Jun 07, 2018 19:47 Asia/Ashgabat

bölüm,785,süre,säba,aýat 46-47

راهی بسوی نور (785)

Säba süresi, 46-njy aýat :

قُلْ إِنَّمَا أَعِظُكُم بِوَاحِدَةٍ أَن تَقُومُوا لِلَّهِ مَثْنَى وَفُرَادَى ثُمَّ تَتَفَكَّرُوا مَا بِصَاحِبِكُم مِّن جِنَّةٍ إِنْ هُوَ إِلَّا نَذِيرٌ لَّكُم بَيْنَ يَدَيْ عَذَابٍ شَدِيدٍ (46)

<< ( eý pygamber olara ) : “men sizi bir zada çagyrýaryn olda Alla üçin aýaga galmaklykdyr . iki-iki ýada bi-bir aýaga galyň soň oýlanyň ( belki bilersiňiz )” diýip aýt . siziň ýoldaşyňyz diwana däldir . ol , size agyr azap ýetişmänkä duýduryş berijiden başga hiç kim däldir .>>

Bu aýatda we mundan soňky aýatlarda gelşine görä , Taňry tagala, pygamberi , çakylyk şiwesini halka beýan edip bermeklige borçly edendir, birinji nokat hökmünde hem yslam pygamberine aýdýar : eý pygamber halka “men sizi we köpçüligi düzeltmek üçin geldim we meniň çakylygym sizi we köpçüligi düzeltmeklikdir onda egerde bu günä we ýaramaz işlerden gutulmagyň yzynda bolsaňyz aýaga galyň we aýaga galmak bilen hem özüňizi we köpçüligi düzeldiň elbetde matdyýat üçin dälde iman we Alla üçin aýaga galsaňyz gowyrakdyr” diýip aýt .

Egerde ylahy niýetler üçin hereket etmek niýetiňiz bar bolsa her bir işden ozal öz pikriňizi we aňyýatyňyzy düzeldiň we Allanyň size näme zatlary ýaradyp sizden näme zatlara garaşýandygyna oýlanyň we Allanyň näme maksatlar üçin siziň üstüňize pygamber iberendigine şeýlede işiňiziň soňuna oýlanyň, eger gowy oýlansaňyz Allanyň sizi hedaýat etmek üçin pygamber iberendigine we pygamberiň hem size edýän işleriňiz barada duýduryş bermekden aýry borjunyň ýoklygyna göz ýetirersiňiz.

Elbetde köpçüligi düzeltmekde hemmeleriň aýaga galmaklaryna garaşyp durmaly däldir eýsem boldygyndan iki- iki bolmasa bir -bir aýaga galyp köpçüligi düzeltmek ugurda tagalla etmelidir.

Guran kerimiň bu aýatynyň öwretýän sapaklary :

1- gury gep bilen iş bitmez eýsem işiň bitmegi üçin hereket etmelidir, elbetde Alla üçin .

2- Alla üçin aýaga galmakda san möhüm däldir eýsem aýaga galýan adamlaryň niýetleri möhümdir .

3-pygamber ozak ýyllar halkyň arasynda ýaşandyr we ilat bolsa ony dogruçylykda we amanatdarlykda we päklikde tanaýarlar we onda hiç hili nogsanlyk gören däldirler . şondan gelende yslam pygamberi kapyrlara we müşriklere eden-etmişleriniň soňy barada duýduryş berende şol ilat ony aklyndan azaşmaklykda aýyplaýarlar .

Säba sürüsi, 47-nji aýat :

قُلْ مَا سَأَلْتُكُم مِّنْ أَجْرٍ فَهُوَ لَكُمْ إِنْ أَجْرِيَ إِلَّا عَلَى اللَّهِ وَهُوَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ شَهِيدٌ (47)

<< ( ýene olara ) aýt : sizden her ne serpaý islän bolsam bes şol serpaý siziň özüňiz üçin bolsun, meniň serpaýym diňe Allanyň ýanyndadyr we ol her bir zada gowadir.>>

Öňki aýatyň dowamynda bu aýatda hem yslam pygamberi özüniň çakylyk şiwesini halka düşündirmeklige borçly edilýär . bu aýatda gelşi ýaly yslam pygamberi kapyrlara we müşriklere : men siziň dogry ýola hedaýat edip kyýamat barada duýduryş bermekden maddy maksadym ýok men sizden bu barada hiç zada garaşmaýaryn, meniň serpaýymy Allanyň özi berjekdir” diýip aýdýar.şeýlede pygamber olara aýdýar : men sizden her näme islän bolsam onuň peýdasy siziň özüňize ýetjekdir we maňa ol zatdan peýda ýokdur, egerde men sizden bir zady isländirin güman edýän bolsaňyz ol hem siziňki bolsun, egerde sizden bir zada garaşýan bolsam meselem meniň ähli beýtimi gowy görüň diýip aýdýan bolsam onuň peýdasy hem siziň özüňize ýetişjekdir we siz olara eýermek bilen gümralykdan halas boljaksyňyz .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

  1. Dini wagyz etýän adamlar halykdan serpaýa garaşmaly däldirler eýsem hiç zada garaşman dini wagyz etmelidirler .
  2. Allanyň ýolundan hereket edip din buýruklaryny ýerine ýetirmek bilen özümizi Alladan we pygamberden algyly hasaplamaly, eýsem Allanyň ýolundan hereket edip diniň buýruklaryny ýerine ýetirsek onuň peýdasy göni suratda biziň özümize ýetjekdir .
  3. Alla biziň işlerimize şaýat bolsa onda halky dogry ýola hedaýat etmekde käleriň bizä ýapjak töhmetlerinden gorkmaly däldiris, eýsem öz wezipämizi bitirmelidiris.

///////////////