May 28, 2018 00:43 Asia/Ashgabat

bölüm,777,süre,säba,aýat 14-17

راهی بسوی نور (777)

Säba süresi, 14 -nji aýat :

فَلَمَّا قَضَيْنَا عَلَيْهِ الْمَوْتَ مَا دَلَّهُمْ عَلَى مَوْتِهِ إِلَّا دَابَّةُ الْأَرْضِ تَأْكُلُ مِنسَأَتَهُ فَلَمَّا خَرَّ تَبَيَّنَتِ الْجِنُّ أَن لَّوْ كَانُوا يَعْلَمُونَ الْغَيْبَ مَا لَبِثُوا فِي الْعَذَابِ الْمُهِينِ (14)‏

<< Süleýmanyň gazasy dolup onuň janyny alamyzda , olary d (Jynlary ) onuň ölüminden habarly eden kişi bolmady , meger ýer astyndaky gymyldaýan ( gurçuk ) onuň hasasyny idi, Süleýmanyň ( heýkeli ) baş aşak gaýtdy. şonda Jynlar egerde gaýypdan habarly bolsalardy şol uly azapda galmazdylar .>>

Geçen gepleşikde Süleýman pygamberiň düründe bar bolan senagatyň bir näçesine yşarat etdik . gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda aýdýar : hezreti Süleýmanyň hökmürowanlygy şeýle bir güýçli bolsada Allanyň islegi bilen onuň gazasy doldy we hezreti Süleýman öz hasasyna daýanyp durka jan berdi ýöne onuň ölüminden hiç kim habarly bolmady ahyr soň gurçuk onuň daýanyp duran hasasyny idi netijede hezreti Süleýman baş aşak gaýtdy we şondan soň ilat onuň ölüminden habarly boldular .

Hezreti Süleýmanyň gullugynda bolan Jynlar hem onuň ölüminden bihabar galdylar haçanda hasa döwlüp hezreti Süleýmanyň göwresi ýere ýykylanda Jynlar hem onuň ölüminden habarly boldular. egerde olar – diýmek Jynlar – gaýypdan habarly bolsalardy Süleýmanyň ölüminden habarly bolup onuň ölüminden soň hem agyr işleri edip ýörmezdiler .

Hezreti  Aly(a.s) hem Nähjülbälaga kitabynyň 182-nji Hutbasynda hezreti Süleýman hakynda şeýle diýýär : egerde bir adam ölümden gutulyp dünýäde hemişelik ýaşamaly bolsa ol hezreti Süleýmandy sebäbi ol hem ynsanlara hemde Jynlara hökmürowanlyk edýärdi şeýlede ol Allanyň söýen bendesidi we özide pygamberdi ýöne şonda-da ol ölümden gutulyp bilmedi.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- ynsan her bir orunda bolsada pygamber ýada soltan bolsada ol ölümden gutulyp bilmez . onda öz ornumyza ýada baýlygymyza magtanmaly däl sebäbi bir gün bu zatlaryň hemmesini şu dünýäde galdyryp gitmelidiris .

2-hezreti Süleýmanyň hökmürowanlygy şeýle bir güýçli bolsada ony ýere ýykan, hasaba gelmeýän gurçuk bolandyr şondan soň hemmeler onuň ölüminden habarly bolandyrlar .

Säba süresiniň 15-nji aýaty :

لَقَدْ كَانَ لِسَبَإٍ فِي مَسْكَنِهِمْ آيَةٌ جَنَّتَانِ عَن يَمِينٍ وَشِمَالٍ كُلُوا مِن رِّزْقِ رَبِّكُمْ وَاشْكُرُوا لَهُ بَلْدَةٌ طَيِّبَةٌ وَرَبٌّ غَفُورٌ (15)

<< Säba gowumy üçin olaryň ýaşaýan ýerlerinde (Allanyň gudratyndan we rahmetinden ) bir nyşan bardy ( ol nyşan ) olaryň sag - solundaky iki uly bagdy. perwerdigäriňiziň beren ryzkyndan iýiň we onuň şükrüni berjaý kylyň päk we arassa ülkäňiz bar we perwerdigäriňiz bolsa ýalkawjydyr.>>

Geçen gepleşikde iki pygamberiň diýmek hezreti Dawud bilen hezreti Süleýmanyň ykballaryna yşarat etdik olaryň owazalary dag aşsa-da hiç mahal menliklenmändirler eýsem Allanyň beren nygmatlarynyň şükrüni berjaý kylypdyrdylar we Allanyň beren nygmatlaryny halkyň asudalygy ugrunda sarp edipdirler . emma gurhan kerim bu aýatda we mundan soň gelýän aýatlarda Säba kowumunyň ykbalyna girişýär. Alla Säba kowumuna köp nygmatlary beripdi ýöne olar Allanyň beren bu nygmatlarynyň şükrüni berjaý kylmagyň ýerine ol nygmatlary harladylar. Alla bolsa başgalara ,ybrat bolar ýaly olary bu işleri üçin jezalandyrdy .

Säba kowumy Ýämän ýurdunyň bir howasy ýokumly ýerinde ýaşaýardylar. olar şol ýerde bir akaryň ugurynda suw howdanyny gurup şonuň sowy bilen daýhançylyk edýärdiler we daýhançylykda we maldarçylykda olaryň ýurtlary öz döwriniň ösen ýurtlaryndan hasaba gelýärdi .

Howdanda ýygnanýan suw bir oly kanal arkaly ilatyň ýerlerine ýetirilýärdi we şol kanalyň iki tarapy bir bir giden bag-bostanlykdy we şol baglardan ýylyň boýunda durly miweler emele gelýärdi we şol ýurduň howasy hem päk we arassady. bu zatlar bolsa Allanyň şol ülkä nazarynyň siňendigini mälim edýärdi onsoňda Alla tagala bu zatlardan aýry Säba kowumynyň eden etmişlerini hem ýalkaýardy we olaryň goýberen hata işleri zerarly olaryň ryzkyny kemýärdi .

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- tebigatyň gözelligi , bag -bostanlyklar we dürli iý imişleri öndürýän agaçlaryň bolmagydyr bu zatlar Allanyň ululygynyň nyşanalaryndandyr.

2- daýhançylyk bilen bir ülkäni abatlamaklyk gowy işdir we  bu iş ahyretiň gazanmaklyga ters gelýän däldir .

Säba süresi, 16 we 17-nji aýatlar:

فَأَعْرَضُوا فَأَرْسَلْنَا عَلَيْهِمْ سَيْلَ الْعَرِمِ وَبَدَّلْنَاهُم بِجَنَّتَيْهِمْ جَنَّتَيْنِ ذَوَاتَى أُكُلٍ خَمْطٍ وَأَثْلٍ وَشَيْءٍ مِّن سِدْرٍ قَلِيلٍ (16) ذَلِكَ جَزَيْنَاهُم بِمَا كَفَرُوا وَهَلْ نُجَازِي إِلَّا الْكَفُورَ (17)

<< ýöne olar ( Alladan ) ýüz öwürdiler biz bolsa olaryň üstüne güýçli sil iberip olaryň ( datly miweli ) iki baglaryny ajy miweli we ýylgyn agaçly we bir az Sedir agaçly baglara öwürdik //bu iş , olaryň eden kapyrçylygy üçindi. Hide biz kapyrçylyk edýänlerden başgalary jezalandyrarysmy?>>

Ilat  Allanyň berýän maddy we magnewi nygmatlarynyň garşysynda iki topara bölünýärler , olaryň bir topary  Allanyň beren nygmatlarynyň şükrüni berjaý kylyp şol nygmatlardan dogry ýollarda haýyrlanýarlar. emma ikinji topar bolsa ellerine bir nygmat düşende Allany unudyp şol nygmatlardan nä dogry ýollarda we özleriniň gara nebislerini razy etmek ugurda peýdalanýarlar, Aäba kowumyna Alla tarapyndan köp nygmatlar berilen hem bolsa olar Alladan ýüz öwrüp özleriniň haý – höwesleriniň yzynda boldular kyýamaty unudyp Alla tagalaga dogry bendelik etmediler . baýlary garyplary unutdylar belkide öz mal,-mülklerine magtanyp garyplaryň ýanynda menliklendiler, halk köpçüligi hem ahyreti unudyp dünýä ýapyşdylar şeýdipde Säba gowumy Allanyň beren bu nygmatlaryny harladylar we onuň şükrüni berjaý kylmadylar Alla bolsa olaryň eden bu kapyrçylygy üçin olaryň üstüne güýçli sili ibermek bilen Säba kowumynyň abat ülkesini weýran etdi . şäherlerini we bag – bostanlaryny dargatdy şondan soň olaryň baglary dogry miwe bermedi berse-de ajy boldy .

gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- Allanyň beren nygmatlarynyň şükrüni berjaý kylmalydyr, egerde berjaý kylynmasa Allanyň gaharyny yzyna tirkejekdir .

2- adamlaryň we halklaryň ykballary olaryň öz ellerindedir bu bir ylahy kadadyr , geçmişde hem şeýle bolandyr geljekde hem şeýle boljakdyr .

3- günä işlere aýak diremeklik Allanyň azabyny yzyna tirkeýändir ýöne her bir ynsan günä işden daş dursa Alla onuň ozalky günälerini hem ýalkajakdyr.

 

////////////////