Aug 25, 2018 19:22 Asia/Ashgabat

bölüm, 794,süre, fater, aýat 22-26

برنامه راهی بسوی نور( (794

Fater süresi , 22 we 23-nji aýatlar :

وَمَا يَسْتَوِي الْأَحْيَاء وَلَا الْأَمْوَاتُ إِنَّ اللَّهَ يُسْمِعُ مَن يَشَاءُ وَمَا أَنتَ بِمُسْمِعٍ مَّن فِي الْقُبُورِ (22) إِنْ أَنتَ إِلَّا نَذِيرٌ (23)

<< we hergiz ölüler bilen diriler deň bolmazlar . Alla islänine eşitdirer we sen görde ýatan adamlara eşitdirip bilmezsiň // sen duýduryş berijiden aýry hiç kim dälsiň. >>

Gurhan kerim geçen aýatlaryň dowamynda kapyrlary öli adamlara we möminleri bolsa diri adamlara meňzedip: ölüler ýaly kapyrlaryň ýürekleri hem ne görýändir we nede eşitýändir kapyrçylyk bir perde ýaly ynsanyň hakykatlary görüp bilmegine böwet bolýandyr aslynda kapyrçylyk hatda ynsanyň gulagyny hem gapyp onuň haky eşidip bilmegine  böwet bolýandyr” diýip aýdýar. Kapyr adamyň hak kelamyny eşitmeýşini bir mysal bilen aýdar bolsak, kä wagt ynsan telewizüriň garşysynda oturyp kitap okaýar ýada telefon bilen gepleşýär şonda ýaňky adam ,telewizüriň alyp baryjysynyň sesini eşitsede ondan hiç zat düşünmeýär, sebäbi ol asla onuň aýdanlaryna üns bermeýär , kä bir adam hem şol telewizüriň garşysynda oturan ýaňky adamyň mysalyndadyr. ol hem hak kelamyny eşitsede oňa üns bermänligi üçin ony eşidýän däldir .

Gurhan kerim bu aýatyň dowamynda yslam pygamberine ýüzlenip : seniň borjuň hak kelamyny halkyň gulagyna ýetirmeklikdir halyk hem hak kelamyny eşitmelidir hemde oňa üns bermelidirler diýip beýan edýär .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- iman ynsanyň we köpçüligiň ösüp özgermegine sebäp bolýandyr ýöne kapyrlyk ynsany we köpçüligi ölüme we ýokluga tarap iterýändir.

2- hak dinini wagyz edip halky öňe tarap çagyrmaklyk zerur işleriň birsidir. Ýöne hak dinini kabul eder ýaly halkyň içinde taýýarlyk bolmasa olardan kän zada garaşmaly däldir we olar haky kabul eder diýen tamaň bolmaly däldir .

3- kapyrlyk we halkyň hakdan ýüz öwürmekleri bizi alyp barýan dogry ýolumyzdan numyt etmeli däldir ýada öz ýolumyzyň dogrulygyna şek etmegimize sebäp bolmaly däldir.

Fater süresi 24-nji aýat :

إِنَّا أَرْسَلْنَاكَ بِالْحَقِّ بَشِيراً وَنَذِيراً وَإِن مِّنْ أُمَّةٍ إِلَّا خلَا فِيهَا نَذِيرٌ (24)

<< dogrudanda biz seni hak bilen buşluk we duýduryş beriji edip iberdik we (senden ozal) hiç bir ymmat bolan däldir meger olaryň arasynda hem gorky beriji (pygamber) bolandyr .>>

Gurhan kerim , kapyrlar we möminler hakynda bolan öňki aýatlaryň dowamynda bu aýatda pygamberleriň asly borjuna yşarat edip aýdýar : hak bilen halky dogry ýola hedaýat etmeklik ýagşy ynsanlara buşluk berip telek adamlara duýduryş bermeklik bütin pygamberleriň borjy bolandyr, olar deslap dogry ýoly görkezip soň dogrulygyň we egriligiň soňy barada dogry gezseň serpaý we egri gezseň azabyň berilýänligi barada halka duýduryş berýändirler. pygamberler bu iş bilen hem ynsanlary ýagşy işlere tarap çagyryp olary telek işlerden alyp galýandyrlar. halky dogry ýola salmakda pygamberleriň köplenç  jedelkeş kapyrlar bilen ýüz be ýüz bolanlyklary üçin Gurhan kerim bu aýatlarda pygamberleriň borjy hökmünde olaryň ynsanlara duýduryş we gorky bermekleri barada köpräk nygtandyr.

Hawa, Alla tagala ynsanlary telek ýollardan alyp galmak üçin olaryň eden etmişleriniň ýaramaz netijeleri barada duýduryş  bermekligi öz pygamberlerinden isländir.

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- gorky bermek buşluk bermegiň ýanynda gowy netijäni çykarýandyr. diňe buşluk berip ýada diňe gorky berip ynsanlary dogry ýola getirip bolmaz . bular bir-birleriniň ýanynda peýdalydyrlar.

2- gapyllyk belasyna uçran köpçülik buşlukdan beter duýduryşa mätäçdir.

3- Taňry tagala ýer ýüzüni hüjjetden boş eden däldir Allanyň sargydyny halka ýetirmek üçin elmydam ýer ýüzünde ylahy öwliýalar bolandyrlar.

Fater süresi 25 we 26-njy aýatlar :

وَإِن يُكَذِّبُوكَ فَقَدْ كَذَّبَ الَّذِينَ مِن قَبْلِهِمْ جَاءتْهُمْ رُسُلُهُم بِالْبَيِّنَاتِ وَبِالزُّبُرِ وَبِالْكِتَابِ الْمُنِيرِ (25) ثُمَّ أَخَذْتُ الَّذِينَ كَفَرُوا فَكَيْفَ كَانَ نَكِيرِ (26)

<< egerde saňa ýalançy diýýän bolsalar olardan ozalkylar hem (öz pygamberlerini) ýalançy bilendirler. ol pygamberler aýdyň deliller we mugjyzalar bilen şeýlede nur saçýan kitaplar bilen olaryň üstüne iberilipdiler// soň , kapyrçylyk edenleriň ýakasyndan ýapyşdyk . bes meň jyzam nähilidi .>>

Gurhan kerim öňki aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda yslam pygamberine ýüzlenip aýdýar: egerde Mekgäň müşrikleri seniň çakylygyňy kabul etmän seni inkär edýän bolsalar geň ýada kyn görme bu zat geçen ymmatlarda hem bolandyr geçen kowumlar hem pygamberler bilen ýüz be ýüz bolanlarynda olaryň aýdyň delillerine mugjyzalaryna hatda asmanlyk kitaplaryna üns bermän olary inkär etdiler we olary ýalançy bildiler olar öz ata- babalarynyň ýalňyş ýollaryna eýerip şol ýoluň täsibini çekmek bilen pygamberleriň getiren hak ýollarynyň öňünde durdylar şonuň üçin hem olar ahyrda Allanyň gahar- gazabyna giriftar bolup olaryň ýaşaýyşlary özgelere sapak boldy.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1-pygamberleriň kelamy hakdyr we olar aýdyň deliller bilen halky Allanyň ýoluna tarap çagyrýandyrlar .

2- haky düşünip onsuň ony inkär etmeklik Allanyň gahar- gazabynyň inmekligine sebäp bolandyr.

3-Allanyň gahar- gazaby diňe ahyrete mahsus däldir eýsem şu dünýäde hem Allanyň gahar- gazabynyň bir milletiň başyna inmegi mümkindir.

 

/////////////