May 30, 2018 18:01 Asia/Ashgabat

bölüm,781,süre,säba,aýat 31-33

راهی بسوی نور (781)

Säba süresi,  31-nji aýat :

وَقَالَ الَّذِينَ كَفَرُوا لَن نُّؤْمِنَ بِهَذَا الْقُرْآنِ وَلَا بِالَّذِي بَيْنَ يَدَيْهِ وَلَوْ تَرَى إِذِ الظَّالِمُونَ مَوْقُوفُونَ عِندَ رَبِّهِمْ يَرْجِعُ بَعْضُهُمْ إِلَى بَعْضٍ الْقَوْلَ يَقُولُ الَّذِينَ اسْتُضْعِفُوا لِلَّذِينَ اسْتَكْبَرُوا لَوْلَا أَنتُمْ لَكُنَّا مُؤْمِنِينَ (31)‏

<< kapyr bolanlar : “biz ne bu gurhan ( kitabyna ) we nede ondan ozal inen kitaba iman getirmeris” diýip aýtdylar , bu sütemkärleriň öz perwerdigärleriniň huzurynda soraga çekilen mahallaryny bir görseňiz ( haýranlar galarsyňyz  ) ( şol ýerde ) olaryň käleri , käleri bilen jedel edip öz ýazyklaryny bir- birleriniň üstüne oklaýandyrlar . ezilen adamlar ezijilere : “siz bolman bolsadyňyz biz hökman mömin bolardyk” diýip aýdarlar>>

Gurhany kerim geçen aýatlarda kyýamatda möminleriň we kapyrlaryň orunlaryny beýan etmegiň dowamynda bu aýatda aýdýar : kapyrlar asmanlyk kitaplaryň towhyt we kyýamat hakynda aýdýan zatlaryny inkär edip olary kabul edýän däldirler olar oýanmak kasdy bolmadyk ýalandan ýatan adamyň mysalydyrlar olara hak barada her näme aýtsaň olaryň kabul etjek ýeri bolmaz. Gurhany kerim bu aýatyň dowamynda aýdýar : dünýäde hak bilen jedel edip ony inkär edýän şu kapyrlar kyýamat gününde öz ýazyklaryny başgalaryň üstüne oklajak bolup tagalla ederler şonuň üçin hem olar özleriniň dowzahy başlyklarynyň ýakasyndan ýapyşyp: “egerde siz bizi azdyrman bolsadyňyz biz hökman iman getirip bu belalara giriftar bolmazdyk” diýip aýtjakdyrlar.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- hak bilen jedel edip onuň öňünde durmaklyk ynsany kapyrlyk ýoluna çekjekdir şonuň üçin hem hak bilen jedel edýän ynsan hergiz iman getirmez .

2- asmanlyk kitaplaryň hemmesiniň ýoly bir zatdyr oňa görä kapyrlar şol kitaplaryň hiç birisine iman getirýän däldirler .

3- kapyrlyk we dinsizlik , öz hakyňda we pygamberleriň hakynda uly sütemkärlikdir.

4- kyýamat gününde ynsany iman halas etjekdir.

Säba süresi, 32 we 33-nji aýatlar:

قَالَ الَّذِينَ اسْتَكْبَرُوا لِلَّذِينَ اسْتُضْعِفُوا أَنَحْنُ صَدَدْنَاكُمْ عَنِ الْهُدَى بَعْدَ إِذْ جَاءكُم بَلْ كُنتُم مُّجْرِمِينَ (32) وَقَالَ الَّذِينَ اسْتُضْعِفُوا لِلَّذِينَ اسْتَكْبَرُوا بَلْ مَكْرُ اللَّيْلِ وَالنَّهَارِ إِذْ تَأْمُرُونَنَا أَن نَّكْفُرَ بِاللَّهِ وَنَجْعَلَ لَهُ أَندَاداً وَأَسَرُّوا النَّدَامَةَ لَمَّا رَأَوُا الْعَذَابَ وَجَعَلْنَا الْأَغْلَالَ فِي أَعْنَاقِ الَّذِينَ كَفَرُوا هَلْ يُجْزَوْنَ إِلَّا مَا كَانُوا يَعْمَلُونَ (33)

<< ( ýöne ) ezijiler özleriniň ezen adamlaryna aýdarlar : “biz sizi üstüňize gelen hedaýat ýolundan alyp galdykmy? eýsem siziň özüňiz günäkärlerden boldyňyz” .// şonda ezilenler ezijilere aýdarlar : siziň gije- gündiz ( diýmän ýola beren ) hiläňiz sebäp boldy, şonda siz bize Hudaýa kapyr boluň we oňa şärik tutunyň” diýip emir edýärdiňiz diýerler . olar haçanda azaby görenlerinde öz puşmanlyklaryny basyrarlar we biz kapyrlaryň boýunlaryna zynjyrlary oklarys ( olara ) eden etmişlerinden gaýry zatlar üçin jeza berlermi? >>

Gurhany kerim bu aýatlarda bir näçe gaýtar eziji we ezilen adamlar hakynda gürrüň gozgaýar . belli bolşyndan gurhany kerimiň bu aýatlar-da ezilen adamlar diýip aýdýan adamlary, özlerinden erik- ygtyýarlary bolman her näme başgalar diýseler şony edýän adamlar bolmaly, şonuň üçin hem eziji adamlar özleriniň ellerindäki serişdelerden peýdalanyp bu hili adamlary islän ýerlerine çekýändirler . gurhany kerimiň bu aýatlarda adyny çekýän ezijileri ilata zor aýdyp olary özlerine tabyn edýän däldirler eýsem olar dürli serişdelerden we propaganda işlerden haýyrlanyp başgalary öz diýýän ýollaryna çekýändirler. ezijileriň bu işleriniň netijesinde hem ilatyň bir topary asmanlyk kitaplaryň we pygamberleriň aýdanlaryny etmän ezijileriň aýdanlaryny edýändirler.

Gurhany kerimiň bu aýatlaryndan belli bolşyna görä , kyýamatda hiç kim öz ýazyklaryny başgalaryň üstüne oklap özlerini azapdan halas edip biljek däldir eýsem her kim özüniň eden etmişleri barada jogap bermeli boljakdyr.

Elbetde ezijiler halky dogry ýoldan çykarandyklary üçin hem jogap bermeli boljakdyrlar, ýöne ezilen adamlar öz ýazyklaryny ezijileriň üstüne oklap azapdan gutulyp biljek däldirler .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- bozgak köpçüligiň ynsanlarda ýaramaz täsirleri bolsada köpçüligiň bir özi ynsanlary gönä işlere mejbur edýän däldirler oňa görä hiç kim kyýamatda , özüniň eden etmişleriniň ýazygyny köpçüligiň ýada başgalaryň üstüne oklap bilmez .

2- kyýamatda hiç kim , hiç kimiň eden etmişleriniň ýazygyny kabul etmez .

3- pygamberleriň we asmanlyk kitaplaryň çakylygyny eşidip  ony kabul etmedik adamlar , kyýamatda jogap bermeli bolarlar .

4- ellerinde dürli serişdeler bolan eziji adamlar ýada eziji gudratlar halky Hudaý ýolundan çykarjak bolup gije-gündiz alada edýändirler .

5- azgyn ynsanlar töwerek daşyndaky adamlary telekeçilikden saklamagyň deregine olary teleke ýollara çagyrýandyrlar, olar özleriniň bu işleri bilen hem köpçüligi egri ýola hedaýat edýändirler.

 

////////////////