bölüm, 786,süre, säba, aýat 48-54
bölüm, 786,süre, säba, aýat 48-54
برنامه راهی بسوی نور( (786
Säba süresi , 48 we 49-njy aýatlar :
قُلْ إِنَّ رَبِّي يَقْذِفُ بِالْحَقِّ عَلَّامُ الْغُيُوبِ (48) قُلْ جَاء الْحَقُّ وَمَا يُبْدِئُ الْبَاطِلُ وَمَا يُعِيدُ (49)
<< aýt : dogrudanda meniň perwerdigärim haky ( ýüreklerde ) ýerleşdirip bilýändir. Ol, gaýyplardan habarlydyr .// ýene aýt : hak geldi we batyl hiç bir zady ne başlap biler we nede döredip biler .>>
Gurhan kerim geçen aýatlarda yslam pygamberiniň ber-haklygyny beýan etmekden soň bu aýatlarda aýdýar : ynsanyň içinden doly habarly bolan Alla kimiň pygamber bolmaga laýykdygyny gowy bilýändir oňa görä pygamber (a.s)-y özüniň ilçisi hökmünde saýlap hak we hakykat esasynda bolan aýatlary halka ýetirer ýaly onuň ýüregine inderendir. pygamberiň gelip asmanlyk aýatlaryň halkyň gulagyna ýetirilmegi bilen Alladan gaýry zatlaryň hemmesiniň hiçdigi we hiç bir zadyň Allanyň öňünde durup bilmejekdigi aýan we äşgär boldy. Alladan gaýry gudratlar ne bir zady ýaradyp bilerler we nede ýok olan zady gaýtaryp bilerler. batyl ýollar bolan kapyrçylyk we şirk hakyň garşysynda durup bilmezler. elbetde heniz hak we hakykat halka aýan bolmaka , batylyň özüni üstem saýmagy mümkindir. Ýöne batylyň düwri gysgadyr we güman edilýän zamandan ozal ýok oljakdyr.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- Alla tagala hakdyr we onuň tarapyndan bolan zatlar-da hakdyr , hak bilen batyly ylahy kelam bilen saýgaryp bolar .
2- hak ahyr soňda batyla üstem çykar we batylyň elinden hiç bir iş gelmez .
3- dünýäniň awaly we ahyry Allanyň elindedir we bu arada batyl güýçleriň edýän işleri derýaň ýüzündäki köpük ýalydyr.
Säba süresi, 50-nji aýat :
قُلْ إِن ضَلَلْتُ فَإِنَّمَا أَضِلُّ عَلَى نَفْسِي وَإِنِ اهْتَدَيْتُ فَبِمَا يُوحِي إِلَيَّ رَبِّي إِنَّهُ سَمِيعٌ قَرِيبٌ (50)
<< aýt: men gümra bolan bolsam öz zyýanymadyr we egerde hedaýat bolan bolsam perwerdigärimiň maňa eden wahysy üçindir elbetde ol tizden eşidijidir.>>
Taňry tagala bu aýatda pygamberden “hatda men Allanyň pygamberi bolsamda wahyň üsti bilen hedaýat bolandyryn we wahy bolmadyk ýerinde men hem özgeler ýaly gümra bolardym” diýip aýtmagyny isländir . elbetde akyl hem kak bilen batyly saýgarmak üçin Allanyň hüjjeti hökmünde ynsanyň kömegine gelip biljekdir ýöne wahyň ýoklugynda aklyň hem durly ýollaryň arasynda ýalňyşmagy ahmal.
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- ynsanyň gümra bolmagynyň ýada betbagt bolmagynyň täsiri her bir adamdan ozal şol ynsanyň özüne ýetjekdir .
2- ynsany ýaradan Taňry onuň mätäçliklerini hem özi gowy bilýändir we Alla bilen onuň ýaradan zatlarynyň arasynda bolsa hiç zat päsgel bolup bilmez.
Säba süresi, 51 we 52-nji aýatlar :
وَلَوْ تَرَى إِذْ فَزِعُوا فَلَا فَوْتَ وَأُخِذُوا مِن مَّكَانٍ قَرِيبٍ (51) وَقَالُوا آمَنَّا بِهِ وَأَنَّى لَهُمُ التَّنَاوُشُ مِن مَكَانٍ بَعِيدٍ (52)
<< we käşki görsediňiz (kapyrlaryň we müşrikleriň) gaçara ýerleri bolman howp eden hallarynda gaty ýakyn ýerden tutulýan hallaryny // şonda : oňa iman getirdik diýip aýdarlar we nähili olara gaty daşdan bu zada ( imana ) ýetmeklik miýesser boldyka ? >>
Bu aýatlarda we mundan soň gelen Säba sürüsiniň soňky aýatlarynda Taňry tagala öz pygamberine we möminlere habar berip: gurhany we kyýamaty inkär edýän kapyrlar we müşrikleriň başyndan bir gün iner weli şol günde olaryň perýatlary asmana galar we gaty bi-takat bolarlar ýöne peýda bermez, olar şol günde iman getirdik diýip aýdarlar ýöne ol hem peýda bermez sebäbi ahyret azabyny görmekden soň ykrar edilýän imandan iman bolmaz , ynsana peýdaly berýän iman ägälik we ygtyýar ýüzünden bolmalydyr diýip aýdýar .
Dogrusy dünýäde we ahyretde hiç kim Allanyň gudratyndan gaçyp bilmez Alla hemmelere ýakyndyr we onuň mähri we gahary hem tizden – tiz ynsanlara ýetişip bilýändir .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- dünýäde öz eden etmişiňden gaýdyp toba edip bolýandyr ýöne ahyretde toba üçin hiç ýol ýokdur.
2- kapyrlaryň azaby görenlerinde “iman getirýäris” diýmekleri bir tebigy zatdyr ýöne gorky ýüzünden bolan imandan iman bolmaz .
3- Allanyň gahary we azaby daş däldir we ol her zamanda we mekanda erada etse azabyny inderip biljekdir .
Säba süresi, 53 we 54-nji aýatlar :
وَقَدْ كَفَرُوا بِهِ مِن قَبْلُ وَيَقْذِفُونَ بِالْغَيْبِ مِن مَّكَانٍ بَعِيدٍ (53) وَحِيلَ بَيْنَهُمْ وَبَيْنَ مَا يَشْتَهُونَ كَمَا فُعِلَ بِأَشْيَاعِهِم مِّن قَبْلُ إِنَّهُمْ كَانُوا فِي شَكٍّ مُّرِيبٍ (54)
<< emma olar mundan ozal ony inkär edipdirler we olar uzak ýerden ok adýardylar // we olar bilen olaryň isleýän zatlarynyň arasyna jydalyk düşdi – mundan ozal hem şu hili adamlaryň haly şeýle bolupdy– sebäbi olar gaty şek we şübhede bolupdylar.>>
Gurhan kerim öňki aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda aýdýar : bu gün Allanyň gaharyny we azabyny görip “iman getirdik” diýip aýdýan adamlar mundan ozal dünýäde olaryň delilsiz bildirýän şek şübhelerinde bilýär.
Elbetde ynsan deslap dürli zatlara şübhe bildirip hakykata ýetmek üçin şol zatlar barada barlag edýär oňa görä ynsanyň hakykata ýetmek üçin bildirýän bu hili şübheleri bir tebigy zatdyr we oňa telek diýip bolmaz elbetde kapyrlaryň we müşrikleriň: men bu adamyň pygamberligine şekim bardy şonuň üçin hem oňa iman getirmedim diýip aýtmaklaryny Alla kabul etmez sebäbi olar dirikä gowy oýlanyp belli bir netijä ýetmek bilen bu şübhelerini aýryp bilýärdiler .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1-Alla we kyýamata kapyr bolmaklygy yslam pygamberiniň we gurhan kerimiň ber-haklygyny inkär edýärdiler, olar hiç bir delil getirmezden bir zady atyp goýberýärdiler we ahyreti we gaýyp dünýäsini ret edýärdiler şeýlede olar aýtjak zatlaryna oýlanman yslam pygamberini jadygöýlikde aýyplaýardylar, kyýamaty inkär edýän adamlar hemişe özleriniň haý-höwesleriniň we şähwetleriniň yzynda bolup pygamberiň kyýamat barada aýdýan zatlaryny kabul etmeýärdiler ýöne olaryň arzuw hyýallary uzaga çekmedi we ölüm olar bilen olaryň haý – höwesleriniň arasyna jydalyk saldy we olar öz islegleriniň köpüsine ýetmän dünýäden gaýtdylar .
Gurhan kerim bu süräniň soňunda ynsanlaryň ynam – ygtykat taýdan ýüz be ýüz bolýan kynçylyklarynyň köküni akyl we ylym kabul edýän däldir. Allany we kyýamaty inkär etmekligiň yzynda kabul ederli delil ýokdur eýsem bu iş garaňkylykda ok atmagyň mysalyndadir.
2- dünýäniň haý – höwesleri we lezzetleri pany bir zatdyr onda ahyretiň hemişelik lezzetiniň yzynda bolmalyň .
3- ölýänçäň şek şübhede galmaz ýaly pursat barka gurhanyň we kyýamatyň ber haklygy barada gowy oýlanyp belli bir netijä ýeteli bu işi etmesek zyýankärlerden bolmagymyz mümkindir.
/////////////////