bölüm,690,süre näml,aýat 70-75
bölüm,690,süre näml,aýat 70-75
برنامه راهی بسوی نور (690)
Näml süresi, 70 , 71 we 72-nji aýatlar:
وَلَا تَحْزَنْ عَلَيْهِمْ وَلَا تَكُن فِي ضَيْقٍ مِّمَّا يَمْكُرُونَ (70) وَيَقُولُونَ مَتَى هَذَا الْوَعْدُ إِن كُنتُمْ صَادِقِينَ (71) قُلْ عَسَى أَن يَكُونَ رَدِفَ لَكُم بَعْضُ الَّذِي تَسْتَعْجِلُونَ (72)
<<(Eý pygamber!) olaryň halyna gam ime we olaryň edýän hilelerinden darykma .//Kapyrlar :( wada berýän ylahy azabyňyz ) haçan bolar? diýip aýdýarlar.//(Olara) : siziň (gelmegine) howlukýan zadyňyzyň bir bölegi belkide size golaýdyr diýip aýt.>>
Näml süresiniň 69-njy aýatynda Gurhany kerim , müşrükleriň, geçen kowumlaryň ykbalyndan sapak almaklary üçin olary ýeriň ýüzünde aýlanyp geçen kowumlardan ýadygär galan şäherleriň we binalaryň harabalyklaryny ýakyndan synlap görmeklige çagyrdy .
Gurhany kerim şol gürrüniň dowamunda bu aýatlarda yslam pygamberine ýüzlenip “müşrikleriň bildirýän tersleşiklerini görüp gam bolma, olar elmydam hak bilen tersleşýändirler öňä görä sen diňä öz wezipäňde tapylyp hakyň kelamyny olaryň gulagyna ýetir, Alla hem ynsanlary azat ýaradandyr we hiç kimi iman getirmeklige mejbur edýän däldir” diýip beýan edýär. Gurhany kerim bu aýatlarda ýene şeýle diýýär : eý pygamber! elbetde kapyrlar we müşrikler iman getirmezler eýsem seniň dini wagyz etmegiň öňüni aljak bolup hilä ararlar emmä biz olaryň hilelerini suwa dökeris onda sen olaryň hilelerinden gorkma.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynda gelişine görä kapyrlar we müşrikler pygamberi we möminleri masgaralap “asmanlyk azap diýip aýdýan bu azabyňyzyň wagty haçan? näme üçin öl biziň depämizden inmeýär? Biz oňa garaşyp durys” diýip aýdýarlar .
Taňry tagala bolsa olaryň bu soraglarynyň jogabynda “kän howlukmaň basymlykda uly azap başyňyza iner we siziň masgaralaýan zadyňyz sizi gurşap alar” diýip aýdýar .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary sudur weli:
Gümra adamlara ýürek ýandyrmagyň çeni-çaky bardyr, olaryň dogry ýola girmekleri ugrunda tagalla etmelidir ýöne haky düşünip özleriniň barýan egri ýollarynyň üstünde aýak direseler olaryň halyna gam imäni olary öz erkine goýbermek gowydur .
Näml süresi, 73 , 74 we 75-nji aýatlar:
وَإِنَّ رَبَّكَ لَذُو فَضْلٍ عَلَى النَّاسِ وَلَكِنَّ أَكْثَرَهُمْ لَا يَشْكُرُونَ (73) وَإِنَّ رَبَّكَ لَيَعْلَمُ مَا تُكِنُّ صُدُورُهُمْ وَمَا يُعْلِنُونَ (74) وَمَا مِنْ غَائِبَةٍ فِي السَّمَاء وَالْأَرْضِ إِلَّا فِي كِتَابٍ مُّبِينٍ (75)
<<
Gurhany kerim öňki aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda aýdýar : Alla müşrikleri jezalandyrmakda howlukmaýar, Allanyň howlukmazlygy onuň müşrikleri jezalandyrmakda ejizliginden ýa-da gaflat etmeginden nyşan däldir eýsem Allanyň öz bendelerine bolan lutf-u kereminden nyşandyr . Alla özüniň günäkär bendelerine toba edip dogry ýola girmeklerine möhlet berýändir . ýöne gynanç bilen kapyrlar we müşrikler Allanyň beren bu möhletiniň gadryny bilip onuň şükrüni kylmagyň deregine özleriniň ozalky ýalňyş ýollaryny dowam edýärler we geçmişlerini düzeltmegiň deregine onuň üstünde aýak diräp özleriniň hata işlerini dowam edýärler. Belkide müşrikler “Alla olaryň işlerinden we hilelerinden habarsyzdyr şonuň üçin hem Alla olaryň tersine hiç bir işi etmeýär” diýen gumandadyrlar. emma aslynda hiç bir zat Allanyň ýanynda basyrgyly däldir we Alla hemme zatlaryň içinden we daşyndan habarlydyr sebäbi barlyk düzgüninde lowhulmähfuz dilen zat bardyr. Lowhulmähfuz bolsa Allanyň tükeniksiz ylmydyr we şol ylymda dünýäniň hemme zatlary aça-çan beýan bolýandyr .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1 – Allanyň beren möhletiniň gadryny bilip ondan öz geçmişimizi düzeldip towa etmek ugurda haýyrlanmalydyrys .
2 – Alla tagala hemme zatlaryň içinden we daşyndan habarlydyr . barça iş Alla aýandyr .Alla gökleriň we ýeriň gaýbyndan, ynsanlaryň basyrgyly işlerinden, kyýamatyň we beýleki syrly işleriň boljak zamanyndan habarlydyr . Şeýlede bütin barlyk Allanyň ýanyndadyr we barlygyň hasaby Allanyň ýanynda ýazgylydyr .
3 – ynsan özüniň amallaryny düzeltmegiň ýany bilen özüniň niýetini hem düzeltmelidir . özgeleriň ýamanyny dilemegiň ýerine olaryň ýagşysyny dilemelidiris sebäbi Alla biziň içimizden habarlydyr we şonuň esasynda hem özüniň lutf-u we rahmetini biziň depämizden inderýändir.
////////////