Nov 21, 2017 11:08 Asia/Ashgabat

bölüm,683,süre näml,aýat 36-40

 

 

برنامه راهی بسوی نور (683)

Näml süresi, 36 we 37-nji aýatlar:

          ‏ فَلَمَّا جَاء سُلَيْمَانَ قَالَ أَتُمِدُّونَنِ بِمَالٍ فَمَا آتَانِيَ اللَّهُ خَيْرٌ مِّمَّا آتَاكُم بَلْ أَنتُم بِهَدِيَّتِكُمْ تَفْرَحُونَ (36) ارْجِعْ إِلَيْهِمْ فَلَنَأْتِيَنَّهُمْ بِجُنُودٍ لَّا قِبَلَ لَهُم بِهَا وَلَنُخْرِجَنَّهُم مِّنْهَا أَذِلَّةً وَهُمْ صَاغِرُونَ (37)

<< (Belgisiň) ilçisi Suleýmanyň ýanyna geldi (Suleýman) aýtdy “meni entejik mal bilen goldajak bolýarsyňyzmy? Allanyň maňa beren zady size beren zadyndan gowyrakdyr.( men siziň sowgatyňyza hoş däldirin) eýsem siziň özüňiz (bu) sowgatyňyza hoş siňiz //.( eý ilçi!) sen olaryň ýanyna dolan . “agyr leşger bilen olaryň üstünä ýörüş ederin we olar hergiz onuň öňünde durup bilmezler we olary ol ýerden har we zelil edip çykararys” ( diýip Suleýman aýtdy.)>>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Saba ülkesiniň melekesi (Belgis) hezreti Suleýmany synlap görmek üçin oňa sowgat bilen hat ýollady. Belgis sowgat ýollamak bilenem hezreti Suleýmanyň kimligine göz ýetirmekçi boldy . ol , öz ilçilerinden hezreti Suleýmanyň bu sowgatlaryň garşysynda nähili gaýtawul görkezşini we bu sowgatlary nähili garşy alşyny synlap görmeklerini isledi .

Gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda aýtýar :Hezreti Suleýman (a.s) Belgsiň sowgatlaryny gören soň hoş bolmady eýsem ony bir hili para hökmündä bilip “syz bu sowgatlar bilen men dünýäň baýlygynyň yzyndadyryn öýdýärsiňiz? siziň bu getiren bu sowgatlaryňyz Allanyň bagyş eden nygmatlarynyň ýanynda hiç zatdyr” diýip aýtdy:  ýene ol “men , siziň haka boýun bolmagyňyzy isleýärin eger boýun egmeseňiz agyr leşger bilen üstüňize çozup hökümeti elňizden alaryn we sizi harlyk bilen ülkeden kowup çykararyn siz , meniň hatym barada gowy oýlanyp , meniň pygamberligim barada menden delil sorarsyňyz” diýip guman edýärdim we syz maňa bir hili sowgat ýollap meni aldamak güman-da bolarsyňyz diýmeýärdim diýdi.

 

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- Allanyň öwliýalary baýamak üçin bir işi edýän däldirler eýsem olar ylahy niýetler bilen işe gunuşýandyrlar .

2- özgelere çemeleşmekde mantyk we delil bilen sözlemelidir ýönä haka boýun egmeýän mantyksyz adamlaryň öňünde zora daýanmalydyr .

3- yslamdan ozalky dinlerde hem jehatdan gürrüň bolandyr we jehat diňe yslama degişli däldir.

 

Näml süresi, 38-nji aýat:

قَالَ يَا أَيُّهَا المَلَأُ أَيُّكُمْ يَأْتِينِي بِعَرْشِهَا قَبْلَ أَن يَأْتُونِي مُسْلِمِينَ (38)

<<(suleýman ýene): eý beýiklerim! siziň haýsy biriňiz onuň (Belgsiň) tagtyny -olar boýun egip meniň ýanyma gelmeklerinden ozal – maňa getirip berer diýdi.>>

Dürli Gurhan tefsirlerinde gelşine görä Belgisiň ilçileri hezreti suleýman bilen duşuşanlary soň Belgisiň ýanyny dolanyp gören-eşidenlerini bir bir aýtdylar, şol sanda suleýmanyň olaryň sowgatyna hoş bolmandygyny şeýlede onuň azamatly köşgüniň bardygyny aýtdylar .şonda Belgisiň öz köşgündäki adamlar bilen birlikde hezreti suleýmanyň didaryna baryp oňa boýun egmekçi digini bildirdi . hezreti suleýman bolsa özüniň lädünni (ylahy) ylmy bilen Belgisiň ýüreginden habarly boldy şonuň üçin hem ol , Belgise gudrat görkezmek üçin töweregindäki adamlardan – Belgis Şam ülkesine gelip ýetinçe onuň Ýemen ýurdundaky köşgüni göterip getirmeklerini isledi.

                                                                                 

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ylahy pygamberleriň gaýypdan habarlary bardyr  we her ýerde gerek bolsa –Allanyň yradasy bilen – olar ondan haýyrlanýandyrlar .

2- uzak ýollary gysga möhletde aşmaklyk bularly işdir  we ony pygamberden başgalar hem başarýandyrlar şonuň üçin hem hezreti suleýman öz ýanyndakylardan “kim bu işiň hötdäsinden geler?” diýip sorady .

 

Näml süresi, 39 we 40-nji aýatlar:

 قَالَ عِفْريتٌ مِّنَ الْجِنِّ أَنَا آتِيكَ بِهِ قَبْلَ أَن تَقُومَ مِن مَّقَامِكَ وَإِنِّي عَلَيْهِ لَقَوِيٌّ أَمِينٌ (39) قَالَ الَّذِي عِندَهُ عِلْمٌ مِّنَ الْكِتَابِ أَنَا آتِيكَ بِهِ قَبْلَ أَن يَرْتَدَّ إِلَيْكَ طَرْفُكَ فَلَمَّا رَآهُ مُسْتَقِرّاً عِندَهُ قَالَ هَذَا مِن فَضْلِ رَبِّي لِيَبْلُوَنِي أَأَشْكُرُ أَمْ أَكْفُرُ وَمَن شَكَرَ فَإِنَّمَا يَشْكُرُ لِنَفْسِهِ وَمَن كَفَرَ فَإِنَّ رَبِّي غَنِيٌّ كَرِيمٌ (40)

<< jynlardan bir Efrit “sen aýak üstünä galýançaň – ony ýanyňa getirerin we men bu işe güýji çatýan emin kimsedirin” diýdi.// (ylahy) kitabyň ylmyndan habarky bolan bir kişi “sen ony (tagty) gözüňi gyrpýançaň – seniň ýanyňa getirerin” diýdi  . Suleýman ony (tagty) ýanynda göründe “bu meniň rebbimiňň (maňa bolan) fazlydyr tä onuň bilen meni synap görsün – men şükür edýänlerdenmi? Ýa-da şükür edýänlerden dälmi? – onda her kim şükür etse özüne edendir we her kim şükür etmese (bilsin) meniň rebbim   baý we kerimdir” diýdi.>>

Hezreti suleýmanyň “belgisiň tagtyny kim gysga möhletde meniň ýanyma getirip biler” diýip beren soragynyň jogabynda iki kimse ony bitirip biljekdiklerini aýtdylar olaryň birsi jynlardandy . ol “heniz maslahat gutaryp Suleýman tagtyndan turýança Belgisiň tagtyny onuň ýanyna getirip biljekdigini” aýtdy .emma ikinji kişi , Asyf beni berkýýa diýen bir adamdy ol hezreti Suleýmanyň weziridi we hezreti Suleýman wepat bolany soň hem ol onuň ýerine oturupdy     Asyf “hezreti Suleýman gözüni gyrpýança Belisiň tagtyny onuň ýanyna getirjekdigini aýtdy . hezreti Sulýman , Asyfyň şeýle bir gysga möhletde  Belgisiň tagtyny getirip biljekdigini aýdany soň ondan bu işi isledi. Ol hem gysga möhletde Belgisiň tagtyny hezreti Suleýmanyň ýanyna getirdi .şeýle bir uly iş hezreti Suleýmanyň şägirtleriniň birsi bolan Asyf tarapyndan durmuşa geçdi oňa görä bu meseläň hezreti Suleýmany we onuň ýanyndaky adamlary menliklendirmegi mümkindi şonuň üçin hem hezreti Suleýman şeýle bir ýaramaz häsiýetiň öňüni almak üçin  Allanyň hemme zatdan ýokarda durýandygyny bildirmek üçin Allanyň adyny dile getirdi we Allanyň adyny dile getirmek bilen hem bu gudraty Allanyň oňa bagyş edendigini ýatlatdy we “Alla biziň senamyza mätäç bolmasada biz onuň beren nygmatlary üçin oňa şükür edip onuň senasyny aýtmalydyrys” diýip öz ýaranlaryna aýtdy.

                                                                                 

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :     

1- ynsan Allanyň beren nygmatlaryndan haýyrlanyp tebigaty üýtgedip hem bilýändir .

2- durmuşda we häzirki zamanda ynsan tehnologiýadan haýyrlanyp dürli zatlaryň suratlaryny we seslerini bir salymda dünýäň bu künjünden ýene bir künjüne iberip bilýändir . indi jisimiň hem bir salymda dünýäň bir ýerinden ýene bir ýerine iberilmegi häzirki zamanda miýesser bolmasada onuň ylym bilimiň ösmegi bilen gelejekde bolup bilmegi mümkindir .

3- öz ylym - bilimimize we güýç guwwtymyza magtanmaly däldiris biziň elmizdäki nygmatlar biziňki däldir eýsem Allanyň fazly kereminiň netijesinde bize berilen zatlardyr.

 

 

///////////////