Aug 25, 2018 19:27 Asia/Ashgabat

bölüm, 795,süre, fater, aýat 27-30

برنامه راهی بسوی نور( (795

 

Fater süresi, 27 we 28-nji aýatlar

أَلَمْ تَرَ أَنَّ اللَّهَ أَنزَلَ مِنَ السَّمَاءِ مَاءً فَأَخْرَجْنَا بِهِ ثَمَرَاتٍ مُّخْتَلِفاً أَلْوَانُهَا وَمِنَ الْجِبَالِ جُدَدٌ بِيضٌ وَحُمْرٌ مُّخْتَلِفٌ أَلْوَانُهَا وَغَرَابِيبُ سُودٌ (27) وَمِنَ النَّاسِ وَالدَّوَابِّ وَالْأَنْعَامِ مُخْتَلِفٌ أَلْوَانُهُ كَذَلِكَ إِنَّمَا يَخْشَى اللَّهَ مِنْ عِبَادِهِ الْعُلَمَاء إِنَّ اللَّهَ عَزِيزٌ غَفُورٌ (28)

<<>>

Gurhan kerim bu aýatlarda hem bu süräniň deslapky aýatlary ýaly Allanyň birligine delalat edýän aýatlara yşarat edip aýdýar: ynsanlaryň, ösümlikleriň , haýwanlaryň şeýlede beýleki närseleriň dürli görnüşlerini Alla ýaradandyr we bu närseleriň dürli görnüşleriniň bolmagy barlygyň gözelligini görkezýändir, dünýäniň ökde suratkeşleri öz çekýän suratlaryny iň gözel suratda çekjek bolsalar tebigatdan ylham alýandyrlar. Ýene bir ybaratda Alla tagala ynsany we tebigaty şeýle bir gözel suratda ýaradandyr weli hünärmen , sungatçy adamlar öz hünärlerini görkezmekde şol gözellikden ylham alýandyrlar. Onsoňda tebigatdaky elwan reňkli we datly miweler ýaradylyşdaky Alla tagalanyň gudratyny görkezýändirler. Ýaradylyşdaky Alla tagalanyň gudratlarynyň ýene bir görnüşi ne isi we nede reňki bolan ýagyşdan elwan reňkli we dürli isli miweleriň we gülleriň emele gelmegidir. Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda alymlaryň üstine düşýän agyr jogapkärçilige yşarat edip aýdýar: ýaradylyşyň azamatyna göz ýetiren adamlar Allanyň gudratyna göz ýetirip şol azamatyň garşysynda boýun egýändirler we Allanyň garşysynda paýlaryna düşýän borçlarynda dogry tapyljak bolup tagalla edýändyrlar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- Allanyň gudratynyň nyşanalarynyň biriside Allanyň bir toprakdan we bir suwdan dürli reňkli we tagamly miweleri ýaratmagydyr.

2-ynsanyň we tebigatyň dürli reňklerde ýaradylmagy Allanyň gudratyny görkezýändir.

3-ynsan ýaradylyşyň syrlaryna göz ýetirmek bilen we ägälik tapmak bilen Alladan gorkmalydyr bu ägälik ynsanyň menliklenmegine dälde eýsem onuň gorkmagyna sebäp bolmalydyr.

 

Fater süresi, 29 we 30-njy aýatlar:

إِنَّ الَّذِينَ يَتْلُونَ كِتَابَ اللَّهِ وَأَقَامُوا الصَّلَاةَ وَأَنفَقُوا مِمَّا رَزَقْنَاهُمْ سِرّاً وَعَلَانِيَةً يَرْجُونَ تِجَارَةً لَّن تَبُورَ (29) لِيُوَفِّيَهُمْ أُجُورَهُمْ وَيَزِيدَهُم مِّن فَضْلِهِ إِنَّهُ غَفُورٌ شَكُورٌ (30)‏

<<>

Gurhany kerimiň geçen aýatlarynda alymlaryň taňry tagaladan gorkmaklaryna yşarat etdik. Gurhany kerim şol aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda aýdýar: Alladan gorkmaklyk Allanyň rahmatyna umytly bolmak bilen hemradyr. Allanyň rahmatyna umytly bolmak bendäniň günäleriniň geçilip serpaýa düş bolmakna sebäp bolýandyr. Elbetde amalsyz arzuw boş arzuwdyr we Allanyň hekmetine hem jebis gelýän däldir, arzuw hökman amal bilen hemra bolmalydyr, şonuň üçin hem Gurhany kerim bu aýatlarda aýdýar: dünýäde namaz okap kitap okap amal ähli bolan adamlar Allanyň rahmatyna we ýalkawyna umydygär bolup bilerler bu hili adamlar Allanyň bendeleri bilen hem gowy arabaglanşyk saklap öz mallaryndan mätäç adamlara ynfak edýändirler.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1-ylym- bilimiň bir özi ýeterlik däldirde eýsem ylym- bilimiň ýanynda ybadat hem gereklidir.

2-öz mal-mülkümizden Allanyň ýolunda harç edip halka kömek edip bilsek zyýankär bolmarys eýsem peýdaly söwda etdigimiz bolar, bu söwda biziň ylym- bilimmizi, baýlygymyzy we abraýmyzy gorajakdyr.

3-sadakasyz we ynfaksyz namaz ýene bir ybaratda  binamazyň ynfaky we sadakasy peýda bermez.

4-egerde bar zatlarymyzy Alladan bilsek mätäç adamlara sadaka bermekde elimiz açyk boljakdyr.

5-bagtyýarlyga umydygär bolmaklyk ýagşy amal bilen hemra bolmalydyr ýogsa bu zat bir boş arzuwdyr, Ham hyýaldyr.

 

///////////////