Jun 07, 2018 19:42 Asia/Ashgabat

bölüm,784,süre,säba,aýat 42-45

راهی بسوی نور (784)

Säba süresi, 42-nji aýat :

فَالْيَوْمَ لَا يَمْلِكُ بَعْضُكُمْ لِبَعْضٍ نَّفْعاً وَلَا ضَرّاً وَنَقُولُ لِلَّذِينَ ظَلَمُوا ذُوقُوا عَذَابَ النَّارِ الَّتِي كُنتُم بِهَا تُكَذِّبُونَ (42)

<< onda bu gün siziň hiç biriňiz özgelere peýda ýada zyýan ýetirip bilmez – özgelere peýda ýada zyýanyň eýesi däldir – we sütem eden adamlara : “ýalan bilýän azabyňyzy dadyň” diýip aýdarys .>>

Geçen gepleşikde Taňry tagala müşriklere ýüzlenip : siz perişdelere çokunup olardan şepagat dileýärdiňiz emma perişdeleriň özleri kyýamatda bu meseläni inkär edip : “siz Şeýtana eýerdiňiz we Şeýtandan kömek soradyňyz” diýip aýdarlar diýar. Gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda hem aýdýar : kyýamat gününde Alla bilen onuň islän adamlaryndan başga hiç kim hiç kime peýda ýada zyýan ýetirip bilmez hamana bir dowzahy adamy behişde salmagy ýada bir behişti adamy dowzaha oklap başarmaz, bu işi diňe Alla we onuň rugsat beren adamlary başararlar, kyýamat günüň eýesi diňe Alladyr özleri we Allanyň dini hakynda uly zulumlary eden müşrikler kyýamat gününde dowzaha düşerler ol dowzah ki olar dünýäde ony inkär edýärdiler.

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- kyýamatyň ýagdaýy dünýä bilen parh edýändyr, dünýäde ynsanlar isleseler bir-birlerine peýda ýada zyýan ýetirip bilýändirler ýöne kyýamatda peýda ýada zyýan ýetirer ýaly hiç kimde ygtyýar bolmaz, kyýamat gününiň eýesi diňe Alladyr.

2- Alladan özgä çokunmaklyk ýada ondan bir zada tamakin bolmaklyk öz hakyňda sütem etmeklikdir – meger pygamberler we öwliýalar ýaly adamlary wesile tutunmak barada Taňry tagala rugsat beren bolmasa- başgalardan kömek soramaklyk dogry däldir.

Säba süresi, 43-nji aýat:

وَإِذَا تُتْلَى عَلَيْهِمْ آيَاتُنَا بَيِّنَاتٍ قَالُوا مَا هَذَا إِلَّا رَجُلٌ يُرِيدُ أَن يَصُدَّكُمْ عَمَّا كَانَ يَعْبُدُ آبَاؤُكُمْ وَقَالُوا مَا هَذَا إِلَّا إِفْكٌ مُّفْتَرًى وَقَالَ الَّذِينَ كَفَرُوا لِلْحَقِّ لَمَّا جَاءهُمْ إِنْ هَذَا إِلَّا سِحْرٌ مُّبِينٌ (43)

<< we haçanda biziň ýagty aýatlarymyz olara okalanda olar : “bu adamyň maksady sizi ata-babalaryňyzyň çokunan zatlaryndan alyp galmakdan aýry zat däldir” diýip aýdýarlar . ýene olar : “bu ( Gurhan ) düzilen ýalandan aýry zat däldir” diýip aýdarlar . kapyrlyk ýoluny saýlanlar haçanda haka gabat gelenlerinde : “bu zat jadydan başga zat bolup bilmez” diýip aýtdylar.>>

Müşrikleriň kyýamaty inkär etmekleri barada bolan öňki aýatlaryň dowamynda Gurhan kerim bu aýatda gurhanyň aýatlarynyň müşrikler tarapyndan inkär edilmegine yşarat edip : “olar özleriniň ata-babalarynyň ýol- ýodasynyň täsibini edip gurhanyň we pygamberiň ileri sürýän delillerine oýlanmazdan olar bilen tersleşýärler we Gurhany inkär edýärler” diýip aýdýar .

Müşrikleriň Gurhan hakyndaky ikinji toslamalary gurhanyň aýatlary baradadyr. müşrikleriň aýtmaklaryna görä , Gurhanyň aýatlary Hudaý tarapyndan bolman eýsem bir adamyň tarapyndan ýasalan zatdyr.

Müşrikleriň musulmanlara we gurana ýapýan üçünji töhmetleri yslam pygamberiniň hamala musulmanlary jadylamagy baradadyr. Olar : “yslam pygamberi musulmanlary Gurhan barada jadylap Gurhanyň aýatlaryny olara kabul etdirendir” diýip tosladylar, dogrusy bu aýatda , müşrikleriň we kapyrlaryň dilinden beýan bolan bu Üç töhmet taryh boýunda özüni görkezendir, kä wagtlar olar bu töhmediň birisini, kä wagtlar ikisini kä wagtlar hem üçüsini ileri sürmek bilen Gurhana dil ýetirjek bolup tagalla edendirler .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

  1. Ata-babalaryň miraslaryny goramaklyk , diňe esgi we taryhy eserleri goramaklyga degişlidir . ata-babalarymyzyň mirasyny gorap saklamaly diýip olaryň nädogry ynam ygtykatlaryna eýermeklik ýada ony rowaç bermeklik dogry däldir.
  2. Pygamberler özleriniň dogrulygy we päkligi bilen özlerini halka tanadandyrlar oňa görä olary ýalançylykda aýyplamaklyk ýada olar öz taraplaryndan kitap ýazypdyrlar we şol kitaby hem Allanyň kitaby diýip aýdypdyrlar diýmeklik dogry däldir.
  3. Jadygöýlik üçin ussat görmelidir – tejribäň bolmalydyr elbetde birsiniň eden jadysyny ökde jadygöýler güýçden düşürip bilýändirler emma pygamberler jadygöýlik eder ýaly olar hiç bir ussadyň ýanynda taglym gören däldirler eýsem olar Allanyň tarapyndan ilaty dogry ýola hedaýat etmek üçin borçly edilendirler we olaryň aýdan zatlaryda diňe şol hakyň kelamydyr .

Säba süresi, 44 we 45-nji aýatlar:

وَمَا آتَيْنَاهُم مِّن كُتُبٍ يَدْرُسُونَهَا وَمَا أَرْسَلْنَا إِلَيْهِمْ قَبْلَكَ مِن نَّذِيرٍ (44) وَكَذَّبَ الَّذِينَ مِن قَبْلِهِمْ وَمَا بَلَغُوا مِعْشَارَ مَا آتَيْنَاهُمْ فَكَذَّبُوا رُسُلِي فَكَيْفَ كَانَ نَكِيرِ (45)

<< we biz olara okar ýaly asmanlyk kitap ibermedik meger senden ozal hem olaryň üstüne duýduryş beriji iberipdik .// we olardan ozalky adamlar ( hem pygamberleri ) inkär etdiler. emma ( seniň kowumyň kapyrlary ) geçen kowumlara beren zatlarymyzyň ondan birisine-de ýetmediler. olar meniň iberen pygamberlerimi inkär etdiler . onda meniň berjek azabymyň nähili boljakdygyny bir synlap gör .>>

Müşrikleriň yslam pygamberine şeýlede onuň asmanlyk kitaby bolan Gurhana bildiren aýyplamalaryndan soň Taňry tagala bu aýatlarda : “elbetde mundan ozal Goraýş kowumunyň üstüne pygamber ýada asmanlyk kitap ibermändik tä olar şonuň üsti bilen Gurhany ölçäp görsinler ýada şol kitaby getiren adamy jadygöý diýsinler” diýip aýdýar.

Hawa , egerde yslam pygamberinden ozal başga pygamberler gelen bolsalardy we özleri bilen kitap getiren bolsalardy Goraýşyň müşrikleri olaryň üsti bilen yslam pygamberi we onuň asmanlyk kitaby bolan Gurhan hakynda pikir berip bilerdiler ýöne yslam pygamberinden ozal Goraýş kowumuna pygamber inen zady ýok, onda olar haýsy hasap bilen yslam pygamberine we onuň getiren kitaby Gurhana dil ýetiripdirler we Gurhan kitaby yslam pygamberiniň ýasan zady diýip yslam pygamberine töhmet ýapypdyrlar . Taňry tagala bu aýatlaryň dowamynda : Mekgäň müşrikleri nähili yslam pygamberiniň öňünde durjaklarmyş biz olardan 10 esse güýçli kowumlary ýok eden ýagdaýmyzda” diýip aýtýar .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- din taglymatlaryny ynsanyň öz aklyna esaslanyp ret edip bolmaz isem din taglymaty barada pikir berilmeli bolsa pygamberleriň kelamyna ýada asmanlyk kitaplaryň taglymatyna laýyklykda pikir berip ony ret ýada kabul edip bolar .

2- diniň duşmanlarynyň güýç-kuwwaty ýada olaryň baýlygy Allanyň gudratynyň ýanynda hasabada gelýän däldir, onda diniň duşmanlarynyň güýjini we baýlygyny görüp olardan gorkmaly däldir eýsem Alla töwekgel edip olaryň öňünde berk durmalydyr.

  1. Geçen kowumlaryň taryhy bize ybrat bolmalydyr güýçli- güýçli kowumlar Alladan daş düşenlikleri üçin ýok oldylar onda özümiziň güýç-kuwwatymyza magtanyp Allanyň garşysynda durjak bolmaly däldiris.

 

//////////////