bölüm,692,süre näml,aýat 82-85
bölüm,692,süre näml,aýat 82-85
برنامه راهی بسوی نور (692)
Näml süresi, 82 we 83-nji aýatlar:
وَإِذَا وَقَعَ الْقَوْلُ عَلَيْهِمْ أَخْرَجْنَا لَهُمْ دَابَّةً مِّنَ الْأَرْضِ تُكَلِّمُهُمْ أَنَّ النَّاسَ كَانُوا بِآيَاتِنَا لَا يُوقِنُونَ (82) وَيَوْمَ نَحْشُرُ مِن كُلِّ أُمَّةٍ فَوْجاً مِّمَّن يُكَذِّبُ بِآيَاتِنَا فَهُمْ يُوزَعُونَ (83)
<
Geçen gepleşikde bolan gürrüniň dowamynda Gurany kerim bu aýatlarda kyýamat meselesine yşarat edip aýdýar : ahyr-zamanyň öň ýanynda Taňry tagala dünýäden gaýdan ynsanlaryň bir toparyny direldip ýerden çykarjakdyr bu arada olaryň birisi kyýamaty inkär edýänler bilen gürrüň edüp kyýamatyň ber-haklygy barada delil getirjekdir, ýöne şondan gelende kyýamaty inkär edýän kapyrlar munça hakykatlary we mugjyzalary gözleri bilen görselerde kyýamaty inkär edip ölüleriň kyýamatda direlmeklerini kabul etjek däldir .
Guranyň aýtmagyna görä mundan ozal hem Allanyň islegi bilen ölen adamlaryň bir näçesi direlendirler şol sanda pygamberleriň birisi kyýamatyň nähillidigini bilmek üçin Allanyň oňa kyýamaty görkezmegini isledi, Alla bolsa onuň islegini kanagatlandyryp deslap ony öldürdi ýüz ýyldan soň hem ony direltdi . Gurany kerim Bakara süresiniň 259-njy aýatynda bu hakykata yşarat edendir .
Öldürilen bir adamyň bedenine bir sygyryň etiniň degrilmegi bilen ol direlip özüni kimiň öldürendigini aýtdy . bu hakykat bolsa Bakara süresiniň 73-nji aýatynda beýan bolandyr .
Şeýlede Gurany kerimiň nygtaýşy ýaly hezreti Isaň mugjyzalarynyň birisi onuň öli adamy direltmegidir . bulardan aýry Bakara süresiniň 56 we 243 -nji aýatlary hem geçen kowumlardan kä ölenleriň şu dünýäde direlendiklerini aýdýar .
Emmä Gurany kerimiň näml süresiniň 82 we 83-inji aýatlary hem ahyr zamanyň öň ýanynda käleriň dünýä dolanyp täze ýaşaýyş tapjakdyklaryny aýdýar ýöne Gurany kerim bu adamlaryň kimler boljakdyklaryny belli etmändir .
Emmä şu hilli ýagdaýlarda Guranyň aýatlarynyň gümürtikli we näbelli taraplaryny bilmek üçin pygamberden galan möteber rowaýatlara esaslanmaly bolýar .
Jünbende manasyny berýän Dabbä sözi ynsan hakynda gaty az ulanylypdyr ýöne bu sözüň Guranda birlik we köplik suratlarda haýyrlanylşyny göreňde onuň bir giden manasynyň barlygyna hatda ynsanlary da öz içine alýanlygyna göz ýetirýärsiň .
Gurany kerimiň Änfal süresiniň 22-inji aýaty hem şu hilliräkdir. şonda Guran aýdýar : ....... diýmek, Allanyň iň erbet görýän jünbendeleri hatda eşidip bilmeýän kerler we (haky sözlemeýän) lallardyr, olar oýlanmaýan kimselerdir.
Hawa Gurany kerim bu aýatda jünbendeler diýip aýdýan kimseleri şol ynsanlardan aýry zat däldir .
“Halk bilen gürrüň eder ýaly ýeriň astyndan çykarjak jünbendämiz” diýip 82- nji aýatyň aýdýan kimsesi rowaýatlar esasynda Allanyň öwliýalarynyň birisi bolmaly ýa-da kä rowaýatlar esasynda hem şol kimse hezreti Aly bolmaly .
Şeýlede näml süresiniň 83-nji aýaty esasynda ahyr zamanda bir topar ynsan direljekdir. Rowaýatlarda gelşinä görä ahyr zaman bolanda Taňry tagala hezreti Mätiň hökümetine goldaw berip oňa kömekçi bolar ýaly taryh boýunda dünýäden gaýdan mömin we salyhy ynsanlary direltjekdir . aýry bir tarapdan hem Taňry tagala taryh boýunda halklara sütem eden zalym häkimleri we soltanlary şu dünýäde jezalandyrmak üçin hezreti Mätiň jahanlyk hökümetinde olary direldip olaryň jyzasyny berjekdir
Gurany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1 – ölüleriň direlmekleri diňe kyýamata mahsus däldir eýsem ol şu dünýäde hem bolandyr we indiden soň hem boljakdyr oňa şek etmeklik Allanyň gudratyna şek etmeklikdir .
2 – taryh boýundaky iman ähliniň başlyklary bilen zulum ordasynyň başlyklarynyň direlmeklerinde ahyr zaman boljakdyr ýöne bu saparda möminler we mazlumlar hormatlanyp zalymlar horlanjakdyrlar .
Näml süresi, 84 we 85-nji aýatlar:
حَتَّى إِذَا جَاؤُوا قَالَ أَكَذَّبْتُم بِآيَاتِي وَلَمْ تُحِيطُوا بِهَا عِلْماً أَمَّاذَا كُنتُمْ تَعْمَلُونَ (84) وَوَقَعَ الْقَوْلُ عَلَيْهِم بِمَا ظَلَمُوا فَهُمْ لَا يَنطِقُونَ (85)
<< Şu hilli (Mähşäre çenli) öňe sürerler - haçanda Mähşäre baranlarynda - Alla “meň aýatlarymy inkär edenler sizlermi? Siziň ylmyňyz oňa ýetik dälkä şeýtdiňizmi? Bu ne işdir?” diýip aýdar .// Eden sütemleri üçin olara azap berilmeli boldy (şonda) olaryň aýdara sözleri bolmaz.>>
Gurany kerim geçen aýatlarda ahyr zaman bolanda möminleriň we kapyrlaryň başlyklarynyň dünýä gaýdyp geljek diklerini aýdýar .
Rowaýatlardan belli bolşuna görä dünýä dolanmaklyk kyýamatyň nyşanalaryndandyr. şol günde Allanyň aýatlarynyň hakykatlary doly aýan boljakdyr, şeýlede möminlikde ýa-da kapyrlykda ýakalaryny tanadan Allanyň dostlary we ýa-da duşmanlary direlip dünýä dolanjakdyr we şonda olar hakda karar çykarlyp zalymlaryna jyza beriljekdir .
Gurany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda aýdýar : kapyrlaryň başlyklary direlenleri soň Alla olara ýüzlenip “siz nä ýüzüňize asmanlyk kitaplaryň aýatlaryny we pygamberleriň mugjyzalaryny inkär etdiňiz? Siziň olary inkär etmäge ylmyňyz ýetik däldi şondan gelende siz olary inkär etdiňiz şeýledä siz asmanlyk kitaplary we pygamberleri inkär edenligiňiz üçin gaty günä işleri edip ýaramaz işlere ulaşdyňyz” diýýär . hawa kapyrlaryň başlyklary şol günde ylahy aýatlary we mugjyzalary gözleri bilen synlap görenleri soň olary inkär edere sözleri boljak däldir, netijede özleriniň eden etmişleri üçin jezalandyrylmaga haklydyklaryny kabul etjekdirler .
Gurany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1 – ahyr zaman bolanda kyýamatyň nyşanalary görünjekdir şol sanda zalymlar bilen salyhylaryň taryh boýundaky başlyklaryndan bir topar adam direldilip bir ylahy diwadna olaryň işine ýetişiklik ediljekdir. salyhylar hormatlanyp zalymlaryň başlyklaryna jeza beriljekdir .
2 – bir zadyň anygyna ýetmezden ony inkär etmek dogry däldir . Alla hem ony kabul edýän däldir şonuň üçin hem biziň ynam-ygtykadymyz, ägäligä we mantyga daýanýan ygtykatlar bolmalydyr .
3 – kyýamatda zalymlara jezaň beriljekdigine şek şübhä ýokdur, şonda olaryň aýdara sözleri hem boljak däldir .