Aug 25, 2018 19:33 Asia/Ashgabat

bölüm, 796,süre, fater, aýat 31-35

برنامه راهی بسوی نور( (796

Fater süresi, 31 we 32 nji-aýatlar :

وَالَّذِي أَوْحَيْنَا إِلَيْكَ مِنَ الْكِتَابِ هُوَ الْحَقُّ مُصَدِّقاً لِّمَا بَيْنَ يَدَيْهِ إِنَّ اللَّهَ بِعِبَادِهِ لَخَبِيرٌ بَصِيرٌ (31) ثُمَّ أَوْرَثْنَا الْكِتَابَ الَّذِينَ اصْطَفَيْنَا مِنْ عِبَادِنَا فَمِنْهُمْ ظَالِمٌ لِّنَفْسِهِ وَمِنْهُم مُّقْتَصِدٌ وَمِنْهُمْ سَابِقٌ بِالْخَيْرَاتِ بِإِذْنِ اللَّهِ ذَلِكَ هُوَ الْفَضْلُ الْكَبِيرُ (32)

<< kitapda wahyý eden zadymyz, mundan ozalky kitaplary we haky tassyklaýan zatdyr. Şeksiz Alla öz bendeleriniň (ýagdaýyndan) habarly we ägädir .// soň bu kitaby öz saýlan bendelerimizden bir toparyna miras edip berdik , olardan käleri öz nefslerine sütem edendirler we käleri hem aramyýanadyrlar we käleri hem Allanyň ezin bermegi bilen ýagşylyklarda öňteleýändirler . bu ( bolsa Allanyň öz bendelerine bolan) uly pazlydyr.>>

Gurhan kerim geçen gepleşigiň aýatlarynda , asmanlyk kitaby talawat edip onuň aýdanlaryny etmek barada gürrüň berdi . gurhan kerim şol aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda aýdýar : gurhan diýlip yslam pygamberiniň ýüregine wahyý bolan zatlar hak sözdir, sebäbi ol sözler hakykatyň çeşmesi bolan Allanyň tarapyndan yslam pygamberine wahyý bolandyr we özüde ynsanyň aklyna we pitretine jebis gelýändir . mundan aýry yslam pygamberine wahyý  bolan gurhan kitaby mundan ozal beýleki pygamberlere inen asmanlyk kitaplary tassyklaýandyr we olara hem iman getirmekligi Alla iman getirmekligiň bir bölegi bilýändir . gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda hem aýdýar : musulmanlar we yslamy ymmat Alla we yslam pygamberine ,iman getirenlikleri üçin beýleki adamlardan saýlanýandyrlar we olar gurhanyň mirasdüşeridirler oňa görä olar gurhany dogry düşünip oňa amal etmek ugurda tagalla etmelidirler ýöne gynanç bilen olaryň bir topary özlerine sütem edip gurhandan aralaryny açandyrlar . şol bir wagt musulmanlaryň bir topary hem gurhana eýerip ony il içinde rowaç bermek ugurda zähmet çekýändirler. Rowaýatlarda gelşine görä , yslam pygamberiniň ähli beýti gurhan kerimi halk arasynda ýaýratmaklykda öňteleýän ynsanlardyrlyr. olar beýleki musulmanlaryň ýolbaşçylary hasaplanýandyrlar .

Guran kerimiň bu aýatlarynyň öwretýän sapaklary :

1- gurhan kerimiň sözi hakdyr we onda boş gürrüň bolmaz. gurhanyň aýatlary edil hakykat esasyndadyr oňa görä gurhanyň aýatlaryna üýtgemeklik bolmaz .

2- asmanlyk kitaplar we ylahy pygamberleriň hemmesi bir maksady yzarlandyrlar şonuň üçin hem olar bir birlerini tassyklandyrlar .

3- gurhandan we onuň magaryflaryndan ýüz öwürmeklik Allanyň ýada onuň resulunyň hakynda sütem etmeklik däldir eýsem öz hakyňda sütem etmeklikdir .

4- ýagşylyk etmeklikde öňteleýän ynsanlar gurhan magaryfynyň mirasdüşeri hasaplanýandyrlar .

Fater süresi 33,34 we 35-nji aýatlar :

جَنَّاتُ عَدْنٍ يَدْخُلُونَهَا يُحَلَّوْنَ فِيهَا مِنْ أَسَاوِرَ مِن ذَهَبٍ وَلُؤْلُؤاً وَلِبَاسُهُمْ فِيهَا حَرِيرٌ (33) وَقَالُوا الْحَمْدُ لِلَّهِ الَّذِي أَذْهَبَ عَنَّا الْحَزَنَ إِنَّ رَبَّنَا لَغَفُورٌ شَكُورٌ (34) الَّذِي أَحَلَّنَا دَارَ الْمُقَامَةِ مِن فَضْلِهِ لَا يَمَسُّنَا فِيهَا نَصَبٌ وَلَا يَمَسُّنَا فِيهَا لُغُوبٌ (35)

<<( olaryň serpaýy ) hemişelik behişte girmeklikdir , ol ýerde olar , altyn – merwerden ýasalan bizelikler bilen bezelip egin – eşikleri hem Härirden bolar // ( olar bu zatlary görüp ) : biziň başymyzdan gam- gussany aýran Alla hämdi senalar bolsun, dogrudanda biziň rebbimiz ýalkawjy we gadyrdandyr diýip aýdarlar .// öz pazlyndan bizi hemişelik saraýda ( ol saraýki ) onda ne renj bar we nede sökellik bar, onda şeýle bir saraýda bizi ýerleşdiren alla ( hämdi senalar bolsun ) diýip aýdarlar.>>

Gurhan kerim geçen aýatlarda yslam ymmatyny Üç topara bölüp : musulmanlar ýa özlerine sütem edýändirler ýada haka eýerýändirler ýada beýleki musulmanlaryň ýolbaşçylarydyrlar diýip aýdýar gurhan kerim şol aýatlaryň dowamynda ham bu aýatlarda musulmanlaryň ikinji we üçünji toparlaryny serpaý bilen buşlap olara kyýamatda behiştden serpaý beriljekdigini aýdýar .

Şeýlede gurhan kerim bu aýatlarda behiştiň ýöriteliklerini açyklap ol mekanyň gözelliginden we ol ýerde gözel adamlaryň gözel egin eşikler bilen ýaşajakdyklaryny şeýlede ol ýerde gamyň we hassalygyň bolmajakdygyny aýdýar . elbetde şu hili mekanda ýaşajak ynsanyň ýaşaýyşynda gam-gussaň bolmajakdygy we renj we howpdan azat boljakdygy tebigy bir zatdyr .

Dogrusy dünýäde iki zat ynsanlary renje salyp olaryň tukatlygyna sebäp bolýandyrlar bu zatlaryň biriside ynsanyň öz elindäki nygmatlara we hoşluklara, endik etmegi ikinji zat bolsa ynsanyň , öz elindäki hoşluklary elden bermeklikden gorkyda ýaşamagy, dogrusy bu zatlar ynsanyň öz ýaşaýyşyndan dogry hezil alyp bilmegine böwet bolýandyrlar . ýöne kyýamatda bu zatlar ýokdur ýagny behişte giren mömin ynsanyň erkinde şeýle bir dürli naz-nygmatlar goýlandyr weli ola şol nygmatlara hergiz endik etýän däldir eýsem dürli dürli nygmatlar olaryň erkinde goýlandyr şeýlede behiştde bolýan mömin adamyň ýüregine : men bu nygmaty elden bererin diýen gorky hergiz düşýän däldir oňa görä ol bende , behiştde arkaýynlykda Allanyň beren nygmatlaryndan peýdalanýandyr. Behiştde şeýle bir nygmatlara gabat gelen ynsanlar , ol nygmatlary özleriniň dünýäde eden ýagşy işleriniň netijesi dälde eýsem Allanyň öz pazyly kereminden bagyş eden nygmatlary bilip alla hämdi senalar ýadýandyrlar şeýdipde öz gadyrdanlyklaryny bildirýändirler.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- Allanyň razylygyny gazanmak üçin dünýäň haram hezilliklerinden gözlerini ýuman ynsanlar kyýamatda hemişelik nygmata gabat gelip behiştden serpaý aljakdyrlar .

2- behiştde jysmyň asudalygy ruhyň asudalygy bilen hemra boljakdyr . emma bu dünýäde dürli naz , nygmatlardan paýly bolup ruhlary azapda bolan baý adamlar az däldirler .

3- Taňry tagala öz bendesiniň hatasyny ýalkap onuň ýagşy işlerini görmek bilen oňa näçe esse serpaý berýändir oňa görä biz ynsanlar hem özümizde şu häsiýeti döretjek bolup tagalla etmelidiris .

4- behişt ähli , behiştiň nygmatlaryny özleriniň dünýäde eden ýagşy işleriniň netijesi dälde eýsem Allanyň öz pazyly kereminden bagyş eden zatlary bilýändirler.

 

/////////////