bölüm,782,süre,säba,aýat 34-37
bölüm,782,süre,säba,aýat 34-37
راهی بسوی نور (782)
Säba süresi, 34 we 35-nji aýatlar :
وَمَا أَرْسَلْنَا فِي قَرْيَةٍ مِّن نَّذِيرٍ إِلَّا قَالَ مُتْرَفُوهَا إِنَّا بِمَا أُرْسِلْتُم بِهِ كَافِرُونَ (34) وَقَالُوا نَحْنُ أَكْثَرُ أَمْوَالاً وَأَوْلَاداً وَمَا نَحْنُ بِمُعَذَّبِينَ (35)
<< we biz hiç haçan duýduryş beriji ( pygamber ) ibermedik meger şol ülkäň baý- baranda adamlary : “biz siziň iberlen zatlaryňyz barada kapyrdyrys” diýip aýtdylar.// şeýlede olar : “biziň mal -mülkümiz we öwladymyz ( sizleriňkiden ) köpräk we bize azap berilmez” diýip aýtýarlar.>>
Geçen gepleşikde ezijileriň ezilen adamlar bilen kyýamatda nähili gürrüň etjekdikleri barada we olaryň arasynda bolup geçjek ýagdaý hakynda gürrüň etdik . gurhan kerim bu ýatlarda aýdýar: dünýäde dürli näz -nygmatlardan paýly bolup günlerini aýşy aşratda geçirýän ezijiler özlerini özgelerden artykmaçdyr öýtýärler we özleriniň mal-mülklerine we handanynyň ululygyna buýsanýandyrlar olar pygamberleriň aýdýan zatlaryna üns berýän däldirler sebäbi baranda we eziji adamlar , öz töweregine garyp- gasarlary üýşüren pygamber bilen kelamdaş bolmagy özlerine kemlik bilýändirler . olar şeýlede “bizden pygamberlere we olaryň kitaplaryna iman getiren bolmaz egerde aýdýanyňyz dogry bolup kyýamat dilen zat bar bolsa şol günde Alla bize azap bermez sebäbi ol bizi gowy görýändir şonuň üçin hem Alla bize munça baýlygy we öwlady bagyş edendir” diýip açaçanlykda beýan edýändirler.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- käde baýlyk we orun mertebe ynsanyň gözüni kör edýändir we şol ýagdaýda ynsan hak sözi kabul edýän däldir we pygamberleriň aýdýan zatlaryny hem delilsiz ret edýändir.
2- bir ynsanyň dünýä malynyň köp bolmagy onuň Alla ýakynlygy üçin däldir eýsem dünýä malyndan paýly bolmaklyk ynsanyň üstüne jogapkärçilik we her kimiň mal-mülki köp bolsa onuň jogapkärçiligi hem şonça köp bolýandyr.
3-aýşy-aşratyň yzynda bolmaklyk köp wagtlarda ynsany hakdan daşlaşdyrýandyr.
4- her kim dünýäde bol elin ýaşaýyşdan paýly bolup ahyretde Allanyň gazabyna giriftar boljak ynsanlar az däldir .
Säba süresi, 36-njy aýat:
قُلْ إِنَّ رَبِّي يَبْسُطُ الرِّزْقَ لِمَن يَشَاءُ وَيَقْدِرُ وَلَكِنَّ أَكْثَرَ النَّاسِ لَا يَعْلَمُونَ (36)
<< aýt : meň perwerdigärim her kimi islese onuň ryzkyny artykmaç eder ýada ryzkyny kemer ýöne muny köp adamlar bilmeýärler.>>
Gurhan kerim öňki aýatda : eziji adamlar dünýädä bol-elin ýaşaýyşdan paýly bolmaklaryny Allanyň olara bolan lutfy keremi bilýärler diýip aýtmakdan soň bu aýatda : bir kişiniň ryzkynyň artykmaç ýada az bolmagy Allanyň muhabbetiniň ýada gazabynyň nyşanasy däldir diýip aýdýar.
Dogrusy ynsanlaryň ryzyklarynyň parhly bolmagy Allanyň hekmetine baglydyr, Alla özüniň hekmeti bilen her kime belli mukdarda ryzk berendir we bu meseläň Allanyň muhabbetine ýada gazabyna degişli ýeri ýokdur .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:
1- bir ynsana ryzkyň berilmegi ýada onuň elinden nygmatyň alynmagy Allanyň hikmetine degişlidir . bu meseläň Allanyň muhabbetine ýada gaharyna – gazabyna degişli ýeri ýokdur.
2- pygamberleriniň borçlarynyň biriside ynsanlaryň aňyýetindäki Alla baradaky nädogry pikirleri we garaýyşlary düzeltmekdir mysal üçin ynsanlaryň elindäki nygmatlar hemişe Allanyň muhabbetiniň nyşany däldir .
3- elimizdäki mal -mülkleri we ogul- gyzlary Alladan bilmelidiris , “men zähmet çekip bu zatlara ýetdim” diýip aýtmaklyk dogry däldir.
Säba süresi, 37-nji aýaty :
وَمَا أَمْوَالُكُمْ وَلَا أَوْلَادُكُم بِالَّتِي تُقَرِّبُكُمْ عِندَنَا زُلْفَى إِلَّا مَنْ آمَنَ وَعَمِلَ صَالِحاً فَأُوْلَئِكَ لَهُمْ جَزَاء الضِّعْفِ بِمَا عَمِلُوا وَهُمْ فِي الْغُرُفَاتِ آمِنُونَ (37)
<< mal- mülkleriňiz we perzentleriňiz sizi bize ýakynlaşdyrýan zatlar däldirler – meger iman getirip ýagşy işi edýänleriňiz bolmasa – bes bu hili adamlara amallaryna görä iki esse serpaý bardyr we olar ( behiştdäki ) otaklarynda asuda we arkaýyn ýaşarlar .>>
Gurhan kerimiň Tugabun süresiniň 15-nji aýaty esasynda Allanyň ynsana bagyş eden bütin nygmatlary şol sanda onuň baýlygy we öwlady diňe synag üçindir. Allanyň nygmatlaryndan paýly bolup bu nygmatlardan halkyň peýdasy ogrunda haýyrlanýan adamlar az däldirler. bu hili ynsanlara kyýamatda Alla köp serpaý berjekdir, aýry bir tarapdan bolsa Allanyň beren nygmatlaryny gizläp şol nygmatlardan halka haýyr ýetirmeýän adamlar hem az däldirler ýöne bu hili ynsanlara kyýamatda azap garaşýandyr.
Şeýlede garyplykdan we ýoksyzlykdan kyn gönleri başdan geçirseler-de öz günine sabyr edip telek işlerden saklaýan adamlar hem az däldirler. Alla kyýamatda bu sabyrly adamlara eden sabyrlarynyň serpaýyny berjekdir.
Aýry bir tarapdan garypçylygy bahanalap ogurlyk ýaly telek işleri edýän adamlar hem bardyr. Alla kyýamatda bu hili adamlary-da özleriniň eden-etmişleri üçin jezalandyrjakdyr . her halda gurhan kerim bu aýatda bir adamyň Allanyň ýanynda söýerli bolmagynyň sebäbini onuň baýlygy ýada mal-mülki şeýlede oruň mertebesi bilmeýär eýsem onuň edýän amallary bilýär her kim ýagşy iş etse Alla ony söýjekdir we her kim telek iş etse Alla ondan ýüzüni sowjakdyr.
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:
1- köp adamlar özleriniň ellerindäki mal-mülki ýada ogul- gyzlaryny bagtlylygyň nyşanasy bilýärler, emma Allanyň ýanynda bagtlylygyň nyşanasy imanly bolup ýagşy işleri etmeklikdir .
2- mal-mülk we perzentden möhümräk zat bu baýlyklaryň nähili işe alynmaklarydyr .
3-Alla ynsanlaryň eden-etmişlerine görä olara jeza berýändyr Allanyň jezasy ne artykmaç bolýandyr we nede kem bolýandyr . ýöne Alla serpaý bermeli bolanda özüniň lutfy keremi bilen serpaý berýändir, şonuň üçin hem Alla ynsanyň ýagşy işlerine näçe esse serpaý berýändir.
////////////////