bölüm, 793,süre, fater, aýat 18-21
bölüm, 793,süre, fater, aýat 18-21
برنامه راهی بسوی نور( (793
Fater süresi 18-nji aýat :
وَلَا تَزِرُ وَازِرَةٌ وِزْرَ أُخْرَى وَإِن تَدْعُ مُثْقَلَةٌ إِلَى حِمْلِهَا لَا يُحْمَلْ مِنْهُ شَيْءٌ وَلَوْ كَانَ ذَا قُرْبَى إِنَّمَا تُنذِرُ الَّذِينَ يَخْشَوْنَ رَبَّهُم بِالغَيْبِ وَأَقَامُوا الصَّلَاةَ وَمَن تَزَكَّى فَإِنَّمَا يَتَزَكَّى لِنَفْسِهِ وَإِلَى اللَّهِ الْمَصِيرُ (18)
<< hiç kim ýene biriniň ýüküni götermez we egerde ýene birisi agyr ýüküni çekmek üçin birinden kömek sorasa – garyndaşy bolsada – oň ýükünden hiç zady götermez.(eý pygamber!) sen , ýaşyrynlykda öz perwerdigärlerinden gorkýan we namaz okaýanlara duýduryş berýänsiň we her kim päkligiň yzynda bolsa onuň netijesi onuň özüne dolanar we hemmeleriň dolanjak ýeri Alla tarapdyr .>>
Gurhan kerim bu aýatda musulmanlaryň möhüm ynam – ygtykady bolan Allanyň adalaty dilen meselä yşarat edip aýdýar : kyýamatda ynsanlara olaryň amallaryna laýyklykda jeza ýada serpaý berler we şol gönde hiç kim – ýene biriniň göwnüni görüp ýada dogan garyndaşym diýip ýene birisiniň ýüküni götermez her kim öz başy bilen gaý bolar , kyýamatda her kim öz eden etmişlerine jogap berip bilse han boldygy . kyýamatda hiç bir adam ony – muny ýamanlap ýada zamanasyny ýamanlap özüni aklap bilmez ýada günäsini başga biriniň üsüne oklap bilmez.
Elbetde her kim dünýäde başgalary telek we günä işlere çagyran bolsa ol , şol çagyran adamlarynyň eden etmişleri babatly hem jogap bermeli bolar, şeýlede her kim başgalary ýagşy işe çagyran bolsa şol adamlaryň eden ýagşy işleri üçin hem oňa serpaý beriljekdir gurhan kerim bu aýatyň dowamynda günäkär adamlaryň eden etmişleriniň köki hasaplanýan olaryň ruhy hapalyklaryna yşarat edip : haka gulak berip telek işlerden saklanýan adamlar hakyň gözleginde bolup öz ruhlaryny päk we arassa saklaýandyrlar hakyň gözleginde bolmadyk adamlara hatda pygamberiň öwüt – nesihatyda täsir etmez diýip beýan edýär .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- kyýamat gününde , her kim özüniň eden etmişleriniň agyr yüküni götermeli bolar .
2- bu dünýäde , bizi günä işlere çagyrýanlaryň gepine aldanmaly sebäbi olar : “gorkmaň , kyýamatda şu günä işden size zyýan ýetişjek bolsa onuň ýüküni özüm götereýin” diýip aýdýandyrlar .
3-her kim özüniň eden etmişleriniň ýüküni götermeli bolar ýene biriniň günä işleri üçin bize jeza bermezler ýöne özgeleri telek işlerden alyp galmasak ýada özgeleriň etýän gönä işlerini görüp dymyp otursak şolaryň edýän işleri babatly biz hem jogap bermeli boljakdyrys .
4- kyýamatda her kim öz başy bilen gaýdyr we hiç kim – hatda iň ýakyn dogan garyndaş bolsada – ýene biriniň dadyna ýetip bilmez .
Fater süresi 19, 20 we 21-nji aýatlar:
وَمَا يَسْتَوِي الْأَعْمَى وَالْبَصِيرُ (19) وَلَا الظُّلُمَاتُ وَلَا النُّورُ (20) وَلَا الظِّلُّ وَلَا الْحَرُورُ (21)
<< görmeýän bilen görýän deň däldirler .// we ne zulmat we ne nur // we ne kölege we ne güneşiň şülesi.>>
Gurhan kerim bu aýatlarda mysal arkaly möminler bilen kapyrlary deňeşdirip aýdýar : siziň ýanyňyzda görýän bilen görmeýän deňmi ? elbetde olar deň bolup bilmezler we olaryň dünýä baradaky garaýyşlary bir birinden parh eder sebäbi görmeýäniň ýanynda garaňkylykdan başga zadyň manasy ýokdur we görýän bolsa nuryň we ýagtylygyň täsirinde hemme zady – ak garany – ýagtylyk bilen garaňkylygy saýgarýandyr diýersiň olaryň birsi hemişe kölegede we saýada ýaşaýandyr ýene birisi bolsa güneşiň nurunyň täsirinde hemme zady görýändir. elbetde görmeklik bilen görmezlik ynsanyň elinde däldir, ýaradylyşda allanyň bagyş eden zadydyr ýöne imanly ýada imansyz bolmaklyk ynsanyň öz elindedir bu zatda mejburlyk ýokdur her kim islese kapyr bolup özüni ylahy hakykatlardan we allanyň nurundan mahrum edip biler we her kim islese hem imanyň saýasynda ylahy nuruň üsti bilen hakykatlara ýol aşyp diler şeýdipde ylahy hedaýata ýetip biler . gurhan kerim beýleki aýatlarda hem bu meselä yşarat edip :Taňry tagala ynsanlary gümralykdan we garaňkylykdan ýagtylyga tarap hedaýat etmek üçin pygamberleri we asmanlyk kitaplary iberendir ýöne şol bir wagtda Tagutlar we kapyrlaryň başlyklary ynsanlary ýagtylykdan garaňkylyga tarap äkitmek ugurda tagalla edýändirler diýip beýan edýär.
Ýer şarynyň ýüzündäki ýaşaýyş güneşiň nuruna we şülesine baglydyr. günüň nury we şülesi ýere ýetmese ýaşaýyş hem bolmaz, hemme zat ýok olar , ynsanyň ruhy hem şeýledir we ynsanyň ruhyna hem Allanyň nury şüle saçmasa ol ruh ýok olar . Allanyň nury bolsa akyl , Fitret we pygamberleriň çakylygy arkaly ynsanlaryň ruhuna ýedýändir.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- gowylyk bilen telekeligi şeýlede möminler bilen kapyrlary deňeşdirip ýagşy we ýamany saýgaryp şirk we kapyrçylyk belalaryndan daş durup bileris .
2- din , ynsan garaňkylykdan we zulmatdan daş durar ýaly oňa ýagtylyk we ägälik bagyş edýändir we onuň ýoluny nurana edýändir.
3- gurhan kerimiň bu aýatlarynda nur sözi birlik şeklinde getirlip garaňkylyk sözi bolsa köplük suratda ýagny Zulmat şeklinde getirlendir .mundan belli bolýar weli nur bir zatdyr olda Allanyň ýolydyr allanyň ýoly birdir ýöne garaňkylyk we azgynçylygyň ýoly bir däldir azgynçylygyň durly görnüşleriniň bolşy ýaly azgynçylygyň ýoly hem köpdür.
/////////////