May 30, 2018 17:56 Asia/Ashgabat

bölüm,780,süre,säba,aýat 25-30

راهی بسوی نور (780)

Säba süresi, 25 , 26 we 27-nji aýatlar:

قُل لَّا تُسْأَلُونَ عَمَّا أَجْرَمْنَا وَلَا نُسْأَلُ عَمَّا تَعْمَلُونَ (25) قُلْ يَجْمَعُ بَيْنَنَا رَبُّنَا ثُمَّ يَفْتَحُ بَيْنَنَا بِالْحَقِّ وَهُوَ الْفَتَّاحُ الْعَلِيمُ (26) قُلْ أَرُونِي الَّذِينَ أَلْحَقْتُم بِهِ شُرَكَاء كَلَّا بَلْ هُوَ اللَّهُ الْعَزِيزُ الْحَكِيمُ (27)

<< ( eý pygamber olara ) aýt : siz biziň edýän işlerimizden soralmarsyňyz we biz ( hem ) siziň edýän işleriňizden soralmarys // ( ýene ) aýt : biziň perwerdigärimiz ( kyýamat gününde ) bizi we sizi ýygnar soň siz bilen biziň aramyzda hak bilen kara çykarar we oldur bilimli kazy // aýt : şärik hökmünde Alla goşan zatlarňyzy maňa görkeziň” diýip , hergiz beýle däldir eýsem oldur gudratly hekim Alla .>>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Resululla ilaty Allanyň ýoluna çagyrmakda olardan dogry oýlanyp hak ýoluny saýlamaklaryny isleýär sebäbi her kim özüniň saýlan ýolunyň we eden işleriniň jogabyny bermeli bolar . gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda aýdýar : kyýamatda her kim özüniň saýlan ýoly barada we eden etmişleri hakda jogap bermeli bolar elbetde halkyň arasyndaky meselelere ýetişiklik etmek we olaryň dawalary barada karar çykarmaklyk Allanyň paýna düşýändir sebäbi ol , ýer- gögi ýaradyp bütin ynsanlaryň hal ýagdaýlaryndan doly habarlydyr şonuň üçin hem Alla özüniň ylmy bilen ynsanlaryň işlerine adalat ýüzünden ýetişiklik edip her kimä eden amallaryna görä jeza ýada serpaý berjekdir . dünýäde hemmeler “meň ýolum we edýän işlerim dogry” diýip toslaýarlar kimiň dogry kimiň egri aýdýanlygyny saýgarmak hem gaty kyn . emma kyýamat bu toslamalaryň jaýy däldir we Alla özüniň ylmy bilen kimiň dogry we kimiň nä dogry aýdýanlygyny bilip hak bilen batylyň arasyny me saňa diýip görkezjekdir. Gurhany kerim bu aýatlaryň soňkysynda müşriklere ýüzlenip : siziň Alla şärik tutunýan zatlaryňyz ýalandyr we siz olar Allanyň şärikleri mykam diýip guman edýärsiňiz siz bu toslamaňyzy subut edip bilmersiňiz olar ýöne bir agaçdan we daşdan ýasalan heýkelleridir  we ýaradylyşda we barlygyň işlerine çäre görmekde olaryň Alla şärik bolar ýaly şertleri ýokdur diýip aýdýar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- kyýamat-da hak we batyl esasynda adamlaryň amallaryna ýetişiklik ediljekdir we adamlaryň haýsy milletdendigine ýada kime baryp çatýanlygyna üns beriljek däldir .

2- garşydaşlarymyz bilen gepleşemizde olary günäli adamyň ornunda goýup gürleşmeli däldiris . Resululla hem müşrikler bilen gepleşmeli bolanda : Alla bizi öz işlerimiz üçin sizi hem öz işleriňiz üçin sorag astyna aljakdyr diýip aýdýarmyş.

3-müşrikleriň Allanyň ornunda goýýan zatlary indi ol zatlar perişdeler bolsynlar ýada butlar hiç parh edenok şol zatlaryň özleri ,özlerini  Allanyň şärigi bilýän däldirler .

Säba süresi 28 -nji aýat :

وَمَا أَرْسَلْنَاكَ إِلَّا كَافَّةً لِّلنَّاسِ بَشِيراً وَنَذِيراً وَلَكِنَّ أَكْثَرَ النَّاسِ لَا يَعْلَمُونَ (28)

<< we biz seni halka diňe buşluk we duýduryş bermek üçin iberdik ýöne adamlaryň köpüsi bilmeýärler .>>

Towhyt we şirk hakyndaky gürrüňlerden soň gurhany kerim bu aýatda yslam pygamberi hezreti Muhammet (s.a)-iň pygamberlik borjunyň diňe Arabystan-da ýada Hejaz ülkesine däl eýsem bütin dünýä mahsusdygyny belläp geçýär. Yslam dini ilki bada Hejaz ülkesine ýaýrapdyr.gurhan kitaby Arap diline inen hem bolsa yslamyň we gurhanyň ýüzlenýän tarapy diňe Arabystan ülkesinde ýaşaýan Araplar bolan däldir eýsem yslamyň we gurhanyň taglymaty bütin ynsanlary öz içine alýandyr.

Gurhany kerimiň Furkan süresiniň birinji aýaty hem yslam pygamberiniň çakylygyny bütin ynsanlara mahsus bilendir.

Gurhany kerim bu aýatda hem yslam pygamberiniň ynsanlary terbiýelemekde haýyrlanýan şiwesini açyklap : ol haka ýüzlenýän ynsanlary dünýäň we ahyretiň bagtyýarlygy bilen buşlandyr we hakdan ýüz öwürýän ynsanlar bolsa ahyretiň azaby bilen duýduryş berýändir diýip aýdýar.

Pygamberiň berýän bu duýduryşlaryna we buşluklaryna garamazdan ynsanlaryň köpüsi gynanç bilen özleriniň bagtyýar ýada betbagt bolmaklarynda imanyň we kofryň oýnaýan roluny bilýän däldirler.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1- yslam pygamberiniň çakylygy bir jahanlyk çakylykdyr we onuň getiren dini hem bütin ynsanlara degişlidir we käleriň : yslam pygamberi Arap bolupdyr we bizlerden däl diýip aýtmaklary kabul ederli däldir.

2-pygamberler , halky Allanyň buýruklaryny ýerine ýetirmeklige mejbur etmäge borçly bolan däldirler eýsem olar diňe Allanyň wahyýsyny olara ýetirmeklige borçly bolandyr . şonuň üçin hem pygamberler , halka , kapyrçylyk barada duýduryş berip iman barada hem buşluk berendirler.

Säba süresi 29 we 30-njy aýatlar:

 وَيَقُولُونَ مَتَى هَذَا الْوَعْدُ إِن كُنتُمْ صَادِقِينَ (29) قُل لَّكُم مِّيعَادُ يَوْمٍ لَّا تَسْتَأْخِرُونَ عَنْهُ سَاعَةً وَلَا تَسْتَقْدِمُونَ (30)

<< ( kapyrlar ) : dogry aýdýan bolsaň ( kyýamat barada berýän ) wadaň wagty haçandyr diýip aýdýarlar .//( olara ) aýt : size ( berlen ) wadaň wagty bir gün bolar weli ( şonda ol wada ) ne bir sagat yza galar nede bir sagat öňe düşer” diýip >>

Gurhany kerim towhyt we pygamberlik meselesine yşarat etmekden soň bu aýatlarda kyýamat meselesine girişip : kyýamaty inkär edýän adamlaryň ellerinde kyýamaty ret etmekde hiç delilleri ýokdur eýsem olar diňe “ kyýamatyň wagty belli däl”  diýen bolup ony inkär etmegiň yzyndadyrlar diýip aýdýar.

Dogrusy hemmeler özleriniň haçandyr bir gün öljekdiklerini bilýärler ýöne oň gününi we sagatyny bilmeýärler indi ynsanyň öljek zamanynyň belli däldigi üçin ölümi inkär edip bolarmy ? elbetde bolmaz .

Gurhany kerim hem bu aýatlarda : kyýamatyň boljaklygyna şek-şübhe ýokdur we onuň gopjak zamany hem Allanyň belli edip goýan zamanyndan ne bir sagat yza galar, nede bir sagat öňe düşer we ynsanlar hem kyýamatyň nyşanalaryny görüp ondan gaçyp gutulyp bilmezler ýada oň zamanyny yza oklap bilmezler onda her kim şu mahaldan kyýamatda özüniň amallary barada jogap bermeli boljakdygy hakda oýlanmalydyr diýip aýdýar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

  1. kyýamatyň zamanyny diňe Alla bilýändir we ondan hatda pygamberler hem habarly däldirler.
  2. Kyýamatyň wagty barada şeýlede kyýamatda ynsanlara nähili ser paýyň ýada jezaň berilşi barada bahanaň gözleginde bolmagyň ýerine gowusy kyýamatda ýagşy işlerden elimiz boş bolmaz ýaly özümizi düzeltmelidiris.

/////////////////