bölüm, 790,süre, fater, aýat 9-11
bölüm, 790,süre, fater, aýat 9-11
برنامه راهی بسوی نور( (790
Fater sürüsi, 9-njy aýat :
وَاللَّهُ الَّذِي أَرْسَلَ الرِّيَاحَ فَتُثِيرُ سَحَاباً فَسُقْنَاهُ إِلَى بَلَدٍ مَّيِّتٍ فَأَحْيَيْنَا بِهِ الْأَرْضَ بَعْدَ مَوْتِهَا كَذَلِكَ النُّشُورُ (9)
<< we Alladyr buluty herekete düşürmek üçin ýelleri eýerýän , onsoň ony ( buludy ) ölen ýerlere tarap kowdyk we onuň üsti bilen , şol ölen ýerleri diretdik ( hakykatdan-da ) kyýamat dileni şeýle bir zatdyr.>>
Geçen gepleşikde möminleriň we kapyrlaryň kyýamat günündäki hal- ýagdaýlaryndan gürrüň etdik . Gurhan kerim bu aýatda , kyýamatyň ber-haklygyna şek edýän adamlaryň jogabynda : Taňry tagala bu dünýäde hem her ýylda gyş möwsümine agaçlary we tebigaty öldürip ýaz möwsümine olara jan bagyş edýändir we kyýamat gününde siziň ýaňadan direldilmegiňiz hem şu hili bir zatdyr diýip aýdýar. Ýer- ýurt gurap ölen soň ýeliň we ýagyşyň üsti bilen oňa ýaşaýyş bagyş edýän Alla siz ynsanlar ölüňizden soň sizi ýaňadan direldip bilmezmi ? elbetde direldip biler .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- deňizleriň we akýanlaryň üstünden turýan bulutlaryň ýeliň kömegi bilen daş ýerlere aşyp ýagyş suratynda ýere düşmegi we gurap ýatan ýerlere jan bagyş etmegi ýada beýleki tebigy gopgunlar , öz-özünden ýüze çykýan hadysalar däldirler eýsem olaryň ýüze çykmaklarynda Allanyň yradasy derkardyr .
2-barlyk düzgüniň özüne mahsus kadasy bardyr we onuň kadasyny Alla belli edendir we onuň işlerine çäre görmekde hem Allanyň perişdeleri rol oýnaýandyrlar.
Fater süresi, 10-njy aýat :
مَن كَانَ يُرِيدُ الْعِزَّةَ فَلِلَّهِ الْعِزَّةُ جَمِيعاً إِلَيْهِ يَصْعَدُ الْكَلِمُ الطَّيِّبُ وَالْعَمَلُ الصَّالِحُ يَرْفَعُهُ وَالَّذِينَ يَمْكُرُونَ السَّيِّئَاتِ لَهُمْ عَذَابٌ شَدِيدٌ وَمَكْرُ أُوْلَئِكَ هُوَ يَبُورُ (10)
<
Dünýäniň yzynda bolan adamlar özleriniň hezzetlerini mal-mülkde, orun-mertebede ýada bir güýçli maddy gudrata arka bermekde bilýändirler we olar bu hili zatlara ýetjek bolup kän tagalla edýändirler . ýöne gurhan kerimiň bu aýatda aýdyşy ýaly : hakyky hezzet we hakyky baş ýokarylyk dünýewi güýç kuwwatda ýada baýlykda däldir eýsem Alla daýanyp onuň bendeligini etmeklikdir , sebäbi hezzetden maksat , duşmandan ýeňilmezlikdir we eziz bolmaklykdyr bu zatlar bolsa diňe Alla çokunyp Alla arka bermek bilen ele gelýändir. Alla bolsa barlygyň we ýaradylyşyň eýesidir we oňa ýeňilmek bolýan däldir .
Gurhan kerim bu aýatyň dowamynda dogry ynam ygtykat we ýagşy işler bilen hakyky hezzete ýetip bolýandygyny ýatlap :
Alla tarap asmana göterilýän zat we ynsany hem ýokary galdyrýan zat , maddy zatlar däldir eýsem dogry iman we ýagşy amaldyr diýip beýan edýär, elbetde bu arada käler hem hile bilen halkyň ýanynda hezzetli bolup bolar öýdýärler . egerde indi bu hili adamlar hile bilen dünýäň Bäş günlik ýaşaýyşynda özleriniň ham isleglerine ýetip halky aldap bilseler ahyretde nätjek myşlar, ahyretde olaryň bütin naňşalary we hileleri mälim bolup halkyň ýanynda ryswa boljakdyrlar .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- hakyky hezzet halkyň ýanynda dälde eýsem allanyň ýanyndadyr dünýäň Baş gönlik ýaşaýyşynda halkyň ýanynda eziz bolup ahyretde har we zelil boljak adamlar az däldir, ýöne hakyky mömin adam agyr we ýowuz ýagdaýlarda-da ezizdir .
2- iman bilen ýagşyamalyň arasynda göni baglanşyk bardyr we olar bir-birlerine täsir galdyrýandyrlar .
3- hile arap hiç kim eziz bolup bilmez.
Fater süresi, 11-nji aýat :
وَاللَّهُ خَلَقَكُم مِّن تُرَابٍ ثُمَّ مِن نُّطْفَةٍ ثُمَّ جَعَلَكُمْ أَزْوَاجاً وَمَا تَحْمِلُ مِنْ أُنثَى وَلَا تَضَعُ إِلَّا بِعِلْمِهِ وَمَا يُعَمَّرُ مِن مُّعَمَّرٍ وَلَا يُنقَصُ مِنْ عُمُرِهِ إِلَّا فِي كِتَابٍ إِنَّ ذَلِكَ عَلَى اللَّهِ يَسِيرٌ (11)
<< Alla sizi deslap toprakdan soň hem nutfadan (bir damja suwdan) ýaratdy. onsoň size başdaşlar goýdy we hiç bir urkaçy göwreli bolmaz we dogurmaz -meger Allanyň ylmy bilen- we hiç kim uzak ýaşamaz ýada ýaşy kemelmez -meger (luhulmähfuz ) kitabynda getirlendir- Bu iş Alla üçin aňsat işdir.>>
Kyýamaty inkär edýän kapyrlar we müşrikler, özleriniň bu inkärleri üçin hiç bir delilleri ýokdur diňe olar kyýamat barada boş soraglary ara atyp “kyýamat bolarly zat däldir” diýip aýdýarlar . gurhan kerim bu aýatda olaryň bildirýän şübhelerine jogap hökmünde : egerde Allanyň ýaňadan ýaşaýyş bagyş edip biljekdigine şek edýän bolsaňyz şol Alla nähili sizi toprakdan ýaradyp size ýaşaýyş bagyş edipdir ? kyýamatda hem şol Alla size ýaşaýyş bagyş edip bilmez öýdip güman edýärsiňizmi diýip aýdýar. Hawa , ynsanlary we barça mahluklary nutfadan bara getirip özüniň ylmy bilen bütin işleriň çäresini görýän Alla kyýamatda ynsanlara ýaňadan ýaşaýyş bagyş edip bilmezmi? onsoňda ynsan dünýäň ýüzünde hä köp ýaşasyn hä gysga , onuň hasaby Allanyň ýanynda bellidir .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:
1- ynsan , barlygyň we ýaradylyşyň çeşmelerine üns berse hiç mahal menliklenip Allanyň gudratyndan gapyl galmaz .
2- ynsanlaryň hemmesi toprakdan ýaradylyp soňda topraga öwrüljekdirler.
3- ynsanyň ömri Allanyň elindedir we Alla özüniň ylmy bilen birine uzak ýene birine gysga ömür berýändir.
4-ynsanyň ömrüniň bütin salym-sagatlary depderde ýazylandyr we şol ýazylan zatlar kyýamatda ynsanyň nepine ýada zyýanyna senet hökmünde haýyrlanyljakdyr.
//////////////