Aug 14, 2018 13:43 Asia/Ashgabat

bölüm, 788,süre, fater, aýat 3-6

برنامه راهی بسوی نور( (788

Fater süresi, 3 we 4-nji aýatlar:

يَا أَيُّهَا النَّاسُ اذْكُرُوا نِعْمَتَ اللَّهِ عَلَيْكُمْ هَلْ مِنْ خَالِقٍ غَيْرُ اللَّهِ يَرْزُقُكُم مِّنَ السَّمَاءِ وَالْأَرْضِ لَا إِلَهَ إِلَّا هُوَ فَأَنَّى تُؤْفَكُونَ (3)‏ وَإِن يُكَذِّبُوكَ فَقَدْ كُذِّبَتْ رُسُلٌ مِّن قَبْلِكَ وَإِلَى اللَّهِ تُرْجَعُ الأمُورُ (4)

<< eý adamlar ! Allanyň bagyş eden nygmatlaryny ýatlaň , gökden we ýerden size ryzk bere ýaly Alladan gaýry ýaradyjy barmydyr ? Alladan gaýry Taňry bolmaz. onda nähili hakdan ýüz öwürýärsiňiz // egerde seni inkär etseler ( bilip goý ) senden ozalky pygamberler hem inkär edilendirler we işleriň soňy Alla tarap dolanjakdyr .>>

Geçen gepleşikde Allanyň ýaýbaň rahmetine yşarat boldy . gurhan kerim bu aýatlarda Taňry tagalanyň ýaradylyşdaky we ryzyk bermekdäki birligine yşarat edip aýdýar : gökden inýän we ýerden çykýan nygmatlaryň barysy Alla tarapyndandyr ol Alla ky ýaradyjydyr hemde ryzyk berijidir , ýaradyjy bir Alla bolup ryzyk beriji başga bir Alla däldir eýsem ikiside bir Alladyr . oňa görä her kim Alladan başga birinden ryzyk tamakyn bolsa ol dogry ýoldan çykar we gümralyga uçurar .

Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda yslam pygamberine we musulmanlara göwünlik berip : egerde kapyrlar we müşrükler yslam dininiň taglymatyny inkär etseler we haky kabul etmekden boýun gaçyrsalar gynanma we barýan ýoluň dogrylygyna şek etme eýsem barýan ýoluňda berk ardym art we işleriň soňunyň Alla bilendigini bilip goý . Alla , olaryň kapyrçylygyny we bildirýän şirklerini jogapsyz goýmaz Alla şeýlede siziň görkezýän gaýduwsyzlygyňyza we sabyrlylygyňyza hem serpaý bere diýip aýdýar.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- Allanyň beren nygmatlaryna üns bermeklik bendäň Allany dogry tanyp kapyrçylykdan we şirkden daş durmagyna sebäp bolýandyr .

2- Alla ryzyk berijidir we barça zatlaryň ryzky Allanyň elindedir ýöne Alla tebigy esbaplaryň üsti bilen öz ýaradan zatlarynyň ryzkyny ýetirýändir .

3- geçen halyklaryň ykballaryny öwretmeklik bendäniň hak ýolunda sabyrly bolup gaýduwsyzlyk görkezmegine sebäp bolýandyr .

4- kyýamata üns bermeklik ynsanyň diniň duşmanlarynyň garşysynda şeýlede ýowuz ýagdaýlarda gorkman mäkäm bolmagyna sebäp bolýandyr.

Fater süresi, 5-nji aýat :

يَا أَيُّهَا النَّاسُ إِنَّ وَعْدَ اللَّهِ حَقٌّ فَلَا تَغُرَّنَّكُمُ الْحَيَاةُ الدُّنْيَا وَلَا يَغُرَّنَّكُم بِاللَّهِ الْغَرُورُ (5)

<< eý adamlar ! dogrudanda Allanyň beren wadasy hakdyr , onda dünýäň ýaşaýyşyna aldanmaňy we hilegär ( Şeýtan ) Allanyň ( fazly keremine ) sizi hatyrjem etsin .>>

Gurhan kerim geçen aýatlarda Allanyň ýaradyjylygyny , ryzyk berijiligini hemde pygamberiň ilçiligini beýan edeni soň bu aýatda Allanyň kyýamat barada beren wadasyna yşarat edip aýdýar : kyýamat gününde guruljak mizan – terezi barada , salyhy mömin adamlara beriljek behişt we günäkär adamlara beriljek dowzah barada berilen wadalaryň hemmesi hakdyr we onda ýalan ýokdur , bes , dünýäň hezillikleri we gözellikleri sizi ahyretden alyp galmasyn şeýlede Şeýtanyň “ Alla rahman we rahymdyr we öz bendesiniň günälerini ýalkar”  diýip aýdýan sözleri siziň günä işleri etmegiňize sebäp bolmasyn .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- Şeýtan “Alla ýalkawwjy we mähribandyr “ diýip ynsanlary günä işlere şowklandyrýandyr emma Alla tagala , bendesi toba edip günä işden ýüz öwüren ýagdaýynda onuň ozalky günälerini ýalkaýandyr.

2- kapyrlary dünýäniň gözellikleri we haý – höwesleri bilen gümra edýän Şeýtan möminleri hem Allanyň bagşandalygyna we geçirimliligine umydygär edip gümra etmegiň yzyndadyr .

Fater süresi 6-njy aýat :

إِنَّ الشَّيْطَانَ لَكُمْ عَدُوٌّ فَاتَّخِذُوهُ عَدُوّاً إِنَّمَا يَدْعُو حِزْبَهُ لِيَكُونُوا مِنْ أَصْحَابِ السَّعِيرِ (6)

<< dogrudanda Şeýtan siziň duşmanyňyzdyr , onda siz hem ony öz duşmanyňyz biliň . ( Şeýtan ) dowzah ählinden bolarlar ýaly diňe özüne derek topary çagyrýandyr.>>

Gurhan kerim öňki aýatyň dowamynda bu aýatda bütin ynsanlara ylaýtada möminlere ýüzlenip : Şeýtan siziň ýaradylan gönüňizden başlap size duşmançylyk edendir we size sežde etmekden boýun gaçyrandyr , ol size sežde etmekden boýun gaçyranlygy üçin hem allanyň dergäsinden kowuldy Şeýtan şol günden başlap hem sizi gümra etjek diýip ant işdi we bu ugurda hem elde baryny gaýgyrmajakdygyny aýtdy onda siz hem ony öz duşmanyňyz bilip onuň was-wasalaryna üns bermäň diýip duýduryş berýär .

Gurhan kerim bu aýatyň dowamynda hem aýdýar : aslynda Şeýtan size üstem däldir we sizi günä işlere mejbur edip bilýändäldir eýsem Şeýtan diňe imanlary gowşak adamlary özüne hemra edip olary ýoldan çykaryp bilýändir Şeýtanyň yzyna düşen adamlaryň soňy bolsa dowzahyň ýanyp duran odundan başga zat däldir .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- duşman diňe biziň mal – mülkimize, janymyza , namysymyza ýada ýurdumyza göz tiken adamlar däldir eýsem bu duşmanlardan başga duşmanlar hem bardyr olar biziň imanymyzy we ahlagymyzy biziň elimizden aljak bolup tagalla edýändirler. Şeýtan şol duşmanlaryň birisidir, egerde gaflat etsek Şeýtan bizi imandan daşlaşdyryp gümra etjekdir .

2-hakyky möminlerden ybarat bolýan Hezbulla toparyndan çyksak Şeýtanyň Hezbine we toparyna goşuljakdyrys. Şeýtanyň toparyna birikmekligiň soňy bolsa dowzahdyr.

 

////////////////