May 30, 2018 17:48 Asia/Ashgabat

bölüm,778,süre,säba,aýat 18-21

راهی بسوی نور (778)

Säba süresi, 18 we 19 -njy aýatlar:

وَجَعَلْنَا بَيْنَهُمْ وَبَيْنَ الْقُرَى الَّتِي بَارَكْنَا فِيهَا قُرًى ظَاهِرَةً وَقَدَّرْنَا فِيهَا السَّيْرَ سِيرُوا فِيهَا لَيَالِيَ وَأَيَّاماً آمِنِينَ (18) فَقَالُوا رَبَّنَا بَاعِدْ بَيْنَ أَسْفَارِنَا وَظَلَمُوا أَنفُسَهُمْ فَجَعَلْنَاهُمْ أَحَادِيثَ وَمَزَّقْنَاهُمْ كُلَّ مُمَزَّقٍ إِنَّ فِي ذَلِكَ لَآيَاتٍ لِّكُلِّ صَبَّارٍ شَكُورٍ (19)

<< we bereket beren ýerlerimiz bilen olaryň arasynda belli sanda obalary goýdyk ( tä ) belli zamanda bu obalaryň arasyny aşyp bolar ýaly we gije gündizlerine arkaýynlykda sapar edip bolar ýaly // şondada olar ( näşükürlik edip) : bar hudaýa biziň saparlarymyzyň arasyny aç diýip aýtmak bilen özlerine sütem etdiler . bes ( başgalara ybrat bolar ýaly ) olaryň ýaşaýyşyny dessana öwürdik we olary pir – pytyr etdik. dogrudanda bu wakada , sabyrly we şükür ediji her bir ynsan üçin ybrat alar ýaly nyşanalar bardyr .>>

Geçen gepleşikde Ýämän ýurdunda ýaşaýan Säba kowumunyň ykbalyny beýan etdik . gurhany kerim bu aýatlarda hem şol kowumuň ýaşaýyşyna girişip aýdýar : Alla olara şeýle bir nygmatlary bagyş edipdi weli olar bir uly we abadan ülkede ýaşaýardylar Alla tarapyndan köp nygmatlar eçilen bu ülkede obalar ýygy – ýygy ýerleşipdiler hemme ýer bag – bagça we al-elwanlykdy, ilatyň kemçiligi ýokdy we olar bol elin ýaşaýyşlaryndan hezil alýardylar. ýöne olar Allanyň bagyş eden bu nygmatlarynyň gadyrny bilmediler olaryň köpüsi bu nygmatlaryň hakyky eýesi bolan Allany unutdylar özleriniň mal -mülkleri üçin bir-birlerine magtanyp ugradylar. olar bu bol elin ýaşaýyşdan ýadan adamlara meňzeýärdiler we bu ýagdaýyň üýtgäp adamlaryň we obalaryň arasynyň açylmagyny isleýärdiler . Allanyň beren bu nygmatlarynyň şükürni berjaý kylmagyň deregine näşükürlik etmeklik başlaryna uly musybatyň inmegine sebäp boldy we olaryň ülkeleriniň abadanlygyna sebäp bolan şol golaýdaky suw howdany ýarylyp olaryň ýaşaýan öýleri suwuň astynda galyp weýran boldylar. şeýlelik bilen olaryň ykbaly we eden näşükürligi başgalara ybrat alar ýaly dessana öwrüldi .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- berlen nygmatlaryň şükrüni kylmalydyr şükri kylynmadyk ýerinde ol nygmatlar biziň elimizden alynjakdyr.

2- näşükürlik ýaly hata işleriň jezasy şu dünýäde ynsanyň ýakasyndan ýapyşjakdyr.

3- gurhany kerim , ybrat we pent almak üçin geçen kowumlaryň we halyklaryň ykballaryny okyp öwrenmegi tabşyrýandyr .

Säba süresi, 20 we 21-njy aýatlar:

وَلَقَدْ صَدَّقَ عَلَيْهِمْ إِبْلِيسُ ظَنَّهُ فَاتَّبَعُوهُ إِلَّا فَرِيقاً مِّنَ الْمُؤْمِنِينَ (20) وَمَا كَانَ لَهُ عَلَيْهِم مِّن سُلْطَانٍ إِلَّا لِنَعْلَمَ مَن يُؤْمِنُ بِالْآخِرَةِ مِمَّنْ هُوَ مِنْهَا فِي شَكٍّ وَرَبُّكَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ حَفِيظٌ (21)

<< elbetde Iblis ( şeýtan ) “olar hakynda aýdanym boldow” diýip guman etdi ( şonda ) sanlyja mömin adamlardan aýry hemmeler oňa eýerdiler // elbetde Iblisiň olara üstemligi ýokdy – meger ahyrete imany bolan kişi bilen oňa şek edýän kişini saýgarmak üçin diýmeseň – elbetde perwerdigäriň hemme zadyň goraýjysydyr.>>

Iblis şeýtan Allanyň derkäsinden kowulany soň ol özüniň kowulmagynda adam (a.s)-y  ýazykly bilip kyýamata çenli onuň perzentlerini dogry ýoldan çykarjakdygy barada ant içdi elbetde Iblis şeýle bir işi edip bilerin diýip güman etdi gurhany kerim bu aýatlarda aýdýar: Şeýtan Säba kowumy hakynda öz arzuw hyýalyna ýetdim diýip begendi. sebäbi Säba kowumnyň köpüsi onuň ýolundan gidip onuň aýdanlaryny etdiler, diňe sanlyja mömin adamlar onuň aýdanyny etmediler .

Taňry tagala bu aýatlaryň dowamunda aýdýar: Şeýtan, halka diýenini etdirdip olary günä ýollara çekýär diýip güman etmäň eýsem ol adamlary diňe  günä iş etmek barada waswasa edýändir Alla bolsa şeýtana diňe ynsanlary günä iş etmek barada waswasa etmeklige rugsat berendir we şeýtanyň ynsanlary günä iş etmeklige mejbur etmäge haky ýokdur . indi kimler Şeýtanyň waswasasyna aldanyp günä işlere ýüzlenýärler? elbetde imanlary gowşak bolan adamlar . bu adamlar imanlarynyň gowşaklygy zerarly öz gara nebisleriniň islegleriniň öňünde durup bilmän basymlykda günä işlere ulaşýarlar . elbetde Alla öz bendeleriniň edýän amallaryndan habarlydyr we Alla özüniň ylmy bilen bendelerine jeza ýada serpaý berýän däldir eýsem Alla bendäniň amallaryny görüp şonuň esasynda oňa jeza ýada serpaý berýändir .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- Şeýtanyň ynsana ornamagyna şert döredýän zatlaryň birisi-de, ynsanyň Allanyň beren nygmatlarynyň şükürini berjaý kylmaklygy unutmagydyr ýada bu meselä üns bermezligidir.

2- Taňry tagala bir tarapdan ynsana erk -ygtyýar beripdir aýry bir tarapdan hem akyldyr wahynyň üsti bilen näme zadyň egri we näme zadyň dogrydygyny oňa görkezendir bu arada pygamberler we öwliýalar ynsanlary dogry ýola çagyrýandyrlar we Şeýtan we onuň ýaranlary bolsa ynsanlary egri we gyşyk ýola çagyrýandyrlar . ahyr soňda her bir adam özüniň erk -ygtyýary bilen haýsy ýoly saýlap aljak diýse alyp bilýändir.

 

//////////////