Nov 21, 2017 12:46 Asia/Ashgabat

bölüm,689,süre näml,aýat 64-69

 

برنامه راهی بسوی نور (689)

Näml süresi, 64-nji aýat:

أَمَّن يَبْدَأُ الْخَلْقَ ثُمَّ يُعِيدُهُ وَمَن يَرْزُقُكُم مِّنَ السَّمَاءِ وَالْأَرْضِ أَإِلَهٌ مَّعَ اللَّهِ قُلْ هَاتُوا بُرْهَانَكُمْ إِن كُنتُمْ صَادِقِينَ (64)

<< (syzyň Butlaryňyz ýagşymy?) ýa-da ýaradylyşy başlany soň ( ýaradan zatlaryny kyýamatda ) gaýtaryp ýygnaýan ýagşymy ? oldur size asmandan we ýerden ryzyk berýän , Allanyň barlygynda başgy Hudaý bolup bilermi ? ( elbetde bolup bilmez) ( eý pygamber! olara ) “aýdýanyňyz dogry bolsy ( sözüňize) delil getiriň” diýip aýt >>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly gurhany kerim müşrüklere ýüzlenip olardan : siziň çokunýan Butlaryňyz ýagşymy ýa-da gögi- ýeri we olardaky barça zatlary ýaradan All ýagşymy ? diýip sorýar . Gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda ýene bir soragy ara atyp : siziň çokunýan zatlarňyz ýagşymy? ýada ýaradylyşyň çeşmesi bolan we soňda ahyret-de özüniň ýaradan barçy mahluklaryny bir mekana ýygnajak Alla ýagşymy ? diýip soraýar . Gurhanyň bu aýatnyň aýdyşyça , Taňry tagala ýaradylşy ýaradan soň  ony dolandyrmak bilen ondaky barça zatlaryň mätäçliklerini üpjün edýändir we her bir zada geregine görä ryzyk berýändir . şondan gelende müşrükler , Allanyň ýanynda ýene bir näçe Hudaý , ýaradylyşda we barlygyň işlerine çäre görmekde Alla kömek berýändirler diýip guman edýärler.

Gurhany kerim bu aýatda ýene müşrüklere ýüzlenip : egerde aýdýanyňyz dogry bolsa sözüňize delil getiriň diýip nygtaýar . dogrusy gurhany kerim garşylara çemeleşen mahaly olardan öz sözlerine delil getirmeklerini isländir . Gurhany kerim , ýaradylyş , barlyk we kyýamat hakynda aýdýan zatlaryny delil we mantyk bilen düşündiriş berýär şonuň üçin hem müşrüklerden hem öz aýdýanlaryna delil getirmeklerini isleýär .

Gurhany kerimiň bu aýatnyň öwredýän sapaklary :

1- garşylara çemeleşmekde ynsaply bolmalydyr egerde olaryň getirýän delilleri akla sygyrly bolsa ony kabul etmelidir – meniň duşmanymyň sözi diýip ony delilsiz ret etmeli däldir . – sebäbi yslam dini , mantygyň dinidir we garşylardan delil bilen gepleşmegi isleýändir .

2- taňry tagala biziň talap edýän mätäçligimizi  üpjün edendir. hawa , suwa we nura bolan mätäçligimizi asmandan  we dürli iýmitlere bolan mätäçliklerimizi bolsa ýerden üpjün edendir.

 

Näml süresi, 65 we 66-njy aýatlar :

 قُل لَّا يَعْلَمُ مَن فِي السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ الْغَيْبَ إِلَّا اللَّهُ وَمَا يَشْعُرُونَ أَيَّانَ يُبْعَثُونَ (65) بَلِ ادَّارَكَ عِلْمُهُمْ فِي الْآخِرَةِ بَلْ هُمْ فِي شَكٍّ مِّنْهَا بَلْ هُم مِّنْهَا عَمِونَ (66)

<<( eý pygamber ! olara ): göklerde we ýerde Alladan özge hiç kim gaýyp bilmez diýip aýt şeýlede olar , özleriniň haçan direljekdiklerini bilmezler //.eýsem olaryň ylmy , ahyret barada gutarandyr belkide olar (kyýamat barada ) şekdedirler . ( çünki) olar ( hakykaty görüp bilmeýän) kör adamlardyrlar.>>

Ölümden soň direlmekligi ýada kyýamaty inkär etmekde hiç hili delilleri bolmadyk müşrükler “ kyýamat haçan gopar?” diýip sorag berýärdiler . olar bu soraglaryna pygamberler tarapyndan jogap berilmani soň : belli bolşundan siziň özüňiz hem kyýamatyň ber-haklygyny we onuň gopjaklygyna ynamňyz bolmaly däl diýip aýdýardylar.

Gurhany kerim bu aýatlarda olaryň bu soraglarynyň we bildirýän şübheleriniň jogabynda : kä zatlar , Allanyň elindedir hata perişdeleriň we pygamberleriň-de olardan habarlary ýokdur ýöne bir zadyň gopjak zamanynyň näbelliligi ol wakanyň ýüze çykmazlygyna delalat edýän däldir , her bir adam hem özüniň haçandyr bir gün öljekdigini bilýändir ýöne ölüminiň haçan onuň ýakasyndan ýapyşjakdygyny bilýän däldir . indi ölümniň haçan boljakdygyny bilmeýän ynsan özüniň öljekdigini inkär edip bilermi? Kyýamatda şeýle bir zatdyr we onuň boljaklygyna şek-şübhe ýokdur ýöne onuň zamanyny ynsan bilýän däldir.    

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- dini ynam ygtykatlary şol sanda kyýamaty inkär edýänleriň bu ugurda ulanýan şiweleriniň birsi-de dini ynam- ygtykatlaryň ber-haklygyny şübhe bildirmekdir. oňa görä musulmanlar olaryň bildirýän şübhelerine delil we mantyk bilen jogap bermelidirler .

2- kyýamata iman getirmeklik edil ýaradylşyň başlanmagyna iman getirmek ýalydyr we bu zatlar bolsa ynsanyň ystyna  we aňyna sygmaýan gaýyp dünýäsine degişli zatlardyr we olary diňe akyl bilen we mantyk bilen subut edip bolýandyr.

Näml süresi, 67, 68 we 69-njy aýatlar :

وَقَالَ الَّذِينَ كَفَرُوا أَئِذَا كُنَّا تُرَاباً وَآبَاؤُنَا أَئِنَّا لَمُخْرَجُونَ (67) لَقَدْ وُعِدْنَا هَذَا نَحْنُ وَآبَاؤُنَا مِن قَبْلُ إِنْ هَذَا إِلَّا أَسَاطِيرُ الْأَوَّلِينَ (68) قُلْ سِيرُوا فِي الْأَرْضِ فَانظُرُوا كَيْفَ كَانَ عَاقِبَةُ الْمُجْرِمِينَ (69)

<<>>

 Gurhany kerim geçen aýatlarda müşrükleriň we kapyrlaryň kyýamaty inkär etmekleriniň delilni beýan edeni soň bu aýatlarda aýdýar : kapyrlar we müşrükler özleriniň kyýamata bildirýän şübhelerini düşündirmek üçin getirýän delillerinde “ geçen pygamberler hem taryh boýundy  , kyýamatyň boljakdygyny wada berendirler emma biziň ata babalarymyz ölüp topragy garylyp gitdiler ýöne olaryň beren wadalary durmuşa geçmedi, indi biz hem ölüp topraga garlyp gideris we bizi gaýtadan direlder ýaly bizden hiç bir zat galmaz” diýip aýtdylar . Gurhany kerim kapyrlaryň we müşrükleriň bu sözleriniň jogabynda aýdýar : birinjiden  siz ozal başda toprakdan ýaradyldyňyz, indi hem topraga garylyp ýok olmagyňyzdan soň siziň gaýtadan direldilmegiňiz bolup biljek zatdyr, ikinjiden siziň pygamberleriň hak sözi bilen tersleşmegiňiz sizi edil ata-babalaryňyz ýaly şu dünýäde ylahy azaba giriftar edip biljekdir , bu hakykata göz ýetirmek üçin özüňizden ozal geçen kowumlaryň ykbalyna ser salyň , munuň üçin bolsa ýeriň ýüzünde syýahat edip olardan galan zatlary synlap görüň.

Gurhany kerimiň bu aýatlarnyň öwredýän sapaklary :

1- ylahy kitaplary erteki bilmeklik müşrükleriň taryh buýunda ulanan şiwesi bolandyr gynanç bilen durmuşda hem käler nadanlykdan käler hem ägälikden asmanlyk mugaryflara dil ýetirip olary erteki bilýändirler.

2- Gurhany kerim ynsanlary , taryh öwrenmeklige çagyryp olardan ýeriň ýüzinde syýahat edip geçen sütemkärleriň ykballaryna ser salmaklaryny isländir, sebäbi geçen sütemkärlerden ýadygär galan zatlary ýakyndan synlap görmeklik  ynsanyň dogry terbiýelenmekligine sebäp bolýandyr .

3-geçen halyklardan ýadygär galan zatlary gorap saklamaklyk indiki nesilleriň ybrat almaklary üçin zerurdyr.