Nov 23, 2017 13:29 Asia/Ashgabat

bölüm,695,süre kasas,aýat 1-4

برنامه راهی بسوی نور(695)       

Kasas süresi

Näml süresiniň  soňlamagy bilen Kasas süresine girişýäris . bu süre  yslam pygamberiniň  Mekgeden Medine şäherine hejret etmeginden ozal inendir şonuň üçin Mekgi sürelerden hasaplanýandyr we onuň 88 aýaty bardyr.

Bu süreniň mezende  deslapky  40 aýaty hezreti Musa (a.s)-yň ýaşaýyşyna diýmek onuň dogluşyna , çagalygyna, ýaşlygyna, oýlanşyna we soňda pygamberligine degişlidir .

kasas  süresiniň  1, 2 we 3-nji  aýatlari:

طسم (1) تِلْكَ آيَاتُ الْكِتَابِ الْمُبِينِ (2) نَتْلُوا عَلَيْكَ مِن نَّبَإِ مُوسَى وَفِرْعَوْنَ بِالْحَقِّ لِقَوْمٍ يُؤْمِنُونَ (3)

 

<< Ta . sin . mim//  bular, bu ýagtylygyň beriji kitabyň  aýatlarydyr.//

(Eý pygamber!) iman getiren ynsanlaryň  (bilmekleri) üçin Musa bilen Fyrownyň dogry dessanyny saňa aýdyp berýäris.>>                           

Gurhany kerimiň 28 süresiniň başynda gelşinä görä bu süre hem mukatta’a ýa şol kesik-kesik harplar bilen başlanyp onuň  yz ýanynda bu asmanlyk kitabyň aýatlaryna  yşarat bolandyr. ozal hem aýdyşymyz ýaly megerde Taňry tagala Gurhany kerimiň kä sürelerini kesik-kesik harplar bilen başlap ölmez ýetmez mugjyza bolan  Gurhany kerimiň aýatlarynyň beýleki ynsanlaryň erkinde bolan şu elip-biň harplaryndan ybaratdygyny ýatlajak bolandyr .

Elbetde Taňry tagala bu kesik-kesik harplary getirmek bilen hem :

Men şu görýän Gurhan kitabyny  şu harplar bilen düzdim, egerde onuň mujyzalygynda şekiňiz bar bolsa siz hem şu harplar bilen şu hil kitaby ýazyň diýip Gurhanyň müňkürlerini bäsleşige  çagyrýan bolmagy hem mümkindir .

Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamunda  hezreti  Musa (a.s) bilen pyrownyň dessanyna  yşarat edip aýdýar :

Biz Gurhanyň aýatlarynda hiç hilli ýalan gürrüňi gozgamazdan hakykata laýyklykda  geçen pygamberleriň we kowumlaryň ykballaryny aýdyp berýäris belkide mömimler geçen zamanlarda iman ähliniň  çeken zähmetlerini bilip öz barýan ýollarynda mäkäm durarlar diýip

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1 – ylahy kada, taryh boýunda üýtgeýän däldir . oňa görä sapak bolar ýaly bu ylahy kadalary tanamalydyrys

2 – ezijilere we tagutlara garşy göreşmeklik pygamberleriň  şiwesi bolandyr, oňa görä  möminler öz ýaşaýyşlarynda pygamberleriň bu şiwesini sapak edinmelidirler.

3 – Gurhanyň dessanlary erteki ýa-da  bir fantastik dessan däldir eýsem hakykatdyr .

kasas  süresi 4-nji aýat :

إِنَّ فِرْعَوْنَ عَلَا فِي الْأَرْضِ وَجَعَلَ أَهْلَهَا شِيَعاً يَسْتَضْعِفُ طَائِفَةً مِّنْهُمْ يُذَبِّحُ أَبْنَاءهُمْ وَيَسْتَحْيِي نِسَاءهُمْ إِنَّهُ كَانَ مِنَ الْمُفْسِدِينَ (4)

                                                                                   

<<>>

Gurhany kerim bu aýatda pyrownyň  halky ezenligine  yşarat edip aýdýar :pyrownyň   beni ysraýyl  kowumuny ejiz saklap olara hökmürowanlyk etmek üçin dürli şiwelerden haýyrlanýardy . şol sanda ilatyň tersleşmeklerinden  gorkup olaryň  arasyna agzyalalyk salýardy .

olary dürli toparlara bölüp olaryň agzybir bolmaklarynyň öňüni alýardy.

durmuşda hem eziji döwletler dürli milletlere we ýurtlara hökmürowanlyk etmek üçin ilatyň arasyna agzyalalyk salyp bu maksatlaryny yzarlap  durandyrlar .

pyrown  hem öz maksadyna ýetmek üçin Müsür ilatynyň bir toparyny  diýmek Kybtylaryny gözleýärdi . olara köp orunlary we mümkinçilikleri berýärdi  emmä Müsüre göçüp gelen beni Ysraýyl kowumunyň adamlaryna ejir we yza baryny berýärdi . olaryň oglanlaryny gullukçy we  zenanlaryny  bolsa gyrnak edýärdi . hatda ol bir wagt beni Ysraýyl  kowumynyň güýçlenmeginden gorkup öz nökerlerine olaryň erkek göbekli çagalaryny bir ujundan öldürip gyzlaryny bolsa saklap gyrnak etmeklerini bürdi.

edil pyrownyň şeýle bir elhenç buýrugy beren zamany bolsa hezreti Musa (a.s)  dünýä indi. Musanyň enesi ony ölümden halas etmek üçin Musany bir sebediň içinä goýup Nil derýasyna oklady .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1 – halkyň agzybir bolsa ezijiler we zalymlar olara hökmürowanlyk edip olary ezip bilmezler . şonuň üçin hem eziji döwletler her bir zatdan ozal ilatyň agzybir bolmaklarynyň öňüni alýandyrlar .

2 – ynsanlardaky jomartlyk duýgyny  ýok edip zenanlaryň, azatlyk ýaly gözel şygarlaryň saýasynda zenanlardan we aýallardan ýaramaz haýyrlanmaklyk  günbatarda bolýan işdir  we günbatar döwletleri dürli şiweler bilen bu zatlardan öz nepleri üçin haýyrlanyp durandyrlar.

 

////////////