bölüm,688,süre näml,aýat 61-63
bölüm,688,süre näml,aýat 61-63
برنامه راهی بسوی نور (688)
Nämi süresi, 61-nji aýat:
أَمَّن جَعَلَ الْأَرْضَ قَرَاراً وَجَعَلَ خِلَالَهَا أَنْهَاراً وَجَعَلَ لَهَا رَوَاسِيَ وَجَعَلَ بَيْنَ الْبَحْرَيْنِ حَاجِزاً أَإِلَهٌ مَّعَ اللَّهِ بَلْ أَكْثَرُهُمْ لَا يَعْلَمُونَ (61)
<<
Gurany kerim geçen gepleşikde kapyrlaryň we müşrikleriň Butlara we Butlara meňzeş zatlara bendelik etmekde gullyk edýän ýalňyş aň-pähimlerine yşarat etmekden soň “tebigatda görýän zatlarňyz siziň aýdýan taňrylaryňyz ýaradan zatlarymy? Ýa-da ýeke Taňrynyň ýaradan zatlarymy?” Diýip sorag berdi .
Gurany kerim şol aýatyň dowamynda bu aýatda ýaradylyşda Allanyň gudratyny we hekmetini mälim edýän tebigatyň kä taraplaryna yşarat edip :Taňry tagala ýer şaryny siziň asuda ýaşamagyňyz üçin ýaratdy diýip aýdýar .
Ýer şarynyň dürli künjeklerinde käde-käde ýüze çykýan ýer yranmalary we olaryň ýüze çykarýan harabalyklaryny göz öňüne alsak ýer şarynyň yranman durmagynyň oňüň ýaşaýjylar üçin bir uly nygmatdygyna göz ýetirjekdiris .
Bu arada ýer şarynyň ýüzünde daglaryň , deňizleriň , derýalaryň we ajydyr süýji suwlaryň bolmagy , onda ýaşaýan ynsanlar üçin we beýleki janlylar üçin ýaşaýyş şertlerini döredýändir . Suwlaryň golaýynda giden bir medeniýetleriň amala gelmekleri biziň bu sözimize güwä geçýändir .
Indi ne sebäpden müşrikler we kapyrlar jansyz Butlary, bu azamatly älem- jahanyň ýaradylyp dolandyrylmagynda Allanyň şärikleri bilýärler? dogrusy olaryň bu enteşeleri hakykata jebis gelýän däldir we olaryň gümralygyny mälim edýändir .
Gurany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1 – ýer şarynyň çaýkanman durmagy onda ýaşaýan ynsanlaryň “ýer şary hereket etmeýär” diýen gumana girmeklerine sebäp bolupdyr .
emma aslynda ýer şary güniň töweregine gaty tizlik bilen aýlanyp durandyr ýöne onuň aýlanşy belli bir düzgün esasynda bir şekilde bolansoň hiç kim ony duýmaýar .
2 – ynsanlaryň hakykatdan gapyl galmaklary olaryň müşrik ýa-da kapyr bolmaklaryna sebäp bolandy, elbetde kä wagtlarda hem käler hakykat bilen jedel edip ony kabul etmekden boýun gaçyrandyrlar şeýdipde gümra bolandyrlar .
Näml süresi, 62-nji aýat:
أَمَّن يُجِيبُ الْمُضْطَرَّ إِذَا دَعَاهُ وَيَكْشِفُ السُّوءَ وَيَجْعَلُكُمْ خُلَفَاء الْأَرْضِ أَإِلَهٌ مَّعَ اللَّهِ قَلِيلاً مَّا تَذَكَّرُونَ (62)
<<
Gurany kerim bu aýatda ynsanlaryň ýaşaýyşynda özüni görkezýän Allanyň nyşanalarynyň birisine yşarat edip : haçanda kynçylyklara we ýowuz ýagdaýlara uçraňyzda we hemmelerden numyt bolaňyzda kimden medet soraýarsyňyz? Şu hilli ýagdaýlarda Butlar ýa-da beýlekilerden size kömek berip biljek gudrata ýüz tutup ondan kömek soraýarsyňyzmy diýip aýdýar .
Elbetde Gurany kerim özüniň beýleki aýatlarynda hem ynsanlaryň özlerindäki içgin güýç bilen älem jahanda Alla diýen bir gutratyň barlygyna göz ýetirip bilýändiklerine yşarat edip “egerde deňizde gämi bilen barýan bolsaňyz şonda güýçli tupan tursa we janyňyz howp astynda bolsa şol ýagdaýda sizi Alladan başga biri halas edip bilermi?” Diýip aýdýar .
Maddy garaýşa gulluk edýän kä adamlar Allanyň barlygyny inkär edip “ynsanlar nämedir bir zatdan gorkup şol gorkylaryny aýrylmak üçin Alla diýen bir zady öz zehinlerinde döredip şoňa ýüz tutýarlar” diýip aýdýarlar .
Emma hakykat başgaçadyr we mömin adamlar diňe bir ýowuz ýagdaýlarda däl eýsem hoşlukda hem Alla daýanyp onuň nygmatlary üçin Allanyň şükrüni kylýandyrlar. Emma gorkyly we ýowuz ýagdaýlar ynsanlaryň gözleriniň alnyndan gaflat perdeleriň bir ýana sowlup olaryň hakykaty görmeklerine sebäp bolýandyr ýogsa ynsanlar hemişe bu hakykata mätäçdirler. Şonçada bir perzent elmydam ene-atasyna mätäçdir ýöne ol şondan gelende hemişe ene-atasyna ýüz tutmaýar eýsem gerek bolan ýerinde olardan kömek soraýar .
Her halda ynsanlar ýowuz ýagdaýlarda hiç kimden peýdaň ýokdugyna göz ýetiren mahallary Alla diýen bir gudrata ýüz tutup ondan kömek soraýandyrlar. Şeýlä ýagdaýda ynsanlar Allanyň barlygyny içgin duýýandyrlar .
Gurany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1-Allany tanamaklygyň ýollarynyň birisi-de ýowuz ýagdaýlarda ynsanlaryň içgin suratda dünýä-de bir gutudurjyň barlygyna göz ýetirmekleridir.
2-Taňry tagala ynsany ýer şaryna häkim edendir we onuň baýlyklaryndan haýyrlanmak rugsatyny berendir .
Näml süresi, 63-nji aýat:
أَمَّن يَهْدِيكُمْ فِي ظُلُمَاتِ الْبَرِّ وَالْبَحْرِ وَمَن يُرْسِلُ الرِّيَاحَ بُشْراً بَيْنَ يَدَيْ رَحْمَتِهِ أَإِلَهٌ مَّعَ اللَّهِ تَعَالَى اللَّهُ عَمَّا يُشْرِكُونَ (63)
<<( siziň Alla şärik tutunýan zatlaryňyz ýagşymy?) ýa-da sizi düzleriň we deňizleriň garaňkylygynda size ýol görkezýän we rahmetli ( ýagyşdan ozal ) ýelleri buşluk hökmünde iberýän kimse ýagşymy? Allanyň ýanynda ( ýene bir ) Magbut (Taňry) barmy ? Alla beýik we üssemdir siziň oňa şärik kaýyl bolýan zatlaryňyzdan.>>
Gurany kerim geçen aýatyň dowamynda bu aýatda sorag bilen ýüzlenip “gijelerine gury ýerde ýa-da deňizlerde syýahat edeňizde ýoluňyzy nähili tapýarsyňyz? Size ýol görkezýän ýyldyzlar jansyz Butlaryň ýaradan zatlarmy?Ýa-da älem jahanyň eýesi bolan Taňrynyň ýaradan zatlarmy?” Diýip aýdýar .
Şeýlede :Bulutlary deňizleriň üstünden gury ýerlere we çöllere tarap hereket berýän ýeller kimiň yradasy bilen hereket edýärler? onda ne sebäpden ellerinden hiç bir iş gelmeýän Butlary Allanyň ýerinde goýup öz ykballaryňyzda täsirli bilýärsiňiz? Diýip Gurany kerim bu aýatda müşriklere sorag berýär.
Gurany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1 – gökde we ýerde tebigat bilen baglanşykda ýüze çykan gopgunlar barlyk düzgüniň belli maksatnamasynyň bardygyny mälim edýändir .
Elbetde bu maksatnamany düzmeklik hem Alladan başga hiç kimiň işi däldir .
2 – hiç kim ýa-da hiç bir zat Allanyň ornunda bolup bilmez we Alla hemmelerden we hemme zatdan ýokarda durýandyr .
/////////////