Jun 07, 2018 19:39 Asia/Ashgabat

bölüm,783,süre,säba,aýat 38-41

راهی بسوی نور (783)

Säba süresi, 38-nji aýat:

وَالَّذِينَ يَسْعَوْنَ فِي آيَاتِنَا مُعَاجِزِينَ أُوْلَئِكَ فِي الْعَذَابِ مُحْضَرُونَ (38)

<< we biziň aýatlarymyzy ( inkär etmek ugurda ) tagalla edýärler bizi ejizledip bilerler mukam diýýändirler ( ýöne ) olar azapda huzura çagyryljakdyrlar.>>

Geçen gepleşigiň soňky aýatynda gurhan kerim , mal-mülkiň we ogul -gyzyň ynsany bagtyýar etmeýändigini eýsem ynsanyň hakyky bagtyýarlygynyň ýagşy amalda dygyny aýtdy.

Gurhan kerim bu aýatda hem möminleriň garşysynda duran kapyrlara we müşriklere yşarat edip aýdýar : olar haky tanap haka eýermegiň ýerine elmydam hak bilen tersleşýändirler we özleriniň ellerindäki mümkinçiliklerden we serişdelerden peýdalanyp Allanyň emrinden boýun gaçyrmak bilen azapdan hem gutularys öýtýändirler ýöne bu hili güman edýän adamlar bu gümanlarynyň batyldygyny we kyýamatda çagyryp özlerine azabyň beriljekdigini bilmelidirler.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1-gudratlary we serişdeleri köp bolan adamlar bu serişdeleriň kömegi bilen haka garşy göreşseler ahyrda özleri zyýan görjekdirler, olar ellerindäki bar mümkinçilikler bilen Allanyň eradasyna üssem çykyp bilmezler.

2- yslamyň duşmanlary, halk arasyndaky Gurhanyň ornuna zarba urjak bolup tagalla edýändirler oňa görä musulmanlar hasam ulamalar duşmanlaryň bu işlerini puja çykarmak ugurda tagalla etmelidirler.

Säba süresi, 39-njy aýat :

قُلْ إِنَّ رَبِّي يَبْسُطُ الرِّزْقَ لِمَن يَشَاءُ مِنْ عِبَادِهِ وَيَقْدِرُ لَهُ وَمَا أَنفَقْتُم مِّن شَيْءٍ فَهُوَ يُخْلِفُهُ وَهُوَ خَيْرُ الرَّازِقِينَ (39)

<< aýt : “perwerdigärim öz bendelerinden her kime islese onuň ryzkyny artdyrar, ýada onuň ryzkyny kemer” . ( Allanyň ýolunda ) her näme ynfak etseňiz ( Alla ) onuň jaýyny dolar we ol iň ýagşy ryzk berjidir.>>

Gurhan kerim geçen aýatlarda özleriniň mal -mülklerine we perzentlerine magtanýan adamlary käýemekden soň bu aýatda : Taňry tagala ynsanlara ryzk berýändir we özüniň berýän ryzkyny özüniň hekmeti esasynda artdyrýandyr ýada ondan kemýändir onda Allanyň beren nygmatlarynyň artykmaçlygyna menliklenme we onuň azlygyna hem numyt bolma diýip aýdýar .

Gurhan kerim bu aýatyň dowamynda aýdýar: ynsan başarýan mukdarynda mätäç adamlara kömek etmelidir sebäbi ryzk Allanyň elindedir we mätäç adamlara berlen kömegiň jaýyny doljakdygy barada Alla söz berendir .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- Allanyň bendeleriniň ryzklarynyň parh etmegi olaryň ukyplarynyň we başarnyklarynyň parh edişi ýaly ylahy hekmet esasyndadyr.

2- ynsanlaryň we barça zatlaryň ryzkyny berýän Alla , öz malyndan ynfak edýän sahy adamlaryň beren kömekleriniň jaýyny doldurjakdygy barada söz berendir.

Säba süresiniň 40 we 41-nji aýatlary:

‏ وَيَوْمَ يَحْشُرُهُمْ جَمِيعاً ثُمَّ يَقُولُ لِلْمَلَائِكَةِ أَهَؤُلَاء إِيَّاكُمْ كَانُوا يَعْبُدُونَ (40) قَالُوا سُبْحَانَكَ أَنتَ وَلِيُّنَا مِن دُونِهِم بَلْ كَانُوا يَعْبُدُونَ الْجِنَّ أَكْثَرُهُم بِهِم مُّؤْمِنُونَ (41)

<< we Alla bir gün hemmeleri mähşur eder - öz huzuryna çagyrar- şonda perişdelere aýdar: bolar size çokunýardylarmy? diýip .// olar ( perişdeler ) aýdarlar : bar hudaýa! sen her bir zatdan päksiň, olar dälde sen biziň dostumyzsyň, eýsem olar jynlara çokunýardylar we olaryň köpüsi olara ( jynlara ) iman getiripdiler .>>

Müşrikleriň ýalňyş düşünjeleriniň we ygtykatlarynyň birisi-de olaryň kyýamatda perişdeler şepagat edip bilýärler diýen pikre eýermekleridi şonuň üçin hem müşrikler öz ýaşaýyşlarynda perişdelere çokunýardylar emma perişdeleriň özleri özleriniň Allanyň ýanynda şu hili orunlarynyň ýokdygyny bilýärdiler .

Gurhan kerim bu aýatlarda kyýamat diwanynyň nähili boljakdygyny teswire çekmek bilen : şol diwanda perişdeler özlerini , müşrikleriň batyl düşünjesiniň garşysynda päkläp : “olaryň aňyýetinde şeýtanlyk düşünje bardy we olar aslynda Şeýtana eýerýärdiler şonda Şeýtan Butparazlygy olaryň gözlerine gözel edip görkezdi şonuň üçin hem olar biri bara iman getirmegiň ýerine Şeýtana çokundylar” diýip aýdarlar .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1-müşrikleriň ýanynda perişdeleriň orny başgaçadyr we olar : kyýamatda perişdeler bizi şepagat ederler diýen gümandadyrlar şonuň üçin hem müşrikler bir hili perişdelere çokunýandyrlar .

2- Şeýtanyň hilelerine aldanyp dogry ýoluň ýerine ýalňyş ýoly saýlamalyň . bu zat Şeýtanyň isleýän zadydyr we Şeýtan telek işleri biziň gözümize gözel edip görkezjek bolup tagalla edýändir .

 

//////////////