bölüm,687,süre näml,aýat 57-60
bölüm,687,süre näml,aýat 57-60
برنامه راهی بسوی نور (687)
Näml süresi, 57 we 58-nji aýatlar :
فَأَنجَيْنَاهُ وَأَهْلَهُ إِلَّا امْرَأَتَهُ قَدَّرْنَاهَا مِنَ الْغَابِرِينَ (57) وَأَمْطَرْنَا عَلَيْهِم مَّطَراً فَسَاء مَطَرُ الْمُنذَرِينَ (58)
<< ony (Lutny) we onuň içeri-maşgalasyny halas etdik – diňe başdaşyny (halas etmedik )- we yrada etdik onuň başdaşynyň şäherde galyp (heläk bolmagyna)// soň olaryň depesinden (daş) ýagdyrdyk (hemmesi daşyň astynda gömüldiler). duýduryş berlenleriň üstüne ýagan bu ýagyş ne gadar elhençdir.>>
Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Lut pygamberniň kowumy onuň sözlerine gulak berip özleriniň ýaramaz işlerinden saklanmagyň deregine Lut pygamberine haýbat atyp “egerde sen bu sözleriňden we biziň işimize berýän päsgelçiligiňden saklanmasaň seni şäherden çykararys” diýip aýtdylar . şeýlede olar Lut pygamberi kä wagt masgaralap “egerde päklik isleýän bolsaň , biziň gaharmyza giriftar bolmajak bolsaň şäherden çyk” diýip aýtdylar .
Gurhany kerim bu aýatlarda aýdýar : Alla tagala başyna giden Lut kowumuna duýduryş berip olary hujjaty Beýan edeni soň olaryň depesinden azaby inderdi we Lut pygamberine “ylahy azapdan ozal ýanyňdaky möminler bilen birlikde şäherden çyk” diýip wahyý etdi . elbetde Lutyň başdaşy onuň duşmanlary bilen arabaglanşykda bolup Lutyň habarlaryny olary ýetireni üçin Allanyň emri bilen jezalandyrylyp heläk boldy .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- günäkär adamlaryň edýän günä işlerinden hoş bolup olary ýardam etmeklik günädir we bu hili ynsanlar Allanyň azabyna giriftar boljakdyrlar .
2- ylahy düşünjede esas kanundyr we bu düşünjede guda-garyndaşlyk arabaglanşygyň orny ýokdur . Lutyň başdaşy ýa-da Nuhuň perzendi, ylahy ynsanlar bilen baglanşykly bolsalarydy Allanyň dini bilen tersleşmekleri sebäpli ylahy azaba giriftar boldylar emma Fywownyň başdaşy , bir kapyr adamyň başdaşy bolsada ol dindar we mömin zenan bolanlygy sebäpli behişt ählinden bolandyr .
3- ynsanyň dünýäde päk we takwa adam bolmagy onuň ylahy azapdan gutulmagyna sebäp boljakdyr.
Näml süresi, 59-njy aýat :
قُلِ الْحَمْدُ لِلَّهِ وَسَلَامٌ عَلَى عِبَادِهِ الَّذِينَ اصْطَفَى آللَّهُ خَيْرٌ أَمَّا يُشْرِكُونَ (59)
<< (eý pygamber!) aýt : Allaga hämdü senalar bolsun we onuň (mömin) bendelerine salam bolsun . ( indi ) Alla ýagşymydyr? Ýa-da oňa kaýyl bolýan şärikleri? >>
Gurhany kerim näml süresiniň geçen aýatlarynda ylahy bäş pygamberiň ykbalyny beýan edeni soň yslam pygamberine ýüzlenip aýdýar : ýeriň ýüzini pasyk we günäkär adamlardan arassalan beýik Taňra hämdü sena aýtmalydyr şeýlede Allanyň saýlan adamlary bolan we ynsanlaryň dogry ýola girmeklerinde kän zähmetler çeken öwliýalara we pygamberlere salamlar bolsun .
Gurhany kerim bu aýatyň dowamynda : müşrikleriň çokunýan Butlary we ýa-da olaryň bil baglaýan baýlyklary olary, Allanyň azabyndan halas edip bilermi? Onda näme üçin olar ýeke Taňra bendelik etmegiň deregine başga zatlara bendelik edýärler? megerde olar geçen kowumlaryň ykballaryndan habarsyzmy? we biziň olary nähili heläk edendigimizi bilmeýärlermi?” diýip aýdýar.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- ylahy nygmatlara şükür etmegiň ýanynda ýagşy ynsanlara hem alkyşlar aýtmalydyr, sebäbi salyhy ynsanlara üns berip olary alkyşlamaklyk, ynsanyň ýaşaýyşynda gowy täsirleri galdyrýandyr .
2- ylahy öwliýalar diridirler we olar biziň olara ýollaýan salamlarmyzy we aýat towhyrlarmyzy kabul edýändirler hat-da Taňry tagala hem olara salam ýollaýandyr .
Näml süresi, 60-njy aýat :
أَمَّنْ خَلَقَ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضَ وَأَنزَلَ لَكُم مِّنَ السَّمَاءِ مَاء فَأَنبَتْنَا بِهِ حَدَائِقَ ذَاتَ بَهْجَةٍ مَّا كَانَ لَكُمْ أَن تُنبِتُوا شَجَرَهَا أَإِلَهٌ مَّعَ اللَّهِ بَلْ هُمْ قَوْمٌ يَعْدِلُونَ (60)
<<( Allaga tutunýan şärikleriňiz ýagşymydyr ?) ýa-da gökleri we ýeri ýaradyp asmandan suw iberen kimse ( ýagşymydyr ? ) ol (suw ) bilen ter çemenli bossanlary ýaratdyk we onuň ýekeje agajyny ýaratmaklyk size başartmaz . Allanyň ýanynda ýene bir magbut (Taňry) barmydyr? (elbetde ýokdur ) belkide olar gümra adamlardyr.>>
Gurhany kerim geçen aýatyň soňunda : hemme zat onuň yradasynda bolan Alla ýagşymydyr? Ýa-da siziň oňa şärik tutunýan zatlaryňyz? diýip aýdýar .
Gurhany kerim bu aýatda ýer ýüzünde Taňry tagalanyň gudratyny we ylmyny görkezýän bir näçe mysala yşarat edip : siziň çokunýan zatlaryňyz , gögi we ýeri ýaradyp asmandan suw inderip bilýärmi ? şeýlede bu bag bossanlary siziň magbutlarňyz ýaratdylarmy? onda ne sebäpden hak ýolundan çykyp gümralyga ýüz öwürýärsiňiz” diýip aýdýar.
Gurhany kerim bu aýatda we mundan soň gelen aýatlarda ynsany , ýaradylyş hakynda oýlanmaklyga çagyrýar . sebäbi akyl jaýynda bolan her bir ynsan bu jahanyň öz özünden döremändigini ýa-da ony ynsanyň döredip ynsanyň dolandyrmaýandygyny gowy bilýändir .
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- ýaradylyş hakynda oýlanyp Alla ýetip bolar, ýaradylyş hakyndaoýlanmaklyk Alla ýetmegiň bir gowy ýolydur .
2- ýekeje agajy gögertmek-de özümiziň ejizligimize göz ýetirmek bilen ýaradylyşyň öz özünden amala gelmändigine eýsem onuň amala gelmeginde bir güýçli halyhyň bardygyna göz ýetirjekdiris .
3- barlygyň işlerine Alla özi çäre görýändir ýöne Alla ýagyş bilen ýeri gögerdişi ýaly barlygyň işlerine hem kä sebäp kärleriň üsti bilen çäre görýändir .
////////////