Nov 21, 2017 11:22 Asia/Ashgabat

bölüm,684,süre näml,aýat 41-44

برنامه راهی بسوی نور (684)

Näml süresi, 41, 42 we 43-nji aýatlar:   

قَالَ نَكِّرُوا لَهَا عَرْشَهَا نَنظُرْ أَتَهْتَدِي أَمْ تَكُونُ مِنَ الَّذِينَ لَا يَهْتَدُونَ (41) فَلَمَّا جَاءتْ قِيلَ أَهَكَذَا عَرْشُكِ قَالَتْ كَأَنَّهُ هُوَ وَأُوتِينَا الْعِلْمَ مِن قَبْلِهَا وَكُنَّا مُسْلِمِينَ (42) وَصَدَّهَا مَا كَانَت تَّعْبُدُ مِن دُونِ اللَّهِ إِنَّهَا كَانَتْ مِن قَوْمٍ كَافِرِينَ (43)

<><

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Belgis özüniň köşgündäki adamlaryň bir topary bilen  birlikde hezreti Suleýmana boýun egmek maksady bilen Ýemenden Şam ülkesine tarap ýola düşdi şol bir wagtyň özünde hem hezreti Suleýmanyň islegi boýça Belgisiň tagty Ýemenden Şama getirildi

Gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda aýdýar : hezreti Suleýman Belgisiň duşum derejesini saýgarmak üçin we onuň gözüne gudrat görkezmek üçin Belgisiň tagtynyň Ýemenden Şam ýurduna getirilip onuň başga şekilde bezelmegine buýruk berdi.

Belgis, hezreti Suleýmanyň  köşgüne gadam goýanda oňa öz tagty görkezildi we “tagtyňy tanamaýarsyňmy” diýlip sorag berildi .

Belgisiň tagtynyň keşbiniň üýtgedilmegine garamazdan ol öz köşgüni tanady  we “gümanym meň tagtym bolmaly” diýip aýtdy .

Belgis özüniň tagtyny tanan soň Suleýmana ýüzlenüp “egerde seniň bu işden bolan maksadyň öz gudratyňy bize görkezmek bolan bolsa biz mundan ozal oňa göz ýetirip boýun egip seniň ýanyňa gelipdik” diýdi .

Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda  aýdýar :belgis kaperlaryň arasynda ulalan saň ol hem  bileki kapyrlar ýaly Allanyň ýerine Buta Güne we ýa aýa çokunýardy we bu iş olaryň arasynda ýoňdy . şonuň üçin hem  Belgisiň ýaşaýan köpçüligi bir adamyň  hakyky Allanyň gözleginde  bolup ony tanamagyna rugsat bermeýärdi .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1-    Köre körlük bilen däl eýsem dogry ynam - ygtykat we magryfat esasynda bolan bendelik kabul ederlidir .

2-    köpçülikleriň nädogry ynam- ygtykatlara endik etmekleri  olary hak ýolundan we iman getirmekden alyp galýandyr .

3-    Ynsan üýtgäp bilýändir, oňa görä  bir adamyň geçmişiniň ýaramaz bolmagy onuň gelejeginiň hem ýaramaz bolmagyna sebäpkär bolup bilmez eýsem geçmişleri ýaramaz bolup soň özlerini düzeldip dogry ýola giren adamlar hem az däldirler .

 

Näml süresi, 44-nji  aýat:

قِيلَ لَهَا ادْخُلِي الصَّرْحَ فَلَمَّا رَأَتْهُ حَسِبَتْهُ لُجَّةً وَكَشَفَتْ عَن سَاقَيْهَا قَالَ إِنَّهُ صَرْحٌ مُّمَرَّدٌ مِّن قَوَارِيرَ قَالَتْ رَبِّ إِنِّي ظَلَمْتُ نَفْسِي وَأَسْلَمْتُ مَعَ سُلَيْمَانَ لِلَّهِ رَبِّ الْعَالَمِينَ (44)‏

<><>

Gurhany kerimiň bu aýatynda gelşinä görä hezreti Suleýman öz köşgüniň zallarynyň birisiniň çüýşeden we aýnadan ýasalmagyna buýruk beripdi .

Çüýşäň  etegine bolsa suw göýberipdiler Belgis ol ýerden geçmeli bolanda gözüne akar suw bolup göründi şonuň üçin “egin başym öl bolmasyn” diýip aýagyny çermäp köneginiň etegini eline aldy .

Suleýman Belgisden bu ýagdaýy görende oňa köşgüň nämeden ýasalandygyny aýdyp “başgalar hem çüýşäni görmäni onuň astyndan akyp duran suwy görüp şü hili  ýalňyşýarlar” diýip aýtdy . Belgisiň  özüne mahsus uly köşgi we täç tagty bardy . şondan gelende ol bu hili täsin zatlary görüp haýran galdy we özüniň köşgüniň Suleýmanyň köşgüniň ýanynda sana gelmeýändigine göz ýetirdi .

Ýene bir ybaratda hezreti Suleýman özüniň köşgüniň we maddydyr magnawy baýlyklarynyň näderejededigini Belgise görkezmek bilen  ruhy taýdan basmyrlady we özüne garşy urşan ýagdaýynda Belgisiň üstünlik gazanup bilmejekdigini eýsem bu urşyň diňä iki tarapa hem zyýan ýetirmekden aýry netijesiniň bolmajakdygyny düşündirdi .

Belgis hezreti Suleýmanyň uly bir döwlete höküm edýändigine göz ýetiren soň mangawy taýdan hem oňa boýun egip iman getirdi .

Sebäbi Suleýman bir azamatly döwlete höküm etse-de ol  Şalar we soltanlar ýaly dünýä bil baglamaýardy eýsem edil bir ýönekeý adam ýaly özüniň pygamberlik boruyny bitirip halky  Alla tarap çagyrýardy bu zatlaryň bolsa Belgis üçin täzeligi bardy şonuň üçin hem ol hezreti Suleýmanyň Şa ýa soltan dälde eýsem pygamberdigine göz ýetirip oňa iman getirdi .

Elbetde belgis özüniň öňki ýolundan  dolanmaly bolanda “men Suleýmanyň garşysynda boýun egýärin diýmän eýsem men Allanyň garşysynda boýun egýärin” diýdi we Suleýman hem Alla boýundyr we men hem şol ýaly Alla boýun egýärin diýip aýtdy . bu bolsa üns berilmeli zat

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1 – maddy mümkinçilikler dini wagyz etmek ugurda sarp edilmelidir . Suleýman hem dini ýaýratmak üçin öz döwrüniň ösen sungatyndan we maddy mümkinçiliklerinden haýyrlanypdy .

2 – yslamy döwletiň kapyrlary aňk edip bilýän sungatdan tehnologiýa we sungatyndan haýyrlanmagy söýürli zatdyr .

3 – ozalky işleriň hatalygyna göz ýetirip Alladan ýalkaw  dileýän adam toba edip biler .

4 – çyn iman baýlygyna ýetmek üçin älem jahanyň  perwerdigäri bolan Taňry tagala boýun egmek gerekdir, Edil Belgisiň boýun egişi ýaly .

 

 

////////////