Aug 14, 2018 13:39 Asia/Ashgabat

bölüm, 787,süre, fater, aýat 1-2

برنامه راهی بسوی نور( (787

Fater süresi

Säba süresiniň gürrüňniň soňlamagy bilen bu gepleşikde gurhan kerimiň Fater süresiniň gürrüňlerine girişýäris . 45 aýaty bolan Fater süresi Mekgede yslam pygamberine inendir şonuň üçin hem bu süre gurhan kerimiň mekgi sürülerindendir . süräniň deslapky aýatynda Taňry tagala Fater sypaty bilen ýagny ýaradyjy dilip tanadylyp bu süräniň ady hem şu aýatdan alynandyr.

Fater süresiniň birinji aýaty :

الْحَمْدُ لِلَّهِ فَاطِرِ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ جَاعِلِ الْمَلَائِكَةِ رُسُلاً أُولِي أَجْنِحَةٍ مَّثْنَى وَثُلَاثَ وَرُبَاعَ يَزِيدُ فِي الْخَلْقِ مَا يَشَاءُ إِنَّ اللَّهَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ قَدِيرٌ (1)

<>

Gurhanyň bir näçe süresiniň başlaýşy ýaly bu süre hem Allanyň hämdy senasy bilen başlanypdyr . Alla sena laýykdyr. sebäbi älem- jahany şol azamaty bilen Allanyň yradasy bilen ýaradylandyr . elbetde älem- jahanyň işlerine çäre görýän perişdeler hem Allanyň yradasy bilen ýaradylandyr we olaryň öz özlerinden hiç gudratlary ýokdur. olar Allanyň islegi bilen älem-jahanyň işlerine çäre görýändirler . işlere çäre görýän perişdeleriň başarnygy deň däldir we biri birinden parh edýändir. olaryň başarnygyna görä hem Alla olaryň üstüne jogapkärçilik oklandyr . megerde gurhan kerimiň bu aýatda perişdeleri, ganatlary iki – ikiden üç – üçden şeýlede dürt dürtden diýip tanatmagy, olaryň başarnygy bilen baglanşykdadyr.elbetde ganatlary bolar ýaly perişdeler jisim däldirler eýsem gurhan kerim olaryň nähili närsediklerini ynsanlara düşündirmek üçin şu hili ybaratlardan peýdalanandyr. şonçada  arş , kürs we lowh ybaratlary-da maddy zat däldirler eýsem bu zatlaryň nähili zatlardygyny bildirmek üçin gurhan kerim şu ybaratlardan haýyrlanypdyr .

Gurhan kerim bu aýatda perişdelere yşarat etmekden soň ýene bir zady nygtaýar olda : Taňry tagala ýaradylşy ýaradyp ony öz erkine kowupdyr we ýaradylşa indiden soň artmaklyk ýok diýen gürrüňiň dogry bolup bilmeýänligidir .sebäbi Alla gudratlydyr we ýaradylşa her zady artdyrjak diýse artdyryp bilýändir .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- Taňry tagala ýaradylşy bir özi dolandyrjak diýse dolandyryp bilýän bolsada bu meselede perişdeleriň üstüne hem jogapkärçilik oklandyr we ýaradylyş düzgünini sebäpkärleriň üsti bilen dolandyrýandyr .

2- Taňry tagala ýaradylşy ösdürjek diýse ösdürip bilýändir we bu meselede Allanyň eli açykdyr .

3- perişdeleriň borçlary we jogapkärçiligi bir birlerinden parhlydyr .

Fater süresi 2-nji aýaty :

مَا يَفْتَحِ اللَّهُ لِلنَّاسِ مِن رَّحْمَةٍ فَلَا مُمْسِكَ لَهَا وَمَا يُمْسِكْ فَلَا مُرْسِلَ لَهُ مِن بَعْدِهِ وَهُوَ الْعَزِيزُ الْحَكِيمُ (2)

 

<>

Geçen aýatda Taňry tagalanyň ýaradylyşdaky gudratyndan gürrüň boldy bu aýatda bolsa , Allanyň ýaýbaň rahmetlerinden gürrüň bolýar . esasan rahmet , ýaradylşyň düýp maýasydyr we her närse ýaradylyşdan soň hem oňa mätäçdir.

Her bir janly zat ryzky ýetişip diri galjak bolsa Allanyň rahmet gapysy onuň üçin açyk bolmaly bolýar. janly zatlaryň ryzklarynyň ýetişip diri galmaklary aslynda Allanyň rahmeti esasyndadyr Allanyň rahmetiniň öňüni hem hiç kim alyp bilmez şeýlede Alla  herbir närsäni öz rahmetinden mahrum etse hiç kim ony Allanyň rahmetine duş edip bilmez ýada onuň ýerini dolup bilmez. Alla bir närsä rahmetini inderjek diýse ýada rahmetini ondan gaýdyp aljak diýse edip biler we hiç kim Allanyň yradasynyň garşysynda durup bilmez . elbetde bu aýatda getirlen rahmet ybaratyndan maksat şol mähir we muhabbete çäklenýän däldir eýsem Allanyň bagyş eden bütin nygmatlaryny öz içine alýandyr.  Alla ynsana her bir zady bagyş eden bolsa şol zat Allanyň rahmeti esasynda bagyş edilendir .

Gurhan kerim bu aýatyň soňunda Allanyň iki sypatyna yşarat edýär bu sypatlaryň birisi Allanyň gudratyna soň ýoklugydyr ol birisi hem Allanyň hekmetiniň ýaýbaňlygydyr, sebäbi Allanyň bütin işleri ylahy hikmet we ylahy gudrat bilen ýerine ýedýändir Alla özüniň hikmeti bilen her ýerde maslahat bilse bir zady ýaradýandyr ýada bir zady bagyş edýändir . Alla bir zady yrada etse hiç bir gudrat onuň öňünde durup bilmez .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- Allanyň ýanynda rahmet esas bolup durýandyr we Allanyň rahmeti onuň gahar- gazabyndan öňde durýandyr.

2- Allanyň gudraty we yradasy onuň hikmeti esasynda amal edýändir . Allanyň bir işi etmeýänligi onuň natuwanlygy üçin däldir eýsem Allanyň hikmeti şonuň şeýle bolmagyny isleýändir şonuň üçin hem ol iş bolýan däldir .

 

/////////////////