaby dadyrýardyk // olar ( Jynlar ) süleýmanyň mahrablardan , heýkellerden we howuzdyr gazan ýaly uly -uly gaplardan buýurýan zatlaryny oňa ýasap berýärdiler .

Eý Dawudyň hanadany! ( bu nygmatlaryň ) şükrüni kylyň ýöne meniň bendelerimiň sanlyjasy şükür edýänlerdendir.>>

Gurhan kerim geçen aýatlarda Allanyň hezreti Dawuda bagyş eden nygmatlaryny beýan edeni soň bu aýatlarda Allanyň onuň perzendi Süleýmana bagyş eden Üç nygmatyna yşarat edýär . Allanyň hezreti Süleýmana bagyş eden deslapky nygmaty häzirki zamanda ulanylýan Balon ýaly bir Arş gämisi bolmaly. bu Arş gämisi ýerden ýokary galanda ýel ony , Süleýmanyň aýdan ýerine äkidýän bolmaly. Süleýman bolsa bu wesile bilen bir aýlyk ýoly bir salymda aşýanmyş.

Emma Allanyň hezreti Süleýmana bagyş eden ikinji nygmaty , uly -kiçi gap- gaçlary ýasamak üçin onuň Bakyr maddasyny ýa şol Misi eredip bilmegidir . eger hezreti DawuD demiri eredip ondan uruş esbaplaryny ýasan bolsa hezreti Süleýman hem  Misi eredip ondan durly abzallary bejermegi başarandyr . emma Allanyň hezreti Süleýmana bagyş eden üçünji nygmaty bolsa Jynlaryň bir toparynyň onuň gullugynda bolmaklarydyr hezreti Süleýman bolsa şol Jynlaryň kömegi bilen ynsanyň aklyna sygmaýan uly we kyn işleri bitirendir.

Taňry tagalanyň hezreti Süleýmana bagyş eden ikinji nygmaty diýmek onuň Misi eredip ondan durly gap - gaçlary ýasap bilmegi hemme ynsanlar üçin bir belli işdir. emma Allanyň Süleýmana bagyş eden birinji we üçünji nygmatlary diýmek ýeliň we Jynyň hezreti Süleýmanyň gullugynda bolmaklary hemme ynsanlar üçin näbelli zatdyr. hata kä ynsanlaryň bu gürrüňleri bir erteki we owham bilmekleride mümkindir . emma mömin ynsanlar dünýäde mady zatlardan başga gaýby zatlaryň hem huzurlydyklaryny we şol gaýby zatlaryň , dünýäde ýüze çykýan kä wakalarda täsirlidiklerini kabul edip oňa imanlary bardyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1-hudaýlykly pygamberler ynsanyň aklyna sygmaýan kä işleri edip bilýändirler.

2- ynsan Jynlary eýelenip bilýändir ýöne Alla rugsat bermese bu iş edilmeli däldir.

3- ynsanlaryň ösüp öňä gitmekleri ogrunda Allanyň taglymaty bilen pygamberler demir we mis ýaly maddalardan haýyrlanyp ynsanlaryň derdine ýarajak durly abzallary we enjamlary ýasandyrlar we olary ýasamak ýoluny hem beýleki ynsanlara öwredendirler .

4- Misi eredip ondan durly zatlary ýasamak işiň gadymlygy hezreti Süleýmanyň zamanyna dolanýandyr.

 

//////////////