Aug 25, 2018 19:37 Asia/Ashgabat

bölüm, 797,süre, fater, aýat 36-38

برنامه راهی بسوی نور( (797

Fater süresi, 36, 37 we 38-nji aýatlar:

وَالَّذِينَ كَفَرُوا لَهُمْ نَارُ جَهَنَّمَ لَا يُقْضَى عَلَيْهِمْ فَيَمُوتُوا وَلَا يُخَفَّفُ عَنْهُم مِّنْ عَذَابِهَا كَذَلِكَ نَجْزِي كُلَّ كَفُورٍ (36) وَهُمْ يَصْطَرِخُونَ فِيهَا رَبَّنَا أَخْرِجْنَا نَعْمَلْ صَالِحاً غَيْرَ الَّذِي كُنَّا نَعْمَلُ أَوَلَمْ نُعَمِّرْكُم مَّا يَتَذَكَّرُ فِيهِ مَن تَذَكَّرَ وَجَاءكُمُ النَّذِيرُ فَذُوقُوا فَمَا لِلظَّالِمِينَ مِن نَّصِيرٍ (37) إِنَّ اللَّهَ عَالِمُ غَيْبِ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ إِنَّهُ عَلِيمٌ بِذَاتِ الصُّدُورِ (38)

<< kapyrçylyk edýänlere Dowzahyň oduny taýýarladyk , olaryň gazalary ýetip ne ölerler we nede olaryň azaby kemeler şu hili kapyrlyk edýänleriň hersine jeza bereris .// we olar ol ýerde ýalbaryp ýowzarmak Bilen: bar hudaýa ! mundan ozal eden etmişlerimiziň tersine ýagşy işler eder ýaly bizi ( bu ýerden ) çykar diýip aýdarlar . ( olaryň jogabynda ): size ömür bermedikmi şol ömürde täzäkkür ähli zikir eder ýaly ? we siziň üstüňize duýduryş beriji gelmedimi? Onda indi ( Dowzahyň azabyny ) dadyň we sütemkärlere hemaýatçy bolmaz dilip aýdylar .// dogrudan hem Alla asmanyň we ýeriň içinden habarlydyr we ol şübhesiz ýüreklerdäki syrlary bilýändir.>>

Geçen gepleşigiň aýatlarynda gurhan kerim ýagşy adamlara we mömin ynsanlara Taňry tagalanyň uly serpaý berjekdigini aýtdy . gurhan kerim bu aýatlarda kapyrlara beriljek azaplardan gürrüň edýär . dini medeniýetde we dini düşünjede kapyr damdan maksat , haky tanap ony inkär edýän adamdyr. Şeýlede kapyr adam haky tanap biler ýaly özüniň erkinde bolan mümkinçiliklerden peýdalanýan ynsandyr . asla ol , haky tanaýyn diýip özüni azara oklaýan däldir ýene bir ybaratda kapyr sözüň manasy haky basyrmaklykdyr . şonuň üçin hem kapyr dam özüniň maddy we şähwany isleglerine ýetjek bolup haky aýak aşakda goýýandyr.

Elbetde köpçülikde käleriň öz şahsy bähbitleri üçin haky inkär edip özlerine we köpçülige sütem etmekleri bir tebigy zatdyr. Bu hili ynsanlar allanyň gazabyna sezewardyrlar sebäbi Taňry tagala ynsanlary belli bir maksat üçin ýaradandyr we olara her bir işi etmeklerine rugsat beren däldir . indi her kim Allanyň belli edip goýan ýolundan hereket etmese ol şübhesiz Allanyň gazabyna giriftar bolup heläk boljakdyr .

Gurhan kerim bu aýatlarda haky inkär edýänlere soňky delili beýan edip: olar , dünýäde her näme iş etsek jogaby ýokdur diýip güman etmesinler elbetde Alla tagala bu dünýäde ynsanlaryň elini açyk goýandyr we olar her näme etjek diýseler edip bilerler emma olaryň amallarynyň özüne mahsus yz-gelimleri bolar, elbetde kä wagtlarda ynsanlaryň eden etmişleriniň netijesi şu dünýäde olaryň ýakalaryndan ýapyşýandyr emma kyýamatda ýagdaý başgaça bolar we şol ýerde ynsanlar hökman özleriniň ýagşy , ýaman işleriniň netijesini görerler ýagşylyk eden bolsalar serpaý alarlar we ýaman iş eden bolsalar hem jeza görerler .

Taryh boýunda Çäňgiz , Hitler we Sätdam ýaly jenaýatkär adamlar köp jenaýatlary edip köp ynsanlary gyrana berdiler. Gurhan kerim hem bu aýatlarda : kyýamatda Dowzahda azap çekýän ynsanlara ölüm bolmaz olar hemişelik azapda bolarlar we olaryň azaby kemelmez we olar dünýäde eden etmişlerine görä azap görerler diýip aýdýar.

Allanyň kyýamatda günäkär we jenaýatkär adamlara azap bermegi adalat esasyndadyr günäkär damlara ne zyýada we nede kem azap berilmez olar öz amallaryna görä azap görerler . bir günäkär adamyň nä mukdarda azap görmelidigini bolsa Alla öz ylmy bilen belli edýändir sebäbi Alla hemme zatdan habarlydyr. Alla ynsanyň içinden we daşyndan şeýlede dünýäde bolup geçýän barça zatlardan habarlydyr .

Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda günäkär adamlaryň kyýamatda Alladan özleriniň dünýä dolandyrylmaklaryny haýyş edýändiklerine yşarat edip : olar dünýäde ýagşy iş diýip güman eden zatlarynyň telek işlerdigine we telek diýen işleriniň hem ýagşy işlerdigine kyýamatda göz ýetirerler diýip aýdýar. Günäkärleriň bildirýän bu isleglerine Allanyň we Dowzahyň garawullarynyň jogaby bir zat bolar olda : indi size dolanmak bolmaz , siz dünýäde bolan ýyllaryňyzda hak bilen nahaky saýgaryp hakyň yzyna duşup bilerdiňiz biziň ilçilerimiz we öwliýa adamlar hem size aýtmaly zatlary aýtdylar ýöne siz gulak bermediňiz indi hem sizi dünýä gaýtarmak bilen siziň ýagşy iş edäýjeňiz gümanadyr dilip Dowzah ähline aýdylaýar .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- kapyrçylyk bir hili nygmatlary görmän oňa näşükürlik etmeklikdir . nygmatlaryň şükrüni berjaý kylmaýan ynsanlar bir hili kapyrçylyk edýändirler .

2- dünýäň ýüzündäki jenaýatkärleriň we zalymlaryň hemmesi bir gün puşman bolup ýalbaryp ýowzarjakdyrlar ýöne olaryň bu işi olara peýda bermez .

3-jenaýatkär adama delil we hüjjet beýan bolany soň , oň eden etmişlerine adalat esasynda ýetişiklik etmelidir we azabynyň we jyzasynyň kemelmegi barada bildirýän isleglerine üns bermeli däldir .

4- ynsan öz ömrüni gaflatda geçirmeli däldir eýsem ybadat we sogap üçin öz  ömründen haýyrlanmalydyr.

5- ömrüňi gaflatda geçirmeklik we ömrüňden dogry haýyrlanmazlyk aslynda bir hili özüňe  jepa etmeklik hasaplanýandyr.

6-din taglymatynda özgelere sütem etmeklikden beterräk zat öz nefsiňe sütem etmeklik we öz ukyplaryňy we akyl- paýhasyňy köýdürmeklikdir. sebäbi ynsanyň başarnyklary we ukyplary Allanyň her bir ynsana bagyş eden amanatlarydyr.

 

////////////