Aug 14, 2018 13:47 Asia/Ashgabat

bölüm, 789,süre, fater, aýat 7-8

برنامه راهی بسوی نور( (789

Fater süresi, 7-nji aýat :

الَّذِينَ كَفَرُوا لَهُمْ عَذَابٌ شَدِيدٌ وَالَّذِينَ آمَنُوا وَعَمِلُوا الصَّالِحَاتِ لَهُم مَّغْفِرَةٌ وَأَجْرٌ كَبِيرٌ (7)

 << kapyr bolanlara güýçli azap berler ( emma ) iman getirip ýagşy işleri edýän adamlara bolsa ýalkaw we uly serpaý bardyr.>>

Geçen gepleşikde Şeýtanyň ynsana duşmançylyk  etmegi barada we ynsanyň Şeýtana aldanyp onuň toparyna birikmegi barada gürrüň etdik. Gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda aýdýar : kapyrçylyk we haky inkär etmeklik Şeýtanyň ynsany eýelenmegine şert döredýändir, Şeýtanyň eýelenen adamsyna bolsa güýçli azap garaşýandyr, ýöne iman getirip ýagşy işleri edýän ynsanlar – käde käde Şeýtanyň was – wasasyna giriftar bolsalarda – Alla tagala olaryň ýazygyny geçip olary özüniň fazly kereminden gandarjakdyr.

Elbetde ýagşy işler bilen hemra bolmadyk imandan ynsana peýda ýetmez emma kapyrçylygyň bir özi ynsanyň behiştden daş düşmegi üçin ýeterlikdir . sebäbi ýalňyş ýoldan barýan ynsan hergiz öz maksadyna ýetip bilmez eýsem bu ýol ony başga ýerlere äkider , hatda onuň ulagy duruň iň gowy ulagy bolsada , ol öz maksadyna ýetip bilmez.

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

  1. işiň soňuna oýlanmaklyk ynsanyň dogry terbiýelenip bagtyýar bolmagy üçin täsirlidir .
  2. ynsanyň günäleri bagyşlanylmasa ol behişde girip bilmez gerşinde günä bolan ynsan , päkleriň ýeri bolan behişde girip bilmez .

Fater süresi, 8-nji aýat :

أَفَمَن زُيِّنَ لَهُ سُوءُ عَمَلِهِ فَرَآهُ حَسَناً فَإِنَّ اللَّهَ يُضِلُّ مَن يَشَاءُ وَيَهْدِي مَن يَشَاءُ فَلَا تَذْهَبْ نَفْسُكَ عَلَيْهِمْ حَسَرَاتٍ إِنَّ اللَّهَ عَلِيمٌ بِمَا يَصْنَعُونَ (8)

<< onda , eden etmişi ýanynda gözel bolup görünýän adam we ( günälerini ) gözel görýän adam ( her bir günäni bolşy ýaly görýän adam bilen deňmidir ? ) elbetde Alla her kimi islese gümra eder we her kimi islese hedaýat eder . onda janyňy olaryň hasratynda elden beraýma . şübhesiz Alla olaryň edýän her bir işinden habarlydyr. >>

Gurhan kerim geçen aýatda iki mömin we kapyr toparyň soňuny beýan etmekden soň bu aýatda ýadýar : haky inkär edýän adamyň gözüne onuň edýän telek we günä işleride gözel bolup görünýändir şeýlelik bilen ol hakykatlary edil bolşy ýaly kabul edip bilýän däldir we hakykatlary düşünmekden mahrum bolýandyr, onsoňda işlerini ýalňyş we günä bilmeýän bu hili adamlar özlerini-de düzeltmegiň yzynda bolýan däldirler olara öwüt – nesihatda kär edýän däldir.

Kapyrlar , Allany kabul etmeýänlikleri üçin barça zatlary öz islegleri bilen ölçeýändirler, her bir zat we her bir iş olary geler – geçer lezzete we şahwatlaryna ýetirip bilse ol zat ýada ol iş gowydyr . ýöne möminleriň ýanynda bir zadyň we bir işiň gowylygy Allanyň buýruklary bilen ölçelýändir. oňa görä möminleriň garaýşynda ylahy buýruklaryň nygtan adam gowydyr.

Elbetde özüniň gara nepsine eýerýän ynsanyň we özüniň haý – höwesleriniň yzynda bolýan adamyň ylahy hedaýatdan mahrum galjakdygyna şek şübhe ýokdur.

Gurhan kerim bu aýatyň soňunda musulmanlara ýüzlenip : hakdan ýüz öwüren adamlaryň halyna hasrat iýmäň we olaryň gün-oňşugyny görüp özüňizi azara salmaň, sebäbi Alla olaryň bütin işlerinden we olaryň içinden we daşyndan habarlydyr diýip tabşyrýar . rowaýatlarda aýdylşyna görä , yslam pygamberi elmydam ynsanlary hedaýat etmegiň yzynda bolupdyr we kä wagtlarda hem bu ugurda işi şowna bolmanda kän azara galýanmyş . gurhan kerim yslam pygamberini tanadar bolanda : pygamber ynsanlary hedaýat etmekligä  jan köýdürýän we möminlere mähriban bolan adamdyr diýip aýdýar .

Oňa görä bu aýatyň maksady , kapyrlaryň arasynda dini wagyz etmekde musulman adamyň tapdan düşmäni öz işini dowam etmegidir .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

  1. ynsanyň gara nefsiniň oňa döredýän howplarynyň biriside, telek we günä işleriň ynsanyň gara nefsine gözel bolup görünmegidir , ýene bir ybaratda ynsanyň gara nefsi günä işleri dogry işler hasaplap ynsany şol işlere tarap iterýändir .
  2. haýsy işiň dogry we haýsy işiň telek digini ynsanyň gara nefsiniň islegleri esasynda dälde eýsem akyl we wahyý esasynda ölçäp görmelidir.
  3. Taňry tagala ynsanyň gümralygyny günä işlerde goýundyr her kim günä işlerden gorkmasa ol gümra bolar, kapyrlar hem hak bilen tersleşip günä işleriň üstünde aýak diremekleri üçin gümra bolandyrlar.
  4. Ynsanlary dogry ýola hedaýat etmek üçin tagalla edip olaryň halynyň gamyny iýmelidir, ýöne bu gam iýmekligiň hetdi bardyr we olaryň gamyny iýip öz saglygyňy howpa düşürmeli däldir.

 

///////////