Nov 21, 2017 13:42 Asia/Ashgabat

bölüm,694,süre näml,aýat 89-93

 

برنامه راهی بسوی نور (694)    

Näml süresi, 89 we 90-njy aýatlar:

مَن جَاء بِالْحَسَنَةِ فَلَهُ خَيْرٌ مِّنْهَا وَهُم مِّن فَزَعٍ يَوْمَئِذٍ آمِنُونَ (89) وَمَن جَاء بِالسَّيِّئَةِ فَكُبَّتْ وُجُوهُهُمْ فِي النَّارِ هَلْ تُجْزَوْنَ إِلَّا مَا كُنتُمْ تَعْمَلُونَ (90)

<< her kişi ýagşy iş etse (kyýamatda) ondadan gowragyny serpaý alar we olar şol günde gorkydan amandyrlar.// we her kim günä iş etse (kyýamatda) ýüzin oda oklanar . eden etmişiňizden aýry sizi jeza berlermi?( jezaňyz eden etmişiňize görädir.)>>

geçen gepleşikde zaman ahyr bolanda kyýamatyň gorulmagyndan gürrüň etdik, emma Gurhany kerim bu aýatlarda kyýamatda kimlere serpaýyň we kimlere jezaň berilýändiginden gürrüň gozgap aýdýar: Allanyň hekmeti we ylmy her bir ynsanyň öz dünýäde eden etmişine we ýagşydyr telek işlerine laýyklykd serpaý ýa-da jeza görmeli digini tassyklaýar . sebäbi Taňry tagala ynsanlara akyl we yrada berendir we ynsan bolsa özüniň ygtyýary we yradasy bilen bir işi edýändir we ýa-da etmekden boýun gaçyrýandyr . aslynda ynsanlar özleriniň eden etmişleriniň we amallarynyň netijesini şu dünýäde  doly suratda görýän däldirler eýsem onuň bir bölegini görýändirler çünki bu dünýäde ynsanlaryň amallaryna doly suratda serpaý ýa-da jyza bereýin diýseň hem berip bolýan däldir emma ahyretde zaman we mekan çäklikleri aradan aýrylyp her kim özüniň eden amallarynyň netijesini doly suratda görjekdir we şoň esasynda hem oňa serpaý ýa-da jeza beriljekdir .

Gurhanyň bu aýaty esasynda her kim şu dünýäde sogaply we ýagşy iş eden bolsa kyýamatda onuň miwesini görjekdir we her kim telek we günä iş eden bolsa onuň jezasyny görjekdir .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1-ýagşy iş möhümdir ýöne ondan möhümräk zat ýagşy işleriň sogabyny , tekepbirlik , rýa we günä işleriň belasyndan goramaklykdyr . sebäbi bu zatlar ýagşy işleriň sogabyny aradan aýryp bilýändirler .

2-Allanyň ynsanyň ýagşy işlerine berjek serpaýy onuň eden sogap işlerinden köpräkdir ýöne Alla ynsanlaryň telek işlerine şonuň özüne görä jeza berýändir.

Näml süresi, 91 we 92-nji aýatlar:

إِنَّمَا أُمِرْتُ أَنْ أَعْبُدَ رَبَّ هَذِهِ الْبَلْدَةِ الَّذِي حَرَّمَهَا وَلَهُ كُلُّ شَيْءٍ وَأُمِرْتُ أَنْ أَكُونَ مِنَ الْمُسْلِمِينَ (91) وَأَنْ أَتْلُوَ الْقُرْآنَ فَمَنِ اهْتَدَى فَإِنَّمَا يَهْتَدِي لِنَفْسِهِ وَمَن ضَلَّ فَقُلْ إِنَّمَا أَنَا مِنَ الْمُنذِرِينَ (92)      

<< maňa buýruk boldy diňe bu şäheriň perwerdigärini hormatlamak, (ol perwerdigär) bu şäheri hormatlan we hemme zadyň eýesi bolan perwerdigärdir, (şeýlede) maňa buýruk boldy  musulmanlardan bolaýyn // we Gurhany talawat edeýin , onda her kim dogry ýola hedaýat bolsa özi üçin hedaýat boldy we her kim gümra bolsa ( özi üçin gümra bolandyr ) onda ( eý pygamber halka ) “men diňe bir duýduryş berijidirin” diýip aýt.>>

Gurhany kerim , Näml süresiniň soňky aýatlary bolan bu aýatlarda yslam pygamberniň mekge müşrükleri bilen eden gürrüňlerini beýan edýär .

Bu aýatlarda gelşine görä yslam pygamberi mekge müşrüklerine ýüzlenip : men aýtmaly zatlary aýtdym , indi siz Butparazlykdan hä el çekiň hä el çekmäň men öz borjumy bitirdim men Butparazlyk barada siza duýduryş bermelidim ony bolsa berdim indi galypdyr özüňize hä meň sözümi tutup dogry ýola hedaýat boluň hä meň sözümi ret edip gümra boluň ol öz eliňizde, elbetde siziň iman getirmegiňizden maňa peýda ýeter ýa-da kapyr bolmagyňyzdan maňa zyýan ýeter diýip güman etmäň diýip aýtdy.

“Meň borjum Allanyň emrine boýun bolmak we siziň Käbede goýan Butlaryňyza däl eýsem bu şäheriň we käbäň perwerdigäri bolan Alla çokunmaklykdyr Alla bolsa diňe Käbäň däl eýsem bütin barlygyň eýesidir” diýip ýene pygamber aýtdy. Gurhan kerimiň bu aýatlary yslam pygamberiniň iki möhüm borjuna yşarat edýär şol borçlaryň birsi yslam pygamberiniň özüne degişli jogapkärçilikdir ol bolsa ysalam pygamberniň başgalar ýaly Allanyň buýruklaryna eýermekligidir, bu jähetden yslam pygamberniň beýleki musulmanlardan parkly ýeri ýokdyr . ikinji jogapkärçilik bolsa pygamberlik jogapkärçiligidir şu borç esasynda pygamber Allanyň emrini  we wahyýsyny ilata ýetirýändir.

Elbetde yslam pygamberi , soltanlar we şalar ýaly bir zady we bir buýrugy halka ýetirip özi ony äsgermeýänlerden bolan däldir, eýsem halka ýetirýän ylahy buýruklaryny musulmanlaryň biri ýaly bolup belki hemmelerden ozal ýerine ýetirendir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1-pygamberler Allanyň emrine duly boýundyrlar .

2-pygamberleriň we dini wagyz edýän öwliýalaryň borjy Allanyň aýatlaryny halka ýetirmeklikdir indi halkyň ony kabul edip iman getirmekleri ýa-da ret edip kapyr galmaklary olaryň özlerine degişli zatdyr .

1-    ynsanlaryň Allany unutmaklary we onuň zikrinden gapyl galmaklary mümkindir şonuň üçin Allany halka ýatladyp durmaklyk din başlyklarynyň borçlaryndandyr.

 

Näml süresi, 93-nji aýat :

وَقُلِ الْحَمْدُ لِلَّهِ سَيُرِيكُمْ آيَاتِهِ فَتَعْرِفُونَهَا وَمَا رَبُّكَ بِغَافِلٍ عَمَّا تَعْمَلُونَ (93)

<<( eý pygamber!) aýt : hamdy senalar Alla üçindyr , ol basymlykda öz aýatlaryny (nyşanalaryny) size görkezer we siz olary tanarsyňyz we seniň Repbiň edýän amallaryňyzyň hiç birisinden bihabar däldir .>>

Näml sürüsiniň soňkyja aýaty bolan bu aýatda Allanyň hamdy senasyndan gürrüň bolandyr . ynsanyň hedaýaty üçin inderilen Gurhan uludyr we ynsanyň sagadatynyň we bagtyýarlygynyň aladasyny eden pygamberiň iberilmegi uly nygmatdyr we bu zatlar sebäpli musulman adam özi taňrysynyň şükrüni berjaý kylyp onuň hamdy senasyny aýtmalydyr .

Gurhany kerim bu aýatyň dowamynda aýdýar : geljek nesiller , älem-jahany gurşap alan Allanyň hekmetiniň , gudratynyň we ylmynyň nyşanalaryny gowyrak duýup olara göz ýetirjekdirler, elbetde ynsanlaryň bu nyşanalara bolan garaýyşlary parhly boljakdyr, hamana kebap etmek üçin bir malyň bagryny pyçak bilen dilýän ynsan bilen bagrynyň içindäki ylmy hakykatlary bilmek üçin ony dilýän alymyň ikisiniň işleri görme göze bir zatdyr ýöne olaryň arasynda ýer bilen gök ýaly parh bardyr .

Barlyk düzgünindäki barça zatlar hem Allanyň nyşanalarydyr egerde olary maksatsyz ýaradylan tebigat diýip olaryň ýanyndan parhsyz geçsek olary ýaradan halykdan gapyl galyp zyýankärlerden boljakdyrys.

Gurhany kerimiň bu aýatnyň öwredýän sapaklary:

2-    Gurhanyň inmegi we pygamberiň gelmegi Allanyň biz musulmanlara merhemet eden iki uly nygmatydyr onda olaryň şükrüni ýerine ýetirip durmalydyrys .

3-    Allanyň nyşanalaryndan görüp eşiden zatlarmyz ylahy nyşanalaryň bir bölegidir we geljekde ylym we bilimiň ösmegi bilen ynsan Allanyň nyşanalarynyň täze görnüşleri bilen tanyş boljakdyr .

4-    Allanyň ynsanlara beren möhletini Allanyň ynsandan gapyl galanlygy hökmünde bilmeli däldiris eýsem Alla elmydam biziň işlerimizden habarlydyr we biziň amallarymyzy synlap durandyr.

 

////////////

Näml süresiniň soňy

پایان سوره نمل