Aug 14, 2018 13:56 Asia/Ashgabat

bölüm, 791,süre, fater, aýat 12-13

برنامه راهی بسوی نور( (791

Fater  süresi, 12-nji aýat :

‏ وَمَا يَسْتَوِي الْبَحْرَانِ هَذَا عَذْبٌ فُرَاتٌ سَائِغٌ شَرَابُهُ وَهَذَا مِلْحٌ أُجَاجٌ وَمِن كُلٍّ تَأْكُلُونَ لَحْماً طَرِيّاً وَتَسْتَخْرِجُونَ حِلْيَةً تَلْبَسُونَهَا وَتَرَى الْفُلْكَ فِيهِ مَوَاخِرَ لِتَبْتَغُوا مِن فَضْلِهِ وَلَعَلَّكُمْ تَشْكُرُونَ (12)

<< iki deňiz deň däldir , bu biriniň suwy süýji we jana ýokumlydyr emma ol birisiniň suwy şor we ajydyr . şondan gelende siz olaryň ikisindende täze ( täze janlylary awlap olaryň ) etini iýýänsiňiz ýada zynat üçin bezeg şaýlaryňyzy ondan alýansyňyz şeýlede olaryň ýüzünde ýüzüp ýörän gämileri görýänsiňiz . ( bu zatlar ) Allanyň pazlyndan haýyrlanmagyňyz üçindir we belkide şükür edýänlerden bolarsyňyz.>>

Geçen gepleşikde ynsanlary ýaratmakdaky Allanyň başarnygyna we onuň kä ýöriteliklerine yşarat etdik . Gurhan kerim bu aýatda Taňry tagalanyň tebigatdaky nyşanalarynyň ýene birisine yşarat edip aýdýar : deňizlere ser ediň ýer ýüzünde  iki hili deňiz bar , olaryň kä biriniň suwy süýji bolsa ýen bir toparynyň suwy şor we ajydyr şondan gelende Taňry tagala olaryň ikisiniň üsti bilen ynsanlaryň iýmitlerini , geýýän zatlaryny hatda bezeg- şaýlaryny üpjün edýändir, ynsanlara peýdaly bolan dürli janlylar we balyklar olaryň ikisinde-de ýaşaýandyrlar we olar urbatmak üçin olary awlap olardan peýdalanýandyrlar ýada olary bazara çykaryp satýandyrlar. deňizlerdäki janlylar deňizleriň ýakasynda ýaşaýan adamlardan aýry hatha beýleki ýerlerde ýaşaýan adamlaryň hem iýmitini üpjün edýändirler, onsoňda deňizleriň düýbinden tapylýan Dör we Merjenler ynsanlaryň bezeg şaýlaryny üpjün edýändirler şeýlede ynsanlar deňizlerden bir gatnaw ýol hökmünde peýdalanyp gämileriň kömegi bilen bir ýerden ýene bir ýere aşyp bilýändirler ýada özleriniň ýüklerini maksada ýetirip bilýändirler . deňizler indi hä süýji bolsun hä ajy, ynsanlara şu hili gaty peýdalydyrlar.

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- deňizler ynsanlaryň iýmit maddalaryny üpjün etmekde  gaty täsirli bolan çeşmeleriň birisidir .

2-ynsanlaryň ýaşaýyşlary deňizler ýaly kä süýji käde ajydyr. Egerde ynsan ýaşaýyş deňizinde dogry ýüzüp gämisinde hüşgär otursa bu deňizden özüniň isleýän zatlaryny awlap biljekdir.

3- özüňi bezemek üçin bezeg şaýlardan haýyrlanmaklyk yslamyň kabul eden zatlaryndandyr.

Fater süresi, 13-nji aýat :

يُولِجُ اللَّيْلَ فِي النَّهَارِ وَيُولِجُ النَّهَارَ فِي اللَّيْلِ وَسَخَّرَ الشَّمْسَ وَالْقَمَرَ كُلٌّ يَجْرِي لِأَجَلٍ مُّسَمًّى ذَلِكُمُ اللَّهُ رَبُّكُمْ لَهُ الْمُلْكُ وَالَّذِينَ تَدْعُونَ مِن دُونِهِ مَا يَمْلِكُونَ مِن قِطْمِيرٍ (13)

<< ol (Alla) gijäni gündize we gündizi hem gijä goşýandyr we şeýlede gün bilen aýy siz üçin eýelenendir. Olaryň her gaýsy belli zamana çenli öz ýollaryny dowam ederler . budyr Alla dünýäniň hökmürowanlygy onuň üçin bolan siziň perwerdigäriňiz we ondan gaýry çagyrýan zatlaryňyz hatda hurmaň şäniginiň gabygynada eýe däldirler .>>

Gurhan kerim geçen aýatlarda Allanyň birligine delalat edýän nyşanalary beýan etmekden soň bu aýatda Allanyň tebigatdaky nyşanalarynyň ýene birsine yşarat edip aýdýar : gije- gündiziň şekil tapmagyna sebäp bolýan ýer şarynyň öz töweregine aýlanmagy Allanyň gudraty bilen bolýandyr. Uzaklyk taýdan gije- gündiz ýylyň dört paslynda üýtgeýändir ýene bir ybaratda birinden kemelip birine artýandyr şeýlede gije bilen gündiz ýuwaş-ýuwaşdan özüni görkezýändirler birden gije ýada birden gündiz bolýan däldir, edil gündiz gijä we gije hem gündizä goşulýan ýaly bolup olar 24 sagatda öz jaýlaryny çalyşýandyrlar. gurhan kerim bu aýatyň dowamynda bu meseläň delilini gün bilen aýyň Alla tarapyndan ynsan üçin eýelenmegi bilýär.  gün özüniň şol ulylygy bilen ynsanyň nura bolan mätäçligini şeýlede ösümliklere bolan mätäçligini üpjün etmek üçin Alla tarapyndan ynsan üçin eýelenendir . gijesine hem aý , günden nur alyp bir hili ýeriň ýüzüni ýagtylandyrmak bilen ynsanlaryň has hem çöl ýerlerde ýada deňizlerde hereket edýän ýolagçylaryň azaşman ýollaryny tapmaklaryna ýardam edýändir.

Elbetde , ýer- gün we aý hemişelik galarlar diýip güman etmeli däldir, eýsem her bir zadyň belli bir ömrüniň bolşy ýaly asmanlyk jisimleriň we şarlaryň hem belli ömürleri bardyr we ömürleri gutaran soň olar hem dargap gitjekdirler .

Gurhan kerim bu aýatyň soňunda hem möminlere ýüzlenip : eý iman getiren adamlar siz şeýle bir hudaýa imanyňyz bardyr weli barlyk onyň elindedir we barça zatlara onuň özi çäre görýändir şondan gelende kapyrlar we müşrikler allanyň ýerine özgelere hamala butlara Bendelik edýändirler we şol zatlary öz ýaşaýyşlarynda täsirli bilýändirler, bilip goýuň iňiň ujy ýalyda dünýäň işlerinde täsirli däldirlerdirler diýip aýdýar.

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1-tebigatyň kanunlary Allanyň tarapyndan we onuň çäre görüjiligi bilen düzülendir şeýlede Allanyň yradasy tebigatyň kanunlaryna üstemdir.

2- gije- gündiziň üýtgäp durmagy ýene bir ybaratda uzap – gysgalmaklary tötänlikde  bolýan iş däldir eýsem onuň özüne mahsus maksady bardyr şeýlede bu mesele ýaradylyşyň belli bir maksady yzarlaýandygyny subut edýändir .

3- Günüň we Aýyň aýlanmaklary  ýaly barlykdaky düzgüniň maksat namasy bardyr we şol maksatnama esasynda hem hereket edýändir.

4- ellerinde gudrat bolmadyk närselere bendelik etmegiň deregine barça zatlaryň eýesi bolan we islän zadyny edip bilýän Alla bendelik edeli.

 

/////////////