bölüm,696,süre kasas,aýat 5-8
bölüm,696,süre kasas,aýat 5-8
برنامه راهی بسوی نور(696)
Kasas süresi, 5 we 6-njy aýatlar:
وَنُرِيدُ أَن نَّمُنَّ عَلَى الَّذِينَ اسْتُضْعِفُوا فِي الْأَرْضِ وَنَجْعَلَهُمْ أَئِمَّةً وَنَجْعَلَهُمُ الْوَارِثِينَ (5) وَنُمَكِّنَ لَهُمْ فِي الْأَرْضِ وَنُرِي فِرْعَوْنَ وَهَامَانَ وَجُنُودَهُمَا مِنْهُم مَّا كَانُوا يَحْذَرُونَ (6)
<< biz ýer harlanan ynsanlara nygmat berip olary (başgalara) ýolbaşçy etmegi we olary özümize mirasdüşer etmegi yrada etdik .// (şeýlede ) olara ýer ýüzünde baýlyk bagyş etmegi we Fyrown-dir Hamana we olaryň goşunlaryny we howp edýän zatlaryny (gudrat) görkezmegi yrada etdik.>>
Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Alla tagla hezreti Musa (a.s) Fyrownyň üstüne baryp Fyrowny Beni ysraýyl kowumuny sütem etmekden alyp galmagy bürdi. Sebäbi Fyrown dürli bahanalar bilen Beni ysraýyly sütem edip olaryň erkeklerini öldürýärdi we zenanlaryny bolsa gyrnak edýärdi. Gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda aýdýar : Fyrown elmydama häkimiýet başynda bolup islän zadyny edip bilerin öýtdi, Fyrown, Taňry tagalaň –islese- zalymlary we ezijileri şu dünýäde hem jezalandyryp ezilen ynsanlary beýgeldip olara şu dünýäde häkimiýet bagyş edýändigini bilmeýärdi.
Fyrown we onuň weziri Haman Beni ysraýyl kowumunyň aýaga örmeklerinden gorkup elmydam olary horlap olary ýaramaz ýagdaýda saklaýardylar olaryň edermen ýigitlerini öldürýärdiler . emma şonda-da Fyrown we onuň ýanyndaky adamlaryň gorkýan ,zatlary Allanyň yradasy bilen olaryň başyny geldi we Beni ysraýyl kowumy hezreti Musa (a.s)yň ýolbaşçylygynda Fyrowna üstem çykyp olaryň baýlyklaryny we köşgi- eýwanlaryny eýe boldular.
Elbetde Allanyň şeýle bir zady yrada etmegi delilsiz däldir, egerde bir millet zalymlaryň tersine aýaga örüp hereket etseler Alla hem olary goldap olara üstünlik bagyş edýändir bu üstünlik Allanyň ber karar edip goýan ylahy kadasy esasynda ýüze çykýandyr şol kada esasynda hem her bir millet öz ykbalny özi belli edýändir we egerde bir millet öz ykbalyny üýtgetjek diýip alada etmese özüni zähmete düşürmese onuň ykbalyda üýtgeýän däldir .
Yslamy rowaýatlar esasynda , ahyrzaman bolanda yslam pygamberniň neslinden hezreti Mäti diýen bir ynsan aýagy örjekdir we ýer ýüzünde adalaty berkarar etmek üçin mazlumlaryň kömegi bilen zalymlary sýndaryp bir adyl hökümetiň düýbini tutjakdyr.
Gurhany kerimi bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- Alla tagala zalymlaryň synmaklary bilen mazlumlaryň gudrat başyny geçmeklerini isleýändir.
2- zalymlaryň häkimiýetler milletlere hökmürowanlyk etmek üçin we olary ezmek üçin deslap edermen ynsanlary basgylaýandyrlar .
3- ahyr soňda mazlumlar we ezilen ynsanlar dünýä eýe boljakdyrlar bu hakykaty Allanyň özi buşlandyr.
4- ezijiler we sütemkär häkimler şu dünýäň özünde hem eden etmişleriniň netijesini görüp möminler we mazlumlar tarapyndan har we zelil boljakdyrlar.
Kasas süresi, 7 we 8-nji aýatlar:
وَأَوْحَيْنَا إِلَى أُمِّ مُوسَى أَنْ أَرْضِعِيهِ فَإِذَا خِفْتِ عَلَيْهِ فَأَلْقِيهِ فِي الْيَمِّ وَلَا تَخَافِي وَلَا تَحْزَنِي إِنَّا رَادُّوهُ إِلَيْكِ وَجَاعِلُوهُ مِنَ الْمُرْسَلِينَ (7) فَالْتَقَطَهُ آلُ فِرْعَوْنَ لِيَكُونَ لَهُمْ عَدُوّاً وَحَزَناً إِنَّ فِرْعَوْنَ وَهَامَانَ وَجُنُودَهُمَا كَانُوا خَاطِئِينَ (8)
<< we biz Musaň enesine “ oňa süýt ber we haçanda ( Fyrownyň tarapyndan oňa howp ýetişer diýip ) gorksaň ony ( bir sandykda goýup) derýa taşla we gorkma we ( ony elden berýärin diýip ) gam bolma , biz ony gaýdyp saňa gowşurarys we ony pygamberlerden aýlandyrarys” diýip ylham etdik// soň Fyrownyň adamlary ony (Musany suwdan ) aldylar ta ahyr soň (Musa) olaryň duşmany we gaýgy-gussasy bolar ýaly. (sebäbi) Fyrown we Haman we olaryň adamlary we goşunlary günäkär adamlardylar.>>
Hezreti Musa(a.s)yň dogluşuny we ondan soň ýüze çykan ýagdaýlary beýan edýän Gurhany kerimiň bu aýatlary mazlumlary zalymlaryň garşysynda goldamak baradaky kadany ýene bir gaýtar ýatlaýandyr.
Fyrownyň ýanyndaky Kähinler Beni Ysraýyl kowumundan bir çaganyň basymlykda dünýä injekdigini habar berdiler, şeýlede olar bu çaganyň Fyrownyň hökümetni syndarjakdygny aýtdylar. Şonuň üçin Fyrown şeýle bir ýagdaýyň öňüni almak üçin Beni ysraýylyň arasynda dünýä gelýän erkek çagalaryň bir ujundan öldürilmeklerine buýruk berdi. Hezreti Musa dünýe gelen mahaly onuň enesi Fyrownyň bu buýrugyndan gorka duşdy , şonda Taňry tagala oňa ylham edip “çagany, süýt bermekden soň bir sandygyň içinde goýup Nil derýasyna taşlamagyny” isledi we Alla , Musany özüniň gorajakdygyny aýtdy.
Şonda hezreti Musa(a.s)yň enesi aýdylşy ýaly edip Musany bir sandygyň içindä Nil derýasyna oklady , aýry bir tarapdan hem Nil derýasynyň ýakasyna gezelenje çykan Fyrown we onuň başdaşy , suwuň ýüzünde bir sandygy gördiler. Fyrown “sandygy suwdan alyň” diýip öz nökerlerine buýruk berdi .sandygy suwdan alyp görseler onuň içinde bir çaga bar . olar bu çaga bilen nätjeklerini bilmediler sebäbi belli bolşundan bu çaga Beni Ysraýyl kowmundan bolmaly we onuň enesi bu çagany ölümden halas etmek üçin ony suwa taşlan bolmaly. Fyrown bu çagaň Beni Ysraýyldan bolmagyny guman etse-de ýöne onuň çagasy bolmaýardy we Fyrownyň başdaşy bolan Asiýanyň ýüregi çaga küýseýärdi, indi ol çaga bolsa bir sandyk bilen olaryň ýanyna gelipdi . şeýlelik bilen bu çaga Asiýaň mähri siňdi. Dogrusy täze dünýä gelen Musany suwa taşlamaklyga onuň enesiniň razy bolmagy we indi hem Fyrownyň başdaşy Asiýanyň bu çaga mähriniň siňmegi, bu zatlaryň hemmesi Allanyň yradasy we islegi bilen bolýardy. şeýlelik bilen hezreti Musa(a.s) ulalan-da Fyrownyň hökümetni syndaryp biler ýaly onuň ýanynda arkaýynlykda we asudalykda ulalyp kemala ýetdi .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- kynçylyklarda we ýowuz ýagdaýlarda Alla tagala möminleriň ýakyn hemaýatçysydyr we olara ýol görkezýändir.
2-Allanyň gaýypdan medet bermegi, ynsanyň maddy mümkinçiliklerden haýyrlanmagy bilen ters gelýän däldir. Biz işlerde Allaga töwekgel edýän bolsak-da hökman töweregimizdäki maddy mümkinçilikleri işä alyp öz borjumyzda dogry tapylmalydyrys, şonda Alla hem gaýypdan bize medet berjekdir.
3-Allanyň beren buýruklarynyň köpüsiniň delilni we hekmetini bilmeýäris ýöne şondada biz olary ýerine ýetirmekde keýeňlik etmeli däldiris , sebäbi Allanyň buýruklarynyň hiç birisi hekmetsiz däldir.
/////////////