Nov 21, 2017 12:01 Asia/Ashgabat

bölüm,686,süre näml,aýat 50-56

 

برنامه راهی بسوی نور (686)

                                                                                 

Näml süresi, 50, 51, 52 we 53-nji aýatlar:             

 وَمَكَرُوا مَكْراً وَمَكَرْنَا مَكْراً وَهُمْ لَا يَشْعُرُونَ (50) فَانظُرْ كَيْفَ كَانَ عَاقِبَةُ مَكْرِهِمْ أَنَّا دَمَّرْنَاهُمْ وَقَوْمَهُمْ أَجْمَعِينَ (51) فَتِلْكَ بُيُوتُهُمْ خَاوِيَةً بِمَا ظَلَمُوا إِنَّ فِي ذَلِكَ لَآيَةً لِّقَوْمٍ يَعْلَمُونَ (52) وَأَنجَيْنَا الَّذِينَ آمَنُوا وَكَانُوا يَتَّقُونَ (53)

<<>

>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly hezreti Salyh pygamberiň duşmanlarynyň  käleri  ony  heläk etmek karara geldiler . şonuň üçin hem Salyhyň gany bir adamyň üstüne düşmesin diýip dokuz topardan ýa-da doküu tireden dokuz adam bu işe baş goşmaly boldular . olar hezreti Salyh dagyň içinde  içeri maşgalasyndan we ýaranlaryndan daş düşen mahaly onuň üstüne birden çozup ony öldürmeli boldular .

Ýaňky adamlar dagyň ýakasynda Salyh pygambere garaşyp durkalar Allanyň yradasy bilen olaryň üstüne dag ýykylyp olaryň hemmesi heläk boldular . Gurhany kerim bu aýatlarda aýdýar :  duşmanlar özleriniň çeken naňşalary bilen hezreti Salyhy ýok ederis gümanda boldular ýöne olar Salyhy goraýan Allanyň güýçlidigini we olaryň hilelerinden habarlydygyny bilmeýärdiler . netijede hile aran adamlardan aýry hezreti Salyhyň ölümine razy bolan Semut kowumy hem ylahy azaba giriftar boldular .

Allanyň ýanynda  ýazyklylar bilen ýazyksyzlaryň  arasynda parh bardyr şonuň üçin  Allanyň yradasy bilen Semut kowumunyň möminleri bu ylahy azapdan halas bolup aman galdylar .

Gurhany  kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1-    Möminler öz borçlarynda tapylsa Alla hem olary  ýeke galdyrjak däldir  we gerek bolan ýerinde kapyrlaryň hilelerini puja çykaryp olaryň  möminlere musallat bolmaklaryna ýol berjek däldir .

2-    Ylahy kada esasynda  üstünlik ahyr-soňda hak bilendir ýöne hak bilen nähakyň arasyndaky göreş kä wagtlar görme göze nähakyň haky  basmyrlamgy mümkindir ýöne zulumyň we sütemiň üstünligi hemişelik däldir

3-    Gelejeklere ybrat we sapak sapak bolar ýaly esgi taryhy eserleri gorap saklamakydyr .

4-    imanyň we  we takwalylygyň täsirleri we peýdalary diňe ahyrete degişli däldir  eýsem takwa adamlar  özleriniň ýagşy  işleriniň netijesini şu dünýäde hem görjekdirler  we kä wagtlar  sütemkär adamlar hem  özleriniň eden etmişleriniň netijesini şu dünýäde görüp eginleri bilen  çekjekdirler .

Näml süresi, 54  we 55 –nji aýatlar:

وَلُوطاً إِذْ قَالَ لِقَوْمِهِ أَتَأْتُونَ الْفَاحِشَةَ وَأَنتُمْ تُبْصِرُونَ (54) أَئِنَّكُمْ لَتَأْتُونَ الرِّجَالَ شَهْوَةً مِّن دُونِ النِّسَاء بَلْ أَنتُمْ قَوْمٌ تَجْهَلُونَ (55)‏

 

<

Şähwet üçin zenanlaryň ýerine erkeklere ýakynlaşýarsyňyzmy ? belkide siz nadan kowumsyňyz diýip” aýdan mahalyny ýadyňa sal .>>

Gurhany kerim geçen aýatlarda hezreti Salyh pygamberiň  ykbalyny beýan edeni soň bu aýatlarda Lut pygamberiň we onuň kowumynyň dessanyna girişýär .

Elbetde Gurhany kerim ýene bir neçe süräniň aýatlarynda Lut kowumynyň dessanyny beýan edendyr ýöne jynsy azgynçylyklar taryh boýunda bolanlygy üçin Gurhany kerim Lut kowumynyň  dessanyna bir näçe ýerde yşarat edendir, we başgalar olaryň ykballaryndan ybrat alarlar ýaly olaryň şüm ykbalyny aýdyp berendir .

Gurhany kerim bu aýatlarda : lut pygamber, özüniň kowumynyň arasyndaky jynsy azgynçylygy diýmek erkekleriň erkekler bilen ýatyp turmaklaryny bir ýaramaz iş bilip “siz bu işiň gaty ýaramazlygyny bilýän ýagdaýyňyzda oňa baş goşýarsyňyz we öz  başdaşlaryňyz bilen ýatmagyň ýerine erkekler bilen ýatyp turýarsyňyz” diýip aýtdy .

Elbetde şu hili köpçüliklerde zenanlaryň hem zenanlar bilen bolmaklary mümkindir . sebäbi  erkeklerden ýüz görmeýän zenanlar ýuwaş ýuwaşdan olardan sowap zenanlara  ýakynlaşjakdyrlar, bu mesele bolsa ahyr soňda içeri-maşgalanyň binýadyny gowşadyp talagyň we ar-aýalyň jydalygyny artdyrjakdyr.

Gynanç bilen şu hilli ýagdaý durmuşda  gün batar köpçüliginde kän görmek  bolýar . has beter gynanmaly zat ynsanyň gaýnamyna  garşy gelýän bu işiň diýmek erkegiň erkek bilen we zenanyň hem zenan bilen jynsy  gatnaşyk açmaklarynyň gün batarda kanuny taýdan goldamagydyr we kanunyň bu ýaramaz işe rugsat bermegidir .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1-    Köpçülikde telek we ýaramaz işleriň öňüni almaklyk pygamberleriň we salyhy ynsanlaryň paýyna düşýändir .

2-    Ynsanyň tebigy mätäçliklerine laýyklykda onuň jynsy mätäçligi üpjün edilmelidir ýene bir ybaratda jynsy mätäçlik  ynsanyň bir tebigy mätäçligi hasaplanýandyr . ýöne ynsanyň bu mätäçligi dogry ýoldan diýmek şerigatyň ýolundan üpjün  edilmelidir . bu  ýoly bolsa Allanyň özi bilýändendir .

ynsanyň jynsy mätäçligini başga ýollardan üpjün etmeklik köp kynçylyklary  yzyna tirkejekdir .

3-    Bir jynsdan bolan adamlaryň jynsy  gatnaşyk açmaklary ýaly jynsy azgynçylyklar , günbatar köpçüligi ýaly ýerlerde ylymly we bilimli adamlar tarapyndan  ýüze çyksa-da ol nadanlygyň  alamatydyr.

 

Näml süresi, 56-njy aýat:

فَمَا كَانَ جَوَابَ قَوْمِهِ إِلَّا أَن قَالُوا أَخْرِجُوا آلَ لُوطٍ مِّن قَرْيَتِكُمْ إِنَّهُمْ أُنَاسٌ يَتَطَهَّرُونَ (56)

<<Ýöne onuň kowumynyň jogaby “lutyň hanadanyny  ülkeden kowup çykaryň (sebäbi) olar päkligi isleýän adamlardyr” diýip aýdylan gürrüňden başga zat bolmady.>>

Lut kowumy Lut pygamberiň dogry sözlerini we öwütlerini eşidenleri soň ol sözleri tutmagyň ýerine  oňa garşy durdylar we edepsizlik bilen “Luty we onuň hanadanyny we ýaranlaryny şäherden çykarmaly sebäbi ol biziň işimizi aýyp bilýär oňa görä indiden soň hiç kim biziň işimizden aýyp almaz ýaly olary şäherden çykarmaly diýip aýtdylar.

Hawa Bir köpçülikde telek iş ýoň bolsa ol işi ýaramaz  bilýän päk adamlar ol köpçüligiň gözünden gaçýarlar şonuň üçin hem bu hilli köpçüliklerde  päk ynsanlaryň jaýy türme bolýar ýa-da sürgün edilip ýurtdan çykarmaklyk bolýar .

Gurhany  kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1 – günä işleriň garşysynda dymyp oturmaklyk gelşikli däldir. köpçülikde  günä işleri göreňde  islendik netijäni çykarmasa-da adamlary ýaramaz işlerden saklamalydyr .

2 – jynsdaş adamlaryň jynsy gatnaşyk açmaklary barada günbatarda berilýän şygar, Lut kowumynyň şygary bolandyr, oňa görä  bu işiň azat  edilmegini islemeklik medeniýetiň nyşanalaryndan däldir eýsem  nadanlygyň nyşanalaryndandyr .

3 – köpçüligiň ýaramazlygy we onda günä işleriň ýoň bolmagy  ynsanlaryň günä etmekleri üçin bahana bolmaly däldir . sebäbi  nä-päk köpçüliklerde hem päk ýaşap günä işlere bulaşmadyk adamlar az bolan däldir .

 

//////////