Nov 21, 2017 10:59 Asia/Ashgabat

bölüm,682,süre näml,aýat 29-35

 

 

برنامه راهی بسوی نور (682)       

 

Näml süresi, 29, 30 we 31-nji aýatlar:

 قَالَتْ يَا أَيُّهَا المَلَأُ إِنِّي أُلْقِيَ إِلَيَّ كِتَابٌ كَرِيمٌ (29) إِنَّهُ مِن سُلَيْمَانَ وَإِنَّهُ بِسْمِ اللَّهِ الرَّحْمَنِ الرَّحِيمِ (30) أَلَّا تَعْلُوا عَلَيَّ وَأْتُونِي مُسْلِمِينَ (31)

<<(Belgis) aýtdy : eý beýiklerim! hormata  laýyk bir hat maňa oklandy //. bu hat  suleýmandan (we onda  şeýle gelipdir) :besimillä herrähmän nerrähim (rahman we mähriban allanyň ady bilen)// menden özüňizi beýik saýmaň we boýun egen halyňyzda maňa tarap geliň.>>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly hezreti suleýman bu ülkesiniň ýagdaýyndan we olaryň güne çokunmaklaryndan habarly bolansoň bir hat ýazyp ol haty Saba ülkesiniň melekesi bolan Belgisiň köşgüne ýetirip oň ýanyna oklady .

Gurhany kerim bu aýatlarda aýdýar :Belgis  haty görenden soň Hud-hudyň ony bir beýik adamyň tarapyndan getiren digine göz ýetirdi .

Belgis möhüm habarlar  barada öz köşgünden adamlar bilen geňeşýärdi. Şonuň üçin olar  maslahat üçin  olary köşge çagyrdy we olaryň huzurynda Suleýmanyň hatyny okady .

Suleýmanyň haty Allanyň ady bilen başlanýardy we onda iki mowzug barada gürrüň bolýardy birinji mowzug hakyň öňünde boýun egip haka boýun bolmakdy .ikinji mowzug bolsa suleýmanyň hökümetiniň öňünde durmakdan saklanmaklykdy .

 

Gurany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- her bir işi başlamazdan ozal Allanyň adyny tutmalydyr hat-da kapyrlara hat ýollamaly bolanda bisimillä herrähman nerrähim ybaratyny unutmaly däldir.

2- ulumsyramaklyk ynsany haka boýun egmekden alyp galýandyr.

 

Näml süresi, 32 we 33-nji aýatlar:

قَالَتْ يَا أَيُّهَا المَلَأُ أَفْتُونِي فِي أَمْرِي مَا كُنتُ قَاطِعَةً أَمْراً حَتَّى تَشْهَدُونِ (32) قَالُوا نَحْنُ أُوْلُوا قُوَّةٍ وَأُولُوا بَأْسٍ شَدِيدٍ وَالْأَمْرُ إِلَيْكِ فَانظُرِي مَاذَا تَأْمُرِينَ (33)

<<(Belgis) aýtdy : eý beýiklerim! meniň işimde pikir beriň (maslahat beriň çünki) men sizsiz hiç bir işi eden däldirin.// Olar aýtdylar : biz gaty güýçli we urşa batyrdyrys ýönä işleriň erki sendedir onda gör-bak näme emir edýärsiň?>>

Belgis bir akylly parasatly zenan bolansoň ol suleýmanyň hatyny okany soň köşge ýygnanan beýik adamlaryna ýüzlenip “indi  näme diýýärsiňiz” diýip sorady.

Belgis köşk adamlary bilen maslahatlaşyp suleýmanyň hatyna mynasyp jogap bermegiň we bu ýagdaýa gowy çäre tapmagyň yzyndady.

Belgis geňeşçileri we olaryň ýanyndaky goşun başlyklary özleriniň güýç kuwwatlaryna we harby mümkinçiliklerine magtanyp suleýman bilen garşylaşmaga maslahat   berdiler  we “suleýman hüjüme geçse biz hem oňa garşy durarys” diýip aýtdylar.

Belgisiň köşgündäki adamlar suleýmanyň hatyndan “megerde suleýman bu hat bilen bize  uruş yglan edendir” diýip güman etdiler .

Olar bu güman bilen hem kä ýurtlaryň başlyklary ýaly  boýun egmegiň dereginä uruşmaklygy maslahat bildiler .

Elbetde olar özleriniň urşa taýyndyklaryny yglan etseler-de soňky karary belgisiň özüne ynanyp  “sen näme diýseň şol bolar” diýip aýtdylar .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ýurtlary goramak üçin goşun güýjüň bolmagy gereklidir we öz goşun güýjüňe magtanyp hak bilen tersleşmek dogry däldir.

2- Işlerde  ylaýtada hökümete degişli  işlerde maslahatlaşmaklyk  gereklidir. We işleriň ugry çaşmaz ýaly ahyr-soňda bir adamyň, bir ýolbaşçynyň agzyna bakmaly bolýar.

 

Näml süresi, 34 we 35 aýatlar :

قَالَتْ إِنَّ الْمُلُوكَ إِذَا دَخَلُوا قَرْيَةً أَفْسَدُوهَا وَجَعَلُوا أَعِزَّةَ أَهْلِهَا أَذِلَّةً وَكَذَلِكَ يَفْعَلُونَ (34) وَإِنِّي مُرْسِلَةٌ إِلَيْهِم بِهَدِيَّةٍ فَنَاظِرَةٌ بِمَ يَرْجِعُ الْمُرْسَلُونَ (35)

<<(Belgis) aýtdi: haçanda Şalar bir (abadan) ülkä  baranlarynda ol ýeri zaýalaýarlar we ol ýeriň hormatlanýan adamlaryny harlaýarlar -hawa olar şeýdýändirler-//   (onda) men olara bir (gowy) sowgat ýollaryn soň bakyp görerin sawçylar näme (jogap) bilen dolanýarlar ?>>

Saba  ülkesiniň melekesi  Belgis öz ýanyndaky beýikleriň  pikrini sorap olaryň garşylaşmak üçin  taýyndyklaryny  bilen soň öz pikrini aýtdy we “urşa girişsek  onuň netijesi ülkeleriň zaýalanyp harabalyga öwrülmeklerinden aýry zat bolmaz sebäbi zalym häkimler her şähre girseler olar ilatyň ýaşaýan öýlerini weýran edip adamlary ýesir alýandyrlar we basyp alan ülkeleriniň ýaşaýjylaryny harlap awara edýändirler” diýip aýtdy .

“Onda uruşmagyň deregine gowysy Suleyman hakynda köpräk maglumat toplaly we onuň bu haty ýollamakdan näme maksadynyň bardygyny  bileli  oňa görä  suleýmana bir gowy gymmatly  sowgat ýollap ony synlap göreli  biziň uruşmazlyk niýetimizi görkezýän bu sowgatyň iberilmegi bilen gürrüň gutarýarmy ýa suleýman oňa üns bermän biziň ýurdumyzy  basyp almak niýeti barmy ? eger-de ol biziň ýurdumyzy basyp almak niýetde bolsa şonda oň bilen uruşmalymy? Ýa-da başga bir çäre görmelimi? şonuň üstinde gürrüň edip bileris diýip” belgis aýtdy .

Belkide Belgis hezreti suleýmana sowgat ýollamak bilen onuň pygamber dygyny ýa-da ýurtlary basyp alýan bir güýçli soltandygyny bilmegiň  aladasyny edendir,  sebäbi Belgis ylahy pygamberiň dünýäň malyna göz dikmeýändiklerini we olary dünýäň maly bilen aldap bolmaýandygyny bilýärdi, aslynda dünýäň gözleginde bolan Şalar we Soltanlar özleriniň niýetlerine ýetmek üçin we güýç toplap baýlyk gazanmak üçin her bir işe baş goşýandyrlar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň  öwredýän sapaklary:

1- pysadý ýaýradyp uruş bilen gan dökmeklik ylahy bolmadyk hökümetleriň  özleriniň ezijilikli maksatlary üçin ulanýan şiwesidir .

2- kä wagtlarda berilýän sowgat bizi synlamak üçin ýa-da  haky zaýalamak  üçin berilýändir, olara esewan bolmalydyr .

 

 

///////////////