bölüm,685,süre näml,aýat 45-49
bölüm,685,süre näml,aýat 45-49
برنامه راهی بسوی نور (685)
Näml süresi, 45 , 46 we 47-nji aýatlar:
وَلَقَدْ أَرْسَلْنَا إِلَى ثَمُودَ أَخَاهُمْ صَالِحاً أَنِ اعْبُدُوا اللَّهَ فَإِذَا هُمْ فَرِيقَانِ يَخْتَصِمُونَ (45) قَالَ يَا قَوْمِ لِمَ تَسْتَعْجِلُونَ بِالسَّيِّئَةِ قَبْلَ الْحَسَنَةِ لَوْلَا تَسْتَغْفِرُونَ اللَّهَ لَعَلَّكُمْ تُرْحَمُونَ (46) قَالُوا اطَّيَّرْنَا بِكَ وَبِمَن مَّعَكَ قَالَ طَائِرُكُمْ عِندَ اللَّهِ بَلْ أَنتُمْ قَوْمٌ تُفْتَنُونَ (47)
<
Gurhany kerimiň Näml süresiniň başyndan bäri hezreti Musa ,hezreti Dawut we hezreti Suleýman pygamberler ýaly pygamberleriň ykbaly hakynda gürrüň boldy . bu aýatlarda bolsa Gurhany kerim Salyh pygamberiň dessanyna girşip onuň öz kowumy , Semudyň arasynda pygamberlige bellenendigini aýdýar .Salyh pygamber öz kowumunyň ýagdaýna ýürek ýandyryp olary Allanyň bendeligine çagyrýar şonda Semut kowumunyň bir topary oňa iman getirýärler we ýene bir topary bolsa onuň bilen tersleşip onuň çakylygyny kabul etmeýärler. şeýle bir ýagdaýda möminler bilen kapyrlaryň arasynda duşmançylygyň ýüze çykmagy bir tebigy meseledir . şonda Salyh pygamber , haka garşy duran kapyrlara ýüzlenip olaryň ykbalynyň ylahy azapdan we dowzahyň odundan aýry zat bolmajakdygy barada duýduryş berdi . ýöne olar hezreti Salyh (a.s) öwüt nesihatlaryna gulak berip dogry ýola girmegiň deregine “egerde aýdýanyň dogry bolsa näme üçin şol aýdýan azabyňy Alla biziň depämizden inderip sen bilen biziň aramyzdaky dawany şu dünýäde çözmeýär” diýip aýtdylar .
Hawa Semut kowumunyň kapyrlary bu hili ybaratlar bilen hem toba etmegiň deregine we Alladan ýalkaw dilemegiň deregine azap dilediler we özlerine gaty ýaman bolan azaba howlukdylar . taryhdan belli bolşuna görä kapyrlar haçanda ylahy pygamberlere gabat gelenlerinde olaryň çakylygyny kabul etmegiň deregine olar bilen tersleşipdirler kä wagtlar hem olary öldürmek kassyna münipdirler we köp wagtlarda hem olary öz ülkelerinden kowup çykarypdyrlar . hezreti Salyh pygamberiň dessanynda hem Semut kowumunyň ýaşaýan ülkesinde gahatçylyk we gurakçylyk bolýar şonda olar “bu bela beterler sen we saňa iberen adamlar babatly biziň başymyza inendir we siz , Semut kowumuna gara bagt bolup sataşansyň” diýip aýtdylar.
Emma Salyh pygamber olaryň jogabynda “siziň ykbalyňyzyň gowy ýa-da telek bolmagy meniň elimde däldir eýsem Allanyň elindedir belkide Alla bu zatlar bilen sizi synap görýändir oňa görä gahatçylygy palan kişiň tarapyndan ýetişen şumluk bilmeklik dogry däldir, mümkinde siziň edýän ýaramaz işleriňiz bu gahatçylyga sebäp bolan bolsun” diýip aýtdy.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- pygamberler her bir işden ozal adamlary Allanyň bendeligine we birligine ynanmaklyga çagyrandyrlar .
2- taryh boýunda hak bilen batylyň arasynda elmydam dawa bolandyr oňa görä “hemmeler haka boýun bolup möminleriň hataryna birigerler” diýen tamaň bolmaly däldir.
3- günäkär adamlara duýduryş bermegiň ýany bilen olaryň haka dolanyp bilmekleri üçin tobaň gapylary hem açyk bolmalydyr .
4- pygamberleriň aýdyň mantyklarynyň garşysynda kapyrlar boş gürrüňlere yrym – ygtykatlara ynanyp Fal ýaly zatlary öz ykballarynda täsirli bilýärdiler .
Näml süresi, 48 we 49-njy aýatlar:
وَكَانَ فِي الْمَدِينَةِ تِسْعَةُ رَهْطٍ يُفْسِدُونَ فِي الْأَرْضِ وَلَا يُصْلِحُونَ (48) قَالُوا تَقَاسَمُوا بِاللَّهِ لَنُبَيِّتَنَّهُ وَأَهْلَهُ ثُمَّ لَنَقُولَنَّ لِوَلِيِّهِ مَا شَهِدْنَا مَهْلِكَ أَهْلِهِ وَإِنَّا لَصَادِقُونَ (49)
<
Gurhany kerimiň bu aýatlarda kapyrlar tarapyndan hezreti Salyh pygamberiň we onuň ýaranlarynyň tersine gozgalan hilä yşarat edip aýdýar : Semut kowumunyň arasynda pysat edýän adamlar we toparlar bardy, olar işleri düzeltmegiň ýerine işleri bozmagyň yzyndadylar. bu toparlar bir- birleri bilen Salyh pygamberini we onuň ýaranlaryny öldürmek barada peýman baglaşdylar. olar şeýlede :egerde biri gelip olardan Salyh pygamberiň we onuň ýaranlarynyň ganyny sorasa “ biz ondan bi-habar belkide olary başga biri öldürendir” diýip aýtmak barada gürrüň etdiler. bu ýerde üns bermeli zatlaryň biri, olda Salyh pygamberiň duşmanlarynyň Allanyň adyndan ant içmekleridir. mundan belli bolýar olar hem Allany tanaýan bolmaly ýöne öz ykballarynda Allany dälde eýsem butlary täsirli bilip butlara çokunýan myşlar . olar : Alla bizi ýaratdy ýöne bizi öz erkimize goýandyr we biziň edýän işlerimiziň soragy bolmaz we biziň pygamberlere hem hajatsyz ýokdur diýip häzirki zamanyň kä adamlary ýaly oýlanýardylar . häzirki zamanda hem kä adamlar Allany inkär etmeýärler ýöne ynsanyň ykbalynda Allanyň roluny täsirsiz bilýärler we ynsan başga birine zyýan ýetirmän ýagdaýda her bir işi etjek diýse edip biler diýip aýdýarlar. kapyrlaryň hezreti Salyh pygamberi öldürjek bolmaklary , mekge müşrikleriniň yslam pygamberini öldürjek bolmaklaryna çalym edýändir , mekge müşrikleri hem yslam pygamberini aradan aýyrmak üçin her taýpadan bir adamyň goşulmagynda bir topary döredip gijesine bilelikde yslam pygamberiniň üstüne çozmak bilen ony öldürmek karara gelýärler , mekge müşrikleri bu hile bilen hem yslam pygamberiniň ganyny sorajak adamlaryň bu meselede belli bir taýpany günäkär bilmeklerini ýok etmegiň aladasyny etdiler .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- pygamberlere duşmançylyk edýän adamlar , mantyk ähli däldirler şonuň üçin hem olar pygamberleriň çakylygynyň öňüni almak ugurda olaryň tersine hile gozgap olary öldürmek karara gelýän myşlar.
2- taryh, içi doly ybratdyr, Allanyň adyndan ant içip onuň iberen pygamberlerini öldürjek bolan adamlar hem bolupdyr bu iş , nadanlygyň baryp batan ýeridir , ondan ýokarda nadanlyk ýokdur . hawarej hem hamana Alla üçin , bir ylahy ynsany, ýagny hezreti aly(a.s)ny , Allanyň aýy bolan remezanda we Allanyň öýi bolan metjit-de şehit edendir.
////////////