Nov 21, 2017 13:36 Asia/Ashgabat

bölüm,693,süre näml,aýat 86-88

 

برنامه راهی بسوی نور (693)

 

Näml süresi, 86 -njy aýat:

أَلَمْ يَرَوْا أَنَّا جَعَلْنَا اللَّيْلَ لِيَسْكُنُوا فِيهِ وَالنَّهَارَ مُبْصِراً إِنَّ فِي ذَلِكَ لَآيَاتٍ لِّقَوْمٍ يُؤْمِنُونَ (86)

<<>>

gurhany kerim geçen aýatlarda , kyýamaty inkär edýänler, özleriniň raýlaryndan gaýdyp kyýamaty kabul ederler ýaly kyýamat hakynda bir näçe hakykaty beýan edeni soň bu aýatda Allanyň gudratynyň nyşanalaryndan bolan ýene bir hakykata yşarat edip aýdýar: bir hakykata üns berip gördiňizmi? Egerde ýeriň ýüzi elmydam ýagty bolup gündiz bolsady siz nähili dynç alardyňyz ? ýa-da hemişe garaňky bolup gije bolsady nähili işläp gazanç ederdiňiz ? ýa-da ösümlikler we agaçlar ösüp hasyl we miwe bererdiler? Siziň wagtynda işläp wagtynda dynç almagyňyz üçin ýer şarynyň 24 sagatda bir gaýtar öz töweregine aýlanyp gije- gündizi döretmegi öz- özünden bolýan işmidir? Ýok , elbetde bu zatlar maksatnama esasynda düzilen zatlardyrlar .

Hawa ylmy barlaglar hem gijäniň garaňkylygynyň ynsanyň dogry we asudy dynç almagynda täsirlidigini we gündüzne işlemegiň ynsanyň işniň şowly bolmagynda sebäpkärdigini subut edendir.

Gurhany kerim bu hili aýatlary gaýtalap durmak bilen hakykatyň gözleginde bolan ynsanlary  Allanyň gudratyna we hekmetine iman getirip kyýamaty inkär etmekden saklanmak üçin öz töwerek daşlaryna ser etmeklerini tabşyrýar .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- gije , gündüziň yzly-yzny gelip gidip durmaklary älem jahany ýaradan Allanyň gudratyny we hekmetini görkezýändir oňa görä bu zatlara dykgat bilen ser etmeklik gereklidir.

2- Gurhany kerimiň dürli aýatlarynda , ynsanyň uklap-oýanmagy hakynda mysallaryň getirilmegi , kyýamaty düşündirmek üçindir . gündelik ýaşaýyşynda ynsan uklap soň oýanýan bolsa kyýamatda hem ölen ynsanlar direlip ýaňadan ýaşaýyş tapjakdyrlar .

3- ynsanyň ýaşaýşy tebigatyň düzgünine laýyk bolmalydyr , gijäň köpüsini oýa geçirip gündizine giç öýläne çenli ýatmaklyk dogry däldir we bu mesele tebigatyň düzgünine garşy gelýändir.

Näml süresi, 87-nji aýat:

وَيَوْمَ يُنفَخُ فِي الصُّورِ فَفَزِعَ مَن فِي السَّمَاوَاتِ وَمَن فِي الْأَرْضِ إِلَّا مَن شَاء اللَّهُ وَكُلٌّ أَتَوْهُ دَاخِرِينَ (87)

<< Sur çalynanda – Allanyň islän kimsesinden başga – asmanlardaky we ýerdäki kimseleriň hemmesi gorkup harlykda we zelillikde öňe tarap ýola düşerler.>>

Gurhany kerim bu aýatda ýene bir gaýtar kyýamatyň ber-haklygyna yşarat edip kyýamat gününde, ozal başda Suruň çalynjakdygyny aýdýar . Gurhanyň aýatlaryndan belli bolşuna görä ahyr zamanda iki gaýtar Sur çalynjakdyr. birsi gurhanyň bu aýatnyň aýdyşyça dünýäň soňunda zamana ahyr bolanda Sur çalynjakdyr şonda hemmeler gorkusyndan heläk boljakdyrlar ikinji gaýtar bolsa kyýamat gününde Sur çalynyp hemmeler öz görlerinden turup Mahşar çölünde häzir boljakdyrlar .

Gurhany kerimiň bu aýatnyň aýdyşça Sur çalynanda hemmeler howsala düşüp gorkjakdyrlar ýöne salyhy ynsanlar we perişdeler gorkjak däldirler we Näml süresiniň soňky iki aýatynda gelşine görä bu hili ynsanlar we perişdeler asudalykda we arkaýynlykda boljakdyrlar . elbetde deslapky gezek Sur çalnanda salyhy ynsanlar we perişdeler hem başgalar ýaly ölüp Allanyň emrine boýun egjekdirler soň ikinji Suruň çalynmagy bilen hem hemmeler direlip Allanyň dergähinde häzir boljakdyrlar .

Rowaýatlarda hem gelşine görä Sury çalýan perişdäniň ady beýik perişdelerden bolan Ysrafyldyr .

Gurhany kerimiň bu aýatnyň öwredýän sapaklary:

1- Gurhanyň aýdyşça göklerdäki we ýerdäki janly-jandarlaryň hemmesi bir aýlyganç sesi esidenleri soň janlaryny elden berip öljekdirler şonda älem-jahan hem dargap gitjekdir .

2- göklerde hem janly-jandarlar bardyr we olar hem kyýamat gününde ýer ýüzindäki janly-jandarlar ýaly ölüp aradan gitjekdirler .

3- ölüm diňe ynsanlara mahsus däldir eýsem hatda perişdeler hem bir gün ölüp aradan gitjekdirler.

Näml süresi, 88-nji aýat :

وَتَرَى الْجِبَالَ تَحْسَبُهَا جَامِدَةً وَهِيَ تَمُرُّ مَرَّ السَّحَابِ صُنْعَ اللَّهِ الَّذِي أَتْقَنَ كُلَّ شَيْءٍ إِنَّهُ خَبِيرٌ بِمَا تَفْعَلُونَ (88)

“ daglary görýärsiňiz weli olar bir ýerde doňup durandyrlar öýdýärsiňiz, emma aslynda olar bulutlar ýaly hereketdedirler . her zady mäkäm (we kämil) ýaratmaklyk Allanyň işidir . şübhesiz ol siziň her bir işiňizden habarlydyr.>>

 Gurhany kerim bu aýatda ýaradylyşdaky geň zatlaryň ýene birsine yşarat edip aýdýar : siz , daglar öz ýerlerinde doňup durandyrlar diýip guman edýäňiz emma aslynda olar hem edil Bulutlar ýaly ýuwaşdan hereket edip jaýlaryndan süýşýändirler bu hakykat Allanyň gudratynyň nyşanalaryndandyr .

On-soňda ýer şary öz töweregine aýlanypdur ýöne ynsan onuň aýlanşyny doýmaýar we ynsanyň gözüne hemme zatlar öz duran ýerlerinde duran ýaly bolup görünýär şonuň üçin hem taryh boýunda ynsanlar hatda alymlar ýer şary öz ýerinde dur we Aý bilen Gün onuň töweregine aýlanýarlar diýip   guman edipdirler .

Gurhany kerimiň bu aýatnyň öwredýän sapaklary:

1- daglaryň hereketde bolmaklary ýer şarynyň hereketde bolmagyndan jyda däldir.

2- Italýan alym Galylanyň ýer şaryň öz töweregine we günüň töweregine aýlanýandygyny subut etmeginden mezende bir müň ýyl ozal Gurhany kerim bu hakykaty beýan edendir bu bolsa Gurhanyň ylmy mugjyzalaryndandyr.

3- Daglar hem Bulutlar ýaly hereketdedirler şondan gelende ýer şarynyň hereketde däl ýaly bolup görünmegi , ylahy gudratyň bir görnüşidir.

4- Gurhanyň aýtmagyna görä , Allanyň ýaradan zatlarynyň hemmesi mäkäm we kämil ýaradylandyrlar we olarda nugsanlyk ýokdur.