bölüm, 792,süre, fater, aýat 14-17
bölüm, 792,süre, fater, aýat 14-17
برنامه راهی بسوی نور( (792
Fater süresi 14-nji aýat :
إِن تَدْعُوهُمْ لَا يَسْمَعُوا دُعَاءكُمْ وَلَوْ سَمِعُوا مَا اسْتَجَابُوا لَكُمْ وَيَوْمَ الْقِيَامَةِ يَكْفُرُونَ بِشِرْكِكُمْ وَلَا يُنَبِّئُكَ مِثْلُ خَبِيرٍ (14)
<< egerde olary çagyrsaňyz siziň çakylygyňyzy eşitmezler , egerde eşitseler jogap bermezler we kyýamat gününde (hem) siziň şyrkyňyzy inkär ederler we hiç kim (Alla ýaly) habarly däldir we seni (hakykatlardan) habarly edip bilmez.>>
Gurhan kerim geçen aýatda : müşrikleriň dünýäniň işlerine hiç hili häkimiýeti bolmadyk närseleri çagyrýandyklaryny aýdany soň bu aýatda aýdýar : müşrikler bir zatlary çagyrýandyrlar weli ol zatlar ne eşidýändirler we nede jogap berip bilýändirler sebäbi daşdan ýada agaçdan ýasalan butlaryň eşitmäge gulaklary , sözlemäge dilleri we düşünmäge akyllary ýokdur.
Allanyň ýerine agaçdan we daşdan ýasalan bu hudaýlar , ne dünýäde adamyň derdine ýaraýandyrlar we nede ahyretde olardan peýda bardyr eýsem olar ahyretde ynsanyň tersine güwälik berjekdirler we “ siz müşrikler dünýäde bize çokunan dälsiňiz aslynda siz görme-göze bize çokunan bolup aslynda özüňiziň haram islegleriňiz yzynda bolansyňyz” diýip aýtjakdyrlar.
Gurhan kerim bu aýatyň soňunda hem kyýamatda ýüze çykajak wakalara yşarat edip : bu wakalardan diňe Alla habarlydyr we Alla hem belki gümra bolmarsyňyz diýip öz kitaby arkaly sizi bu wakalardan habarly edýändir diýip aýdýar .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň berýän sapaklary:
1- ynsan özüniň haý- höweslerine eýerip gümra bolýandyr ol şeýle bir gümra bolýandyr weli kä wagtlarda ýaradylyşyň çyn eýesi bolan allany gyrykda goýup onuň ýerine butlara eýerýändir .
2- sirkden ne dünýäde we nede ahyretde ynsana peýda ýetmez .
3- alladan gaýry her zada çokunsak ol zat ahyretde bizden ýüz öwrüp hatda biziň tersimize şaýatlyk berjekdir.
4- kyýamatyň habarlaryny diňe Wahy bilen asmanlyk kitaplardan alyp bolar .
Fater süresi 15-16-17-nji aýatlar :
يَا أَيُّهَا النَّاسُ أَنتُمُ الْفُقَرَاء إِلَى اللَّهِ وَاللَّهُ هُوَ الْغَنِيُّ الْحَمِيدُ (15) إِن يَشَأْ يُذْهِبْكُمْ وَيَأْتِ بِخَلْقٍ جَدِيدٍ (16) وَمَا ذَلِكَ عَلَى اللَّهِ بِعَزِيزٍ (17)
<< eý adamlar! siz Alla mätäçsiňiz we mätäç bolman hämdi sena laýyk bolan zat ol Alladyr.// we egerde yrada etse sizi alyp gidip ( ýeriňize) başga bir zady ýaradar // we bu iş Alla üçin kyn däldir .>>
Gurhan kerim Allanyň birligi barada bolan geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda aýdýar : Alla size namaz okap ybadat ediň diýip buýran bolsa , Alla bu zatlara mätäç bolmaly diýen gumanda bolmaň Alla siziň namazyňyza we ybadatyňyza mätäç däldir asla ol hiç bir zada mätäç däldir eýsem siz ynsanlar hemişe oňa mätäçsiňiz siz ýok mahalyňyz ol bardy we siz ýok olmagyňyzdan soň hem ol boljakdyr, Alla siziň bolmagyňyza mätäç däldir siziň wujudyňyza we barlygyňyza mätäç bolmadyk Alla siziň ybadatyňyza mätäç bolmaz, egerde Alla size namaz okap ybadat ediň diýip aýdan bolsa ol , siziň peýdaňyz üçin bu buýrugy berendir we ybadat edip öz isleg – arzularyňyzy menden diläň we kesekilerden dilemäň diýip namaza we ybadata buýruk berendir. Hamala , bir mugallym öz şägirtlerine öý teklibini berýän bolsa bu iş mugallymyň şol tekliplere mätäçligi üçin däldir eýsem ol , öz şägirtleriniň we okuwçylarynyň ylymly – bilimli bolmaklary üçin bu teklipleri olardan isleýändir.
Ynsanlaryň okaýan namazlary ýada ýerine ýetirýän ybadatlarydyda şu hili bir zatdyr. namaz we ybadat hem ynsanlaryň haýwanlyk derejeden arany açyp kemal derejelerine ýetmeklerine şert döredýändir öz bendeleriniň ösüp kemal derejelerine ýetmegini isleýän Alla hem ynsanlardan namaz okap ybadat etmegi isleýändi. ynsanlar aslynda öz barlyklary üçin hem Alla mätäçdirler, ynsanlaryň barlygy Allanyň lotfy keremine baglydyr, ýöne allanyň barlygy hiç bir zada bagly däldir ol gadymdyr ondan ozal hiç zat ýokdur oňa görä ol hiç zada mätäç däldir şonuň üçin hem diňe Alla hämdi sena laýykdyr. biz ynsanlar hem Alla çokunyp onuň nury bilen nurlanmalydyrys. bir kişi öýni güniň tersine salsa ol özüniň bu işi bilen günä zyýan ýetirip bilmez eýsem özüni güniň nurundan mahrum eder . gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda Allanyň ynsanlara mätäç däldigini bildirmek üçin delil getirip : “egerde Alla islese we yrada etse sizi ýok edip siziň ýeriňize başga bir zady ýaradyp biler we bu iş allanyň ýanynda gaty aňsat işdir” diýip beýan edýär.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1-Allanyň ynsanlary özüniň birligine çagyrmagy onuň ynsanlara mätäçligi üçin däldir eýsem biz ynsanlaryň şeýle bir güýçli we sarsmaz dalda mätäçligimiz üçindir .
2- Allanyň garşysynda özüni mätäçsiz duýan ynsan tekepbir ynsandyr şonuň üçin hem gurhan kerim ynsanyň hemişe Alla mätäçdigini ýatlap durýandyr.
3-baý we baranda adamlar köplenç gysganç adamlar bolýarlar şonuň üçin hem olar umuman halkyň gözünden düşýärler we il-gün olary kän söýmeýärler emma Alla tagala hem baý we ganydyr şondan gelende Alla tagala öz baýlygyny sahylyk bilen öz bendeleriniň erkinde goýýandyr şonuň üçin hem Alla hämdi sena laýykdyr.
4- Alla tagala her bir zamanda yrada etse täze bir zady ýaradyp bilýändir täze zatlary ýaratmakda Allanyň yradasyna böwet boljak zat bolmaz.
////////////////