bölüm,691,süre näml,aýat 76-81
bölüm,691,süre näml,aýat 76-81
برنامه راهی بسوی نور (691)
Näml süresi, 76, 77, 78 we 79 nji aýatlar:
إِنَّ هَذَا الْقُرْآنَ يَقُصُّ عَلَى بَنِي إِسْرَائِيلَ أَكْثَرَ الَّذِي هُمْ فِيهِ يَخْتَلِفُونَ (76) وَإِنَّهُ لَهُدًى وَرَحْمَةٌ لِّلْمُؤْمِنِينَ (77) إِنَّ رَبَّكَ يَقْضِي بَيْنَهُم بِحُكْمِهِ وَهُوَ الْعَزِيزُ الْعَلِيمُ (78) فَتَوَكَّلْ عَلَى اللَّهِ إِنَّكَ عَلَى الْحَقِّ الْمُبِينِ (79)
<< şübhesiz bu Gurhan , Beni Ysraýylyň, üstünde dawaly bolan zatlarynyň köpüsini olara beýan edýändir.// we takyk bu ( kitap ) möminlere hedaýat we rahmetdir.// we hökman seniň repbiň öz hökümi bilen olaryň arasynda karar çykarjakdyr .( dogrudanda) ol güýçli we ägädir.// onda Alla töwekgel et , sebäbi aýdyň hakykat seniň bilendir.>>
Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly müşrikler dürli bahanalary getirip kyýamaty we kyýamat gününde ölüleriň direlip ýagşy we mömin adamlaryň Behişte we kapyr we günäkär adamlaryň bolsa jähenneme gitmeklerini inkär edýärdiler, hatda olar bu hili gürrüňleri masgaralaýardylar .
Emma Gurhany kerimiň bu aýatlary yslam pygamberniň zamanynda Arabistan ýurdunda ýaşaýan Jöhitler hakyndadyr . şol döwrüň Jöhitleri Gurhan kitabyny we yslam dinni kabul etmekden we onuň ber haklygyny tassyklamakdan boýun gaçyrýardylar . elbetde Jöhitler Towratda getirlen hezreti Isa hakynda şeýlede , ahyr zamanyň halas edijisi hezreti mäti hakynda hem bir – birleri bilen agyzy aladylar. olar şeýlede , Jöhit dininiň buýruklary hakynda hem dawalydylar , Gurhany kerim bu aýatlarda bu Jöhitler hakynda aýdýar : egerde olar Gurhan kitabyny bir asmanlyk kitap höküminde kabul etselerdi olaryň dawa edýän zatlarynyň hemmesi çözülip gitjekdi we hezreti Musa (a.s) we Isa (a.s)-dan soň Jöhit we hristiýan dinlerine siňen bedygatlar we nä dogry düşünjeleriň hemmesi aýrylyp dogry we hak dini olaryň erkinde goýuljakdy . hawa , Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda yslam pygamberine we möminlere ýüzlenip “kitap ählileriniň bildirýän tersleşikleriniň garşysynda Alla töwekgel edip onuň tükeniksiz ylmyny we gudratyna daýanyp öz ýoluňyzy dowam ediň we hakyň siz bilen digini bilip goýuň” diýip aýdýar.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- Gurhany kerim gadymdan gelýän ynam- ygtykat düşünişmezlikleri çözüp bilipdir, bu bolsa Gurhanyň bereketlerindendir. Gurhany kerime ýüz tutulan ýerinde ol diňe bir musulmanlaryň arasyndaky dawalary däl eýsem beýleki ylahy dinleriň arasyndaky düşünişmezlikleride çözüp berýändir.
2- Hedaýat , Alla tagalanyň öz rahmeti bilen ynsana bagyş eden uly nygmatlaryndandyr .
3- Alla tagala töwekgel etmeklik ynsanyň öz işlerinde netije gazanmagyna sebäp bolýandyr elbetde günä ýolunda dälde eýsem hak ýolunda Allatöwekgel etmeklik netije berýändir .
Näml süresi, 80 we 81-nji aýatlar :
إِنَّكَ لَا تُسْمِعُ الْمَوْتَى وَلَا تُسْمِعُ الصُّمَّ الدُّعَاء إِذَا وَلَّوْا مُدْبِرِينَ (80) وَمَا أَنتَ بِهَادِي الْعُمْيِ عَن ضَلَالَتِهِمْ إِن تُسْمِعُ إِلَّا مَن يُؤْمِنُ بِآيَاتِنَا فَهُم مُّسْلِمُونَ (81)
<< we sen , sesiňi ölen adamlaryň gulagyny ýetirip bilmersiň şeýlede kerleri , senden ýüzlerini öwüren mahallary çagyryp bilmersiň .// sen , ýüregi gara adamlary hedaýat ediň bilmersiň (eýsem ) öz sözüňi diňe biziň aýatlarymyza iman getirip musulman bolanlaryň gulagyny ýetirip bilersiň.>>
Gurhany kerim geçen aýatlarda hakyň aça-çan kim bilen digini beýan edeni soň bu aýatlarda : olaryň Gurhan bilen tersleşip ony kabul etmekden saklanmaklarynyň delili Gurhana dolanmaýardy eýsem olaryň özüne dolanýar , Gurhan ber-hakdyr ýöne olar gara ýürek adamlar bolan soňlar ony kabul etmekden saklanýarlar diýip aýdýar .
Bilmezlikden bir ygtykada gulluk edip hak bilen jedel edýän ynsanlar edil ölüler mysalyndadyr, olara hiç bir zat täsir etmez, olar kerdirler haky eşitmezler ,kördirler haky görmezler , ker adam, ynsan bilen ýüz be ýüz bolmasa ony yzyndan çagyrmaklyk peýdasyz işdir ol çagyranyňy duýmaz , gynanç bilen kapyrlar hem edil şol kerler we körler ýalydyrlar olar haky tanamaklyga şert döredýän zatlary öz ýanlaryndan aýrandyrlar haky eşitmejek bolup gulaklaryny tutýandyrlar we haky görmejek bolup gözlerini ýumýandyrlar . bu arada Gurhanyň we yslam pygamberiniň hedaýatyndan paýly boljak adamlar hökman haka boýun egmelidirler onsoňda ylahy aýatlara iman getirmelidirler ýene bir ybaratda , ylahy hedaýatdan paý aljak adam deslap ony hakdan daşlaşdyrýan zatlardan arany açmalydyr we arada bar bolan böwetleri ýok etmelidir . bu böwetler ynsanyň geçmişine we ozalky ynam ygtykatlaryna degişli bolup bilýärler . egerde ynsanyň zehininde orun tapan oý-pikirler ýa-da ata-babalaryň nädogry ynam-ygtykatlary ynsany hakdan daşlaşdyrýan bolsa ynsan deslap özüni olardan halas etmelidir egerde olardan halas bolup bilmese şeýle bir ynsanyň haka boýun bolmagy we hak sözüni diňlemegi çetidir . oňa görä ylahy pygamberleriň sargytlary belli we aça-çandyr, aslynda aýyp ynsanyň özündedir we kaper we müşrik adam özüniň ozalky ynam-ygtykatlaryndan el üzüp bilmänseň pygamberleriň aýtýan hak kelamyny inkär edýändirler . dogrusy bu hili ynsanlar ölen adamlaryň mysalyndadyrlar, olar hak kelamyny kabul eder ýaly ony eşitmezler.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- Gurhanyň düşünjesinde aýdylýan ölüm we dirilik ybaratlary ynsanyň, hem mady we tebigy ölümüne we ýaşaýyşyna aýdylýandyr hemde onuň magnewi ölümüne we diriligine aýdylýandyr. Gurhany kerim haky eşitmeýän adamlar diri bolsalarda olary ölüler sanynda bilýändir şeýlede aýry bir tarapdan Gurhany kerim hak ýolunda janlaryny gurban eden ynsanlar , ölen bolsalarda olary Allanyň ýanynda ryzklary bolan diriler hasaplaýar.
2- Haky tanamak üçin ynsanda gözüň , gulagyň , we aklyň bolmagy ýeterlik däldir eýsem ynsan haky tanamak üçin deslap oňa boýun bolmalydyr , haka boýun bolmadyk ynsan , haky görse-de ýa-da eşitse-de ony inkär eder ýa-da haky başgaça suratda düşüner. dogrusy ýatan adamy oýarsa bolar ýöne ýatanyň roluny oýnaýan adamy oýaryp bolmaz.