bölüm,695,süre kasas,aýat 1-4
bölüm,695,süre kasas,aýat 1-4
برنامه راهی بسوی نور(695)
Kasas süresi
Näml süresiniň soňlamagy bilen Kasas süresine girişýäris . bu süre yslam pygamberiniň Mekgeden Medine şäherine hejret etmeginden ozal inendir şonuň üçin Mekgi sürelerden hasaplanýandyr we onuň 88 aýaty bardyr.
Bu süreniň mezende deslapky 40 aýaty hezreti Musa (a.s)-yň ýaşaýyşyna diýmek onuň dogluşyna , çagalygyna, ýaşlygyna, oýlanşyna we soňda pygamberligine degişlidir .
kasas süresiniň 1, 2 we 3-nji aýatlari:
طسم (1) تِلْكَ آيَاتُ الْكِتَابِ الْمُبِينِ (2) نَتْلُوا عَلَيْكَ مِن نَّبَإِ مُوسَى وَفِرْعَوْنَ بِالْحَقِّ لِقَوْمٍ يُؤْمِنُونَ (3)
<< Ta . sin . mim// bular, bu ýagtylygyň beriji kitabyň aýatlarydyr.//
(Eý pygamber!) iman getiren ynsanlaryň (bilmekleri) üçin Musa bilen Fyrownyň dogry dessanyny saňa aýdyp berýäris.>>
Gurhany kerimiň 28 süresiniň başynda gelşinä görä bu süre hem mukatta’a ýa şol kesik-kesik harplar bilen başlanyp onuň yz ýanynda bu asmanlyk kitabyň aýatlaryna yşarat bolandyr. ozal hem aýdyşymyz ýaly megerde Taňry tagala Gurhany kerimiň kä sürelerini kesik-kesik harplar bilen başlap ölmez ýetmez mugjyza bolan Gurhany kerimiň aýatlarynyň beýleki ynsanlaryň erkinde bolan şu elip-biň harplaryndan ybaratdygyny ýatlajak bolandyr .
Elbetde Taňry tagala bu kesik-kesik harplary getirmek bilen hem :
Men şu görýän Gurhan kitabyny şu harplar bilen düzdim, egerde onuň mujyzalygynda şekiňiz bar bolsa siz hem şu harplar bilen şu hil kitaby ýazyň diýip Gurhanyň müňkürlerini bäsleşige çagyrýan bolmagy hem mümkindir .
Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamunda hezreti Musa (a.s) bilen pyrownyň dessanyna yşarat edip aýdýar :
Biz Gurhanyň aýatlarynda hiç hilli ýalan gürrüňi gozgamazdan hakykata laýyklykda geçen pygamberleriň we kowumlaryň ykballaryny aýdyp berýäris belkide mömimler geçen zamanlarda iman ähliniň çeken zähmetlerini bilip öz barýan ýollarynda mäkäm durarlar diýip
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1 – ylahy kada, taryh boýunda üýtgeýän däldir . oňa görä sapak bolar ýaly bu ylahy kadalary tanamalydyrys
2 – ezijilere we tagutlara garşy göreşmeklik pygamberleriň şiwesi bolandyr, oňa görä möminler öz ýaşaýyşlarynda pygamberleriň bu şiwesini sapak edinmelidirler.
3 – Gurhanyň dessanlary erteki ýa-da bir fantastik dessan däldir eýsem hakykatdyr .
kasas süresi 4-nji aýat :
إِنَّ فِرْعَوْنَ عَلَا فِي الْأَرْضِ وَجَعَلَ أَهْلَهَا شِيَعاً يَسْتَضْعِفُ طَائِفَةً مِّنْهُمْ يُذَبِّحُ أَبْنَاءهُمْ وَيَسْتَحْيِي نِسَاءهُمْ إِنَّهُ كَانَ مِنَ الْمُفْسِدِينَ (4)
<
Gurhany kerim bu aýatda pyrownyň halky ezenligine yşarat edip aýdýar :pyrownyň beni ysraýyl kowumuny ejiz saklap olara hökmürowanlyk etmek üçin dürli şiwelerden haýyrlanýardy . şol sanda ilatyň tersleşmeklerinden gorkup olaryň arasyna agzyalalyk salýardy .
olary dürli toparlara bölüp olaryň agzybir bolmaklarynyň öňüni alýardy.
durmuşda hem eziji döwletler dürli milletlere we ýurtlara hökmürowanlyk etmek üçin ilatyň arasyna agzyalalyk salyp bu maksatlaryny yzarlap durandyrlar .
pyrown hem öz maksadyna ýetmek üçin Müsür ilatynyň bir toparyny diýmek Kybtylaryny gözleýärdi . olara köp orunlary we mümkinçilikleri berýärdi emmä Müsüre göçüp gelen beni Ysraýyl kowumunyň adamlaryna ejir we yza baryny berýärdi . olaryň oglanlaryny gullukçy we zenanlaryny bolsa gyrnak edýärdi . hatda ol bir wagt beni Ysraýyl kowumynyň güýçlenmeginden gorkup öz nökerlerine olaryň erkek göbekli çagalaryny bir ujundan öldürip gyzlaryny bolsa saklap gyrnak etmeklerini bürdi.
edil pyrownyň şeýle bir elhenç buýrugy beren zamany bolsa hezreti Musa (a.s) dünýä indi. Musanyň enesi ony ölümden halas etmek üçin Musany bir sebediň içinä goýup Nil derýasyna oklady .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1 – halkyň agzybir bolsa ezijiler we zalymlar olara hökmürowanlyk edip olary ezip bilmezler . şonuň üçin hem eziji döwletler her bir zatdan ozal ilatyň agzybir bolmaklarynyň öňüni alýandyrlar .
2 – ynsanlardaky jomartlyk duýgyny ýok edip zenanlaryň, azatlyk ýaly gözel şygarlaryň saýasynda zenanlardan we aýallardan ýaramaz haýyrlanmaklyk günbatarda bolýan işdir we günbatar döwletleri dürli şiweler bilen bu zatlardan öz nepleri üçin haýyrlanyp durandyrlar.
////////////